idealis kiz
15.05.2023 19:02
Bir orta bilim berýän mekdebiň sylanýan mugallymy sapak wagty okuwçylaryna “Meniň size bir teklibim bar” diýipdir-de, olardan “Siz durmuş barlag tejribesini geçirmek isleýärsiňizmi?” diýip sorapdyr. Okuwçylaryň hemmesi bir agyzdan “ bolýa-da, bolýa” diýişip ikirjeňlenmän, mugallymyň teklibini kabul edipdirler. “Siz razy bolsaňyz, barlag tejribesi tamamlanýança men näme diýsem etmäge söz beriň” diýýär. Okuwçylar mugallym bilen razylaşýarlar. Mugallym: “Size tabşyrjak ilkinji zadym: ertir hemmäňiz ýanyňyz bilen 3kg ýeralma bilen torba getiriň” diýýär. Çagalar mugallymyň näme üçin ýeralma getir diýýänine düşünmeselerem, ertesi ýanlary ýeralmadyr torbaly okuwa gelýärler. Mugallym özüne soragly seredip oturan okuwçylara: “ Indiki etmeli zadyňyz: şu çaka çenli kim siziň göwnüňize degen bolsa, sizem bagyşlamadyk bolsaňyz, bir ýeralmaň ýüzüne şol kişiniň adyny ýazyň-da torbaňyza salyň” diýýär. Çagalaryň käsi 6-7 sany, käbiri bolsa ondanam köpräk ýeralmany torbalaryna salýarlar. Mugallym soragly nazarlaryny dikişip oturan okuwçylara ýüzlenip “Bir hepdeläp nirä gitseňiz, torbaňyzam ýanyňyz bilen alyp gidiň. Mekdebe gaýdanyňyzda-da, dogan-garyndaşlaryňyzyňka gideniňizde-de, awtobusa müneniňizde-de ýanyňyzdan aýyrmaň. Hat-da ýatanyňyzda hem ýanyňyzda goýup ýatyň” diýýär. Çagalar mugallymyň näme etjek bolýanyna entegem düşünmeýärler, ýöne bu tabşyrygy bilenem göwünli-göwünsiz razylaşýarlar.
Aradan bir hepde geçip-geçmänkä, mugallym synp otagyna gireninden okuwçylar arz-şikaýatlaryny aýtmaga başlaýarlar :

-Mugallym, torbamyzy hemme ýere äkidip ýörmek ýaman kyn, özem agyr.

-Mugallym, ýeralmalar porsap başlady, bir ýerik gitsek, töweregimizdäkiler bize geň galyp seredýärler.

Mugallym okuwçylaryň aýdanlaryny ýylgyryp diňläninden soň şeýle diýýär: “Görýäňizmi, çagalar meniň size düşündirjek bolýan zadym hem şundan ybarat. Biz göwnümize degen adamlary bagyşlaman, aslynda diňe özümizi jezalandyrýarys. Içimizde agyr, porsy ýüki göterip gezmäge özümizi mejbur edýäris. Bagyşlasak bolsa, olara ýagşylyk etdigimiz diýip pikir edýäris. Aslynda bolsa olary bagyşlamak biziň özümize eden ýagşylygymyzdyr”.
24
339
idealis kiz
14.05.2023 10:23
Siziň pikiriňizçe..?

Bir adamyň eden ýaramaz işiniň netijesinde, ol adama geljekde-de ýaramazçylyk eder diýip bilmeýäris. Eden bir hereketine seredilip, ol adama berlen baha ýalňyşlykdyr.

Garaýyş – bir adama berlen baha ýa-da ol adam hakynda oýlanmadyr. Emma, adamçylyk mundan ybarat däldir.

Adamçylyk – garaýyşlardan has giň manyny berýär. Şol sebäpli-de käbir berlen bahalar adama laýyk bolmaly.

