hichkim
04.01.2021 14:32
Kalbym agyrýar

Ýazjakdäldim, söýgi barada ýazjakdäldim, ýöne ýenede ýazdyrdy...

Saňa men ömrüm diýerdim, emma ömrümi soldurdyň.
Meni güldür diýdim, üstümden güldürdiň.
Seret güýjümem galmady, otyryn ukypsyzja, bak maňa,
Eştýäňmi meni, itişiň ýaly gel galdyrsana.

Gaýdyp ber maňa meni, öňki durkum nirede,
Utanýan men indi, özümi sensiz göremde.
Görüşmedik, söýgümiz üçin göreşmedik,
Sen sowaşdyň emma, men senden sowaşmadym.

Heniz kiçi bolsakda, owadan söýgümiz bardy,
Näçe ýyldan bäri iki ýürekde ýaşaýardy.
Islesekde gowuşmadyk, biri-birimize,
Ejeň bermek islemedi seni oba ýigidine.

Sen tiz ýeňildiň, ir gowşurdyň gollary,
Indi bolsa bizi aýyrdy, howa ýollary,
Gülälegim, saňa diýerdim men läligim,
Beren goşa kepderiňem galdy ýadygärligiň.

Içine siňip gitdim, bu parklaryň, şäherleriň,
Ömürlik nälet bolsun, mensiz geçen säherleriň,
Daňa çenli göz ýumman eden arzuwlam puç çykdy,
Bu notalar saňa sözlerim elten buşlukçym.

Muhammet ugruňda öldi, ýöne entäk aýakda,
Soňuna çenli bile däl, ýeke barýa gaýykda.
Seň üçin çykýa kalbymdan ajy aýdymym
Senem öz söýgüň üçin ädäý ýeke ädimiň.

Sebäpkäri sen, gahardan kellämiň doňmasy,
Seň bilen bile bolsun, ýa-da durmuş bolmasyn.
Ikimize ýürekden açyp töri bermedikmi,
Biz ikimiz söýmek üçin bu dünýä gelmedikmi.

Küýsedi, diýseň kalbym küýsedi,
Ýyllar gelende ysyň burnuma degsedi,
Iň owadan güller, seň görküňe meňzedi
Ýöne meniň söýgüm saňa degmedi.

Diýdiler, ony unut diýdiler,
Pikirlem açgöz ýaly, meni iýdiler,
Özgäni görmez gözlem, kör boldula didelem,
Herkimden giden dünýä, birgün gider bizdenem.

Sen meň güneşimi, ýapan bir bulutdyň,
Gaharym gelsede, içimden ýuwutdym.
Ikimiz kitap soňunda gelýän bir umytdyk,
Ajap bir söýgüni taşladyňda unutdyň.

Şeýlebir küýseýän,
Kalbym agyrýa kalbym agyrýa...!

#La Blaze
6
109
hichkim
23.12.2020 13:53
Özüme

Maşynyň aýnasyndan, yzyma seretýän,
Çagalyk ýatlamalam, ýanyma gelip gitýär.
Ol wagtky adamlar, seretdim ýakyndan,
Olar tapawutly aldaýamy hakydam.

Ýüzlerindäki gülki, hasam mylaýym,
Hasam ýürekden, hasam enaýy.
Ol wagtyň howasy hasam üýtgeşik,
Otyrn çaga bilen gürleşip, ady Oraz.

9 ýaşynda, seretdim daşyndan,
Diýdim, aýdyp ber durmuşyňy başyndan.
Bolýa diýdi, üns berip diňle,
Sen gaty üýtgäpsiň, özüňe seret ine.

Diýip, aýnasyny tutdy göni ýüzüme,
Seret adamlary aldaýan, iki ýüz ine.
Birden utandym, ýüzüm ýere salyp,
Dowam etdi, bakyşyny ýüzüme daňyp.

Ýadyňdamy, oňýadyň gaty çörek iýip,
Indi ulaldyň, durşuna isrip.
Öňler aglaýadyň, edeňde dileg-doga,
Näme üçin aglaňok indi, gideňde juma.

Sebäpsiz ýere etdiň adam gybatyn,
Indi pul boldy, seniň gyr atyň.
Galmady bahaň, galmady gymmatyň,
Ýatlarmy seni, Muhammet diýende, "ymmatym".

Namaz okan bolýaň, gataldyp sesi,
Jogap ber hany, 5 wagtyň 2-si.
Ýetişeňok hä, bolanok nesip,
Aýdym düzmäge ýary günüňi berýäň pesi.

