ilhano_va
12.02.2024 19:51
Tylla saçlaryny ýaýdy ikindi,
Seň ýoluňa şo-ol garadym oturdym.
Bu durmuş düýş bolup duýulmaz indi,
Sen ýene kalbyma şowhun getirdiň.

Häzir başga birin salsa-da ýada
Şapaga boýalan galňas köýnegiň,
Gowsy sen barlygyn aňma dünýäde
Öň bir köýüp, soň ýene-de söýmegiň.

Saçlarmy ýat elleň sypanyn duýup,
Diýäýme: “Baryny gürrüň bersene,
Menden öňem birin söýdüňmi?” diýip,
Soraýma, soraýma, ýalbarýan saňa.

Duýulmasyz zatlar duýulman galsyn,
Soralmasyz zatlar galsyn soralman.
Nämä geregi bar bir şowsuzlygy
Ýene-de bir gaýtaladyp ar almaň.

Arzuwly günlerden gürrüň açaly,
Ynan bagtlydygňa, ýürekden söý sen.
Aýdylmasyz zatlaň ýitsin açary,
Bilinmän galýan zat azmy nä eýsem?!

Atajan Annaberdiýew
22
32
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.