Meselem, ahlak taýdan kemçilik goýberdi diýip, ol adamy sylanşyksyz ýa-da terbiýesiz adam diýip çaklamak dogry pikir däldir!
Tanyş mugallymlarymyň biri şeýle wakany aýdyp berdi. Diňleýji bolup gatnaşan bir seminarymda ýanymda oturan mugallymlaryň birine jaň geldi. Oturanlar jaňyň sesini ýapmanlygy üçin ol mugallyma sylanşyksyz göz bilen garadylar. Soňra ol mugallym zaldan çykdy we gelen jaňa jogap berdi. Soňra hiç zat bolmadyk ýaly ýerine geçip oturdy we özüne söz gezeginiň berilmegine garaşdy. Söz gezegi mugallyma ýetende, oňa biraz öňki gelen jaň bilen birlikde kakasynyň “aradan çykdy” habarynyň gelenligi we şonuň üçin mejbury otagdan çykmaly bolandygyny aýtdy.
Ötünç soranynda, birnäçe minut mundan öň özüni sylanşyksyz hasap eden adamlar tarapyndan gynanç bildirildi.

P.S. Ähli edilen hereketleriň düýp manysyna göz ýetirilmän berlen baha ýalňyşlykdyr.
8
132
idealis kiz
13.05.2023 18:53
Tymsal

— Mugallym, näme üçin maňa kän ýumuş bereňizok, beýleki okuwçylara bolsa täze ýumuşlary yzygiderli berýäňiz? — diýip, okuwçy mugallymdan sorapdyr.
— Saňa jogap bermezden ozal, gel, ikimiz naharlanaly. — Mugallymyň bu teklibine okuwçy höwes bilen razylaşdy. — Ýöne meniň özüm seni naharlajak — diýip, mugallym sözüniň üstüne goşdy.
Okuwçy mugallymyň bu sözüni geňlese-de razylaşdy, sebäbi beýleki okuwçylara seredende mugallym özüne hormat edýändir diýip öz ýanyndan pikir etdi.
Orta saçak ýazyldy, mugallym palawdan bir çemçäni dolduryp, okuwçynyň agzyna saldy. Okuwçy tagamy bal ýaly süýji palawy işdämenlik bilen iýip, ýaňy bir nähili süýji bolan palaw diýip-diýmänkä, mugallym ýene bir çemçäni dolduryp okuwçynyň agzyna saldy. Okuwçy agzyndaky palawy doly çeýnäp ýetişmänkä, agzy ýene palawdan doldy. Näçe çalt iýjek bolsa-da, şonça-da mugallym agzyna çalt palaw saldy. Ahyry okuwçy çydaman agzy doly palaw bilen mugallyma ýüzlenip:
— Mugallym, biz bir ýere gyssanýasmy? — diýdi. — Agzymdakyny iýip ýetişmänkäm, ýene agzyma palaw salýaňyz. Özara gürrüň başynda gyssanman naharlansak bolmazmy?
— Bolýa, ýöne sen beýle bolanda halaňoga — diýip, mugallym jogap berdi.
— Men? Size aýtdymmy? Beýle diýip aýdan däldirin.
— Hawa, ýarym sagat öň aýtdyň.
— Men?
— Elbetde sen. Ýaňy sapakdan soň meniň ýanyma gelip, täze ýumuş soran sen dälmidiň? Öňki beren ýumuşlarymy özleşdirmedik ýeriňe ýene saňa täze ýumuş bersem, edil nahardan doly agza ýene nahar bermek ýaly bolýar. Kän ýumuş almaga gyssanma. Birden ählisini özleşdirip bilmersiň. Akyldarlaryň aýtmagy boýunça, haýaldan gyssan. Şonda durmuşa düşünersiň. Her bir berilýän ýumşy yhlas bilen howlukman ýerine ýetir. Durmuşy kowga öwürme. Durmuşyň tagamyny bil we ondan lezzet al.
29
239
idealis kiz
12.05.2023 21:13
Haçan-da ýagyş ýagandan soňra howada ýakymly ys peýda bolýar. Käbir adamlar bu ysy “ýagşyň ysy” diýip hasaplaýarlar. Ýöne bu beýle däl.
Ýagyş suwdan ybarat. Suwda reňkiň we ysyň ýokdugy bize ozaldan mälim bolsa gerek. Ýagyşdan soňra topragyň gurluşyna we ösümlikleriň görnüşlerine görä dürli yslar emele gelip bilýär. Hut şol sebäpli-de, bu ys möwsüme ýa-da tebigata görä üýtgäp bilýär. Ýagyş ýagmagyny bes edenden soň daşky gurşawda emele gelýän çygly howa sporalary ýokaryk göterýär. Şeýlelik-de, howadan hoşboý, ýakymly bir ys emele gelýär. Ýagyşdan soňky ys geosmin atly himiki maddadyr.
24
282
idealis kiz
10.05.2023 15:35

Zenanlary islendik bir gymmat bahaly sowgat begendirip biler. Emma sowgady mynasyp mukdarda satyn almak, bu adamyň maliýe ukyplylygyny görkezýär. Gül sowgady — iň ýönekeý, özboluşly özüne çekijili güýji bolan täsin bir zat.

