Bir orta bilim berýän mekdebiň sylanýan mugallymy sapak wagty okuwçylaryna “Meniň size bir teklibim bar” diýipdir-de, olardan “Siz durmuş barlag tejribesini geçirmek isleýärsiňizmi?” diýip sorapdyr. Okuwçylaryň hemmesi bir agyzdan “ bolýa-da, bolýa” diýişip ikirjeňlenmän, mugallymyň teklibini kabul edipdirler. “Siz razy bolsaňyz, barlag tejribesi tamamlanýança men näme diýsem etmäge söz beriň” diýýär. Okuwçylar mugallym bilen razylaşýarlar. Mugallym: “Size tabşyrjak ilkinji zadym: ertir hemmäňiz ýanyňyz bilen 3kg ýeralma bilen torba getiriň” diýýär. Çagalar mugallymyň näme üçin ýeralma getir diýýänine düşünmeselerem, ertesi ýanlary ýeralmadyr torbaly okuwa gelýärler. Mugallym özüne soragly seredip oturan okuwçylara: “ Indiki etmeli zadyňyz: şu çaka çenli kim siziň göwnüňize degen bolsa, sizem bagyşlamadyk bolsaňyz, bir ýeralmaň ýüzüne şol kişiniň adyny ýazyň-da torbaňyza salyň” diýýär. Çagalaryň käsi 6-7 sany, käbiri bolsa ondanam köpräk ýeralmany torbalaryna salýarlar. Mugallym soragly nazarlaryny dikişip oturan okuwçylara ýüzlenip “Bir hepdeläp nirä gitseňiz, torbaňyzam ýanyňyz bilen alyp gidiň. Mekdebe gaýdanyňyzda-da, dogan-garyndaşlaryňyzyňka gideniňizde-de, awtobusa müneniňizde-de ýanyňyzdan aýyrmaň. Hat-da ýatanyňyzda hem ýanyňyzda goýup ýatyň” diýýär. Çagalar mugallymyň näme etjek bolýanyna entegem düşünmeýärler, ýöne bu tabşyrygy bilenem göwünli-göwünsiz razylaşýarlar.
Aradan bir hepde geçip-geçmänkä, mugallym synp otagyna gireninden okuwçylar arz-şikaýatlaryny aýtmaga başlaýarlar :
-Mugallym, torbamyzy hemme ýere äkidip ýörmek ýaman kyn, özem agyr.
-Mugallym, ýeralmalar porsap başlady, bir ýerik gitsek, töweregimizdäkiler bize geň galyp seredýärler.
Mugallym okuwçylaryň aýdanlaryny ýylgyryp diňläninden soň şeýle diýýär: “Görýäňizmi, çagalar meniň size düşündirjek bolýan zadym hem şundan ybarat. Biz göwnümize degen adamlary bagyşlaman, aslynda diňe özümizi jezalandyrýarys. Içimizde agyr, porsy ýüki göterip gezmäge özümizi mejbur edýäris. Bagyşlasak bolsa, olara ýagşylyk etdigimiz diýip pikir edýäris. Aslynda bolsa olary bagyşlamak biziň özümize eden ýagşylygymyzdyr”.