Demini dürsäp, dowam etdi
Sözünde, galmady sen-de ynsap.
Ýazan aýdymlaňdan menä utandym diýende,
Aýagymyň bagy çözüldi, ysgynym gutardy.

Diýdi, aklyňy talady tüsse,
Hemme zat düýş ýalydy, ýöne 2 esse.
Hakyky görünýädi, diýdi özüňe gel,
Gorkudan basyp başlady gözlerimi der.

Diýdi, ýalançy diliň gurasyn,
Ýalan seň dostuň bolupdyr, ýanyňda dur asyl.
Çepime seretdim, ýalanymy gördüm,
Dag bolup gidipdir eýýäm, ýandym, söndüm.

Hany andyň, hany sözüň,
Diýdi näletläp meni, tapmadyk ýaly çözüm.
Garaşan ýaly ýyllap, ýolda galdyryp gözüm,
Ylgan ýaly yzymdan, ýöne ýyllar gaty uzyn.

Başga näme diýjegni bilmän,
Silkti elini, galan ýaly ýürekde arman.
Diýdim saklan, ýokmy meň üçin umyt,
Bilýän günämiň sany çölüň çägesi, gumy.

Diýdi, iman et her gün täzeden,
Diňe iman bolar, bu gyşlary ýaz eden.
Alladan gork, ýazaňda täze aýdym,
Ýa-da aýdymyň golaýyna barma gaýdyp.

Diýdi düşündim, ýöne şeýtan,
Goýanok entägem yzymy, ýüzümem ak tam.
Görmäňler geň-taň, käte aňym üýtgeýär,
Pikirlenip otyrkam, ýatyrkam.

Aladam kän, ýöne meň üçinem atar daň,
Haçan gün ýaly batarkam.
Garaşyp dur maňa 2 hatar gam,
Saklanmak kyn, ýaş goşa atarkam.

Allam bagyşla, ezildim bu günäli ýagyşda,
Güllemek kyn, bu ýowuz gyşda.
Ýyly gözleýän kän, bu sowuk garaýyşda,
Ýylanaryn menem belki, bu söweşler sowaşsa.

Howwa, men sada köçe tozany,
Ýel nirä öwüsse, gidiberýän gozganyp.
Käbiri diýýär, allaýaň diňe gözleri,
Käbiri diýýär, agladýar seniň sözleriň.

Täze aýdym ýokmy diýip, soraýaň,
Men bolsa täze aýdymlarmy, gözden dilden goraýan.

Bu ýönekeý pikirler,
Menem hiçkim, birazajyk pikirlen.

#Syke Däli (Hiçkim)
3
368
hichkim
22.12.2020 00:36
Adyny sen goý

Kada ýaly diňleýän, herbir aýtýan sözüň,
Gulagyň mende bolsun, kanunda bolsa-da gözüň.
Ýedi bolup gezseňem, gerseňem döşüň,
Peýdasy ýok döşüňdenem, köşek.

Meň 2-nji öýüm mekdep däl, Krasnavodsk,
Третий олимпийский, köne aeroport,
Zumeriň konsertleri, diwarlar bize billboard,
O mahallar Zumerchas-dy, Abdydaýy ýok.

Ýekeje adama diýdim, ýürekden berekella,
Oda aýnadan maňa seredip duran Ýaman.
Gaýta-gaýta, ýykarlar seni atdan,
Seň öýüňem, hip-hopyň ýokarky gat(yn)da.

Men taryhymy ýazýan halkyma,
Meň ýaly howlukmaç bl*t wagtymam,
Flowym arassa, 100de 100 pagta,
Kirli tagtyňyza bl*t meniň ýok wagtym.

Düzgünleri pozmak üçin hem düzüler,
Aýagymyň aşagynda pikiriň eziler,
Gö*ümde şort, aýakda nike,
Rýukzakda kanabys, ulagymam bike.

Gowy ment barmy, aýt haçan gördüň,
Gep isleýä faraonlaram haçan görseň.
Men söwdegär däl, hiçkimi satamok,
Bir towar satýan, bl*t oň adam ot.

Tema şol öňki, töweregiňe gürrüň berýän,
Ýaryňyza geň, baryňyza-da gyzykly gelýär.
Herkimem soraýa: "aýdaý dostlaryň näme,
Durmuşda bolýan zatlary, ýazýaňmy näme?".

Otur senem men ýaly, töweregiňe seret,
Adalat islärsiň, ýa diýersiň nämä gerek.
Ýazarsyň hakykat ýa-da pop biderek,
Meň ýaly ýazmak üçin talant däl, ýürek gerek .