Zenanlar gül sowgadyny haýsydyr bir içki lezzet bilen duýýarlar we tüýs ýürekden begenýärler. Ýewropanyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň alymlary gülleriň aýal-gyzlara edýän jadyly täsiriniň syryny açmaga köpden bäri synanyşýarlar. Olaryň köpüsi amaly gözlegleri geçirdiler we netijeleri hakykatdanam täsirli boldy.


G.Rutgers uniwersitetiniň (New Jersey) psihologlarynyň geçiren gözlegleri netijesinde gül sowgadynyň aýal-gyzlary beýleki gymmat bahaly sowgatlardan iki esse köp ýylgyrdýandygyny anykladylar. Olaryň belleýşi ýaly, aýal-gyzlar sowgat hökmünde gül alanynda gandaky oksitosiniň derejesi ýokarlanýar. Bu gormon endorfinleriň bölünip çykmagyna sebäp bolýar. Netijede, ruhy ýagdaý gowulaşýar we ynamsyzlyk peselýär.


Günbatar Britaniýa uniwersitetiniň (Fransiýa) psihology fransuz N.Gegen gülleriň jadyly täsiriniň bardygyny anyklamak bilen şeýle tejribe geçirdi. Oňa 46 sany talyp gyz gatnaşdy we gatnaşyjylara bir hojalykçy oglanyň wideo ýazgysy görkezildi. Ol ýaşaýşy, endikleri, iýmitlenşi barada gürrüň berdi. Gatnaşyjylardan bolsa özüne bolan täsirleri beýan etmegi haýyş edildi. Soňra gyzlaryň topary dürli otaglara girizildi. Toparyň ýarysy adaty otagda, galan ýarysy bolsa gül bilen bezelen otagda pikirleri paýlaşyldy. Gözlegiň netijelerine görä, gülli otagdaky gatnaşyjylar ýigidiň özüne çekijiligine ýokary baha berdiler. Beýleki toparda duýgy işjeňligi ep-esli pesdi. Şeýle hem awtor gülleriň aýal-gyzlaryň ýylgyryş bilen baglanyşykly ýüz myşsalarynyň ýokary işjeňligine sebäp bolýandygyny belläp geçdi. Makala “Social Influence” žurnalynda çap edildi.

Güller duýgularyňy beýan etmek üçin ajaýyp başlangyçdyr.Gül hödürlemek üçin bir sebäp ýa-da bir pursat gözlemegiň zerurlygy ýok. Garaşylmadyk sowgat meýilleşdirilen sowgatdan has duýguly kabul edilýär. Güller durmuşda nämeleriň bolup geçýändigine garamazdan, islendik pursat zenany begendirip bilýär we olarda uzak wagtlap ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Zenanlary begendirip, olary bagtly görmek isleseňiz, gül sowgat ediň!

19
367
idealis kiz
09.05.2023 15:39

Egri sözüň güýji ýok.

***

Edep başy – dil.

***

Göz bilen gör, dil bilen bil.

***

Göni söz ajydyr siňdirgin ony, ertä nepi deger süýjeder seni.

***

Az söz bilen köp many aljak bol.

***

Ajy hem bolsa çyn söz ýagşy.

***

Akylla bir söz besdir, akmaga müň söz hebesdir.

***

Aýdylmadyk gep ýok eşidilmedik gep bar.

***

Gözüňi bek sakla, diliňi bekle.

***

Gep yzarlan bela barar, ýol yzarlan ile barar.

***

Güýçliniň gepi mamla.

***

Gürrüň süýji samança ýok güýji.

***

Dogry söz demirden geçer.

***

Dünýäde iň süýji zat hem dil, ajy zat hem dil.

***

Halk dili bilen doga kyl.

***

Il agzyny ýygyp bolmaz, çelek agzyn bogup bolmaz.

***

Iki gep – bir jady.

***

Köp bil, az sözle.

***

Utanç – gözde, görk – agyzda.

***

Seresap gürleseň, dildir başyň galasy,

Biseresap gürleseň dildir başyň belasy.

21
99
idealis kiz
07.05.2023 09:44
Albert Eýnşteýnden öwrenmeli käbir maslahatlar

# Bilesigelijiligiňiziň yzyndan gidiň.
* “MENIŇ ÝÖRITE BIR ZEHINIM ÝOK, MEN DIŇE ÝOKARY BILESIGELIJI”.

Siziň bilesigeljiligiňizi näme özüne çekýär? Nämäni iň esasy bilesiňiz gelýär? Meniň bilesim gelýän esasy zat käbir adamlaryň başarjaň bolup, käbirleriniň başarjaňlygynyň pesligi.Bu sebäpli ýyllar boýy başarjaň bolmak üçin işledim. Bilesigelijiligiňiziň yzyndan gitseňiz hökman başarjaň bolarsyňyz.

# Tutanýerlilik gymmatly.
* “GATY ZEHINLI BOLANYMDAN DÄL, KYNÇYLYKLAR BILEN IŞLEŞMEKDEN ÝÜZ DÖNDÜRMEDIGIM ÜÇIN BAŞARÝARYN”.

Bir maksat tutup şol maksadyň soňuna çenli gitmäge sabryňyz barmy? Poçta möhürleri örän gymmatly hasaplanýar, çünki olar barmaly ýeriniň soňuna çenli hata ýapyşýar. Poçta möhüri ýaly boluň we başlan işiňizi dynmaga çalşyň.

# Hyýaly güýçler güýç berer.
* “HYÝALY GÜÝÇ HEMME ZATDYR. HYÝALY GÜÝÇ BILMEKDEN HAS ZERUR”.

Hyýaly güýçleriňiz gelejegiňizi kesgitlär.Eýnşteýne görä :” Zehiniň hakyky görkezmesi hyýaly güýçlerdir”.

# Ýalňyşlyk ediň.
* “HIÇ WAGT ÝALŇYŞMADYK ADAM TÄZE BIR ZADY DEŇEMEDIK DIÝMEKDIR”.

Ýalňyşmakdan gorkmaň.Eger bir işe başlamak isleseňiz çekinmäň, ýalňyşlar sizi has uly derejelere alyp gider. Başarjaň bolmak isleýän bolsaňyz ýalňyşmakdan gorkmaň.

# Häzirki wagty ýaşaň.
* “MEN HIÇ WAGT GELJEGI PIKIR ETMEDIM, NÄME BOLSA-DA GELJEKDIR”

Gelejegi taýýarlamagyň ýeke-täk ýoly, esasan häzirki wagt bolmagyňyz.Şu wagt düýni ýa-da ertiri üýtgedip bilmersiňiz. Zerur bolan esasy wagt HÄZIR.

# Möhümlik (zerurlyk) dörediň.
* “IŇ ESASY BAŞARJAŇ BOLMAK ÜÇIN DÄL-DE MÖHÜM BIRI BOLMAK ÜÇIN IŞLÄŇ”.

Wagtyňyzy başarjaň bolmak üçin harçlamaň, zerurlyk döretmäge çalşyň. Eger siz zerur biri bolsaňyz başarjaňlygyň özi size geler.

# Üýtgeşik netijelere garaşmaň.
* “DÄLILIK – ŞOL BIR ZADY GAÝTA-GAÝTA EDIP ÜÝTGEŞIK NETIJÄ GARAŞMAKDYR”.

Durmuşyňyzyň üýtgemegini isleýän bolsaňyz, ilki bilen özüňizi üýtgetmegiňiz gerek.

# Bilmek deňemekden geler.
* “BILMEK MAGLUMAT DÄLDIR, BILMEGIŇ ÝEKE-TÄK ÝOLY DEŇEMEKDIR”.

Bir mesele üstünde işläp bilersiňiz, emma bu size diňe teoretiki, pelsepe düşünjäni gazandyrar. Bir meseläni bilmek isleýän bolsaňyz ony deňäp görmelisiňiz.
35
910
idealis kiz
06.05.2023 09:39

Häzir aýtjak zadym – täze açyşym,

Düşünýän, dilçileň baryna geňdir.

Ýöne her bir goşgyň udel agramam,

Onuň öz göterýän ýüküne deňdir.


Sanly tehnologiýaň ösen mahaly,

Döwrüň pulsun durkuň bilen duýmakdyr.

San bilen zehiniň goşulyşmagy,

Üstünligiň kwadraty diýmekdir.


Şygrym okan köpmi, ýa halan köpmi,

Diýsem soraýarsyň:”Tapawudy nä?”

Şahyryň soňraky üstünlikleri,

Deň şu gatnaşyklaň tapawudyna.


Meger açylandyr ylhamym ýa-da,

Kämilligiň nobatdaky gatydyr.

Hasap-hesip bilen ýazmaklyk, belki,

Eýnşteýn ataňam nesihatydyr.


Agramly bir goşgy ýazdym arada,

“Sözler ýerbe-ýer däl…” Şu barja kemi.

Sözleriň ornuny çalşanyň bilen,

Üýtgänok ahyry pikirleň jemi.


Hemme ýazanlammy üýşürip orta,

“Birin saýlap alaý” diýseler eger.

Ähli şygyrlammyň ýüzüne gelip,

Bölmekden şu paýy alardym meger.


Meniň täze goşgym – täze açyşym,

Çykandyr hasaplaň kökünden syzlyp.

Hasaplaň dostlugy hemişelikdir,

Hasaplaň söýgüsi – tükeniksizlik.

13
111
idealis kiz
05.05.2023 19:11

OWADAN GÜRLEMEK BARADA DEGIŞME .

Gadym wagtlarda medreseleriň birinde bir ussat bar eken. Ol derslerinde suhangöýlük, owadan gürlemek, sözüňi sünnäläp düşündürmegi öwreder eken. Özi hem gaty owadan, ýerlikli gürlär eken.


Bir gün ders gidip durka, talyplaryň biri çekinjeňlik bilen gürlemäge rugsat sorap şeýle diýipdir: “Eý gadyrly we zehini bilen hemmelere nusga bolan ussadym! Gyş günleriniň birinde daş-töwerek imisala wagty, edil biziň ders geçýän pursatymyzda, otagymyzyň ortasynda ýanyp duran we biziň daşynda oturyp ýylanýan ojagymyzyň, al-gyzyl bolup lowlaýan odundan galan közlerinden bir uçgunjyk uçup, aralygyň uzaklygyna we päsgelçilikleriň köplügine garamazdan, siz ýaly beýik şahsyň geýmegine mynasyp bolan, iň ussat elleriň döreden we edil şu wagt başyňyzda ýer alan, reňkleriň iň päkizesi bolan ak reňke eýe bolan owadan selläňize gonup, gonan ýerini ýakyp, edil şu wagt hem tutaşyp barýandygyny siz ýaly beýik ussadyň dersini bölüp habar berýändigim üçin ötünç soraýaryn” .

Muny eşiden owadan sözüň ussady bolan mugallym gaharyndan çym-gyzyl bolup: “Akmak, gysgaça selläň ýanýar!” diýip aýdyp bilmedinmi diýipdir.

35
422
idealis kiz
04.05.2023 02:23

“Tohum sepmegi zynhar hasyl döwrüne goýujy bolma; ýogsa iki möwsümde çeken zähmetiňem biderek bolar”.

***

“Müň gezek söz bermek ýerine bir gezek sözüňi ýerine ýetir”.

***

“Tilkilere ketek sakçylygyny ynanyp bolmaz”.

***

“Beren sözüňde durmak adam bolmagyň talaby”.

***

“Sizi götergiläp al-asmana çykarsalaram hergiz unutmaň, ýer has rahatdyr. Uçardan gaçan çym-pytrak bolar, ýerde ýykylana üýtgeşik zat bolmaz”.

***

“Nesihat edýän kişi hemmeden öňürti aýdýan zadyny özi etmelidir, ynandyryjy bolar ýaly”.

18
52