Hiçhaçanam islämändim meni tananlaryny,
Diňä nigga bilýär, näme barada ýazanlammy.
Belki-de men, hip-hopy aýdyp bilemok,
Ýöne bilýän, sen men ýaly dinleneňok.

Flowym ýokarda, seňkiden soňsuz esse,
Gowy okaýan senden hat-da, dilimi kessem.
Men ýöreýän diýip, olar yzymdan ýetsin,
Ýetersiň öýdemok, ýöresemem ep-esli pesden.

Täze mekdebe salam, mekdebiň ýaparyn,
Gö*üňe sok kitabyň, alan bolsaň sapagyň.
Oýuny, ot däl, meň bilen etmek gadagan,
Gelip-gelmän, birinjilikdenem men ýadadym.

Agzyňyzy çermäň, galmagaly söýemok,
Men öýden çykýan güller üçin ýanamok,
Köp işi edýän dynjak bolup derdimden,
Diňe joint sarap, rep ýazýan keýpimden.

#Ýaman243
3
159
hichkim
20.12.2020 18:52
Kim

Durmuş gitmejek ýerlerimize äkider,
Seň edeniňi saňa, senden başga kim eder.
Ezraýyl bir gün geler, gulagu çeker,
Bularyň durmuşy şeker, bular dile çeper.

Kimiň durmuşy kino, kimiňki domino,
Kimiň durmuşy vino, kimiňki kazino.
Sen kimiň çagasy, kimiň inisi agasy,
Kimiň merjenden dänesi, gelenok senden dänesi.

Durmuş maraton, kim çalasyn,
Gelýär galasyň, göwnüňe alasyň.
Dogan diýýänleriňem, tilkimi ýa möjekmi,
Bilemok menem, haçan öljegimi.

Özüň etmesen, seň ýeriňe kim eder,
Garaňky düşende kölegäňem terk eder.
Ulymsylygy özüňde ýene göreňde,
Sadalykdan al mydama görelde.

Hana seret dost, ýüzlerem ýasama,
Ýaşynan bolýarlar, geçilende bosagaň.
Adyna mynasyp, tapýarlar toslama,
Diýýärler: "puluň bolmasa hatarada goşamok".

Goşulmadyk tarapyň, goşulandan parhy ýok,
Ýagtylykda musulman, garaňkyda aýby ýok.
Kakamyň puluna gömüljek diýýär, gaýgy ýok,
Kimi, iki tekere zar, elinde çarhy ýok.

O diýdi, bu diýdi, gepiňiz gutarmady,
Üns beriň wezipeli gürleýär, oturmady.
Ýazasym gelenokdy, dik durup ýatyrmady,
Bu diňe başlangyç, dowamy gutarmady.

Sabyr, sabyr, sabrym çykdy çür depä,
Internetde geroýmyş, bol şuwagt gürledä.
Men saňa ataň däl, netije çykar dünýeden,
Maňa degme ýarylmaýyn, onsuzam durun iňňede.

# Bezzat
#Xb Mawzer
4
166
hichkim
19.12.2020 15:35
1 ugurda 1000 çukur

Ertir näme boljagny bilýän, her günüm meňzeş,
Näýli durmuş, gowumy, hany otyr, gel geç.
Näme içesiň gelýär, çaýmy ýa-da kofe
Saňa berjek soragym kän, jogap berseň bolýa.

Bizem erbet däl, ýaşamazça däl,
Men saýladym saz sungaty, başga zat gerek däl.
Ýyllaram eli egri, ogurlady günlerimi,
Düşünmersiň üns berip diňle, gürrüňlerimi.

Söýgi näçä durýar bahasy ýadyma düşenok,
Lirigim gymmatly ýöne jübä köplük düşenok.
Duşanok çyn dostlarym, kyn günümde üýşenok,
Bugün bar zat, ertir eýýäm ýok.

Ýel ýaly öwüsýär düşünip bolanok ýalança,
Durmuşa garşy göreş, eliňde bolmasa-da sapança.
Şükür edip ýaşa eliňde bar bolsa tapançaň,
1 turup 1000 ýykyldy, 1 ugurda 1000 çukur.

Uzakda galdym serhetden,
Gaçyp ýaşadym men her gepden.
Dolsada öňüm böwetden,
Şonnada gaçman höwesden.

Durmuş gülýär, herkim diýýär oňa gaharly,
Geçilýär ýodalar, gyş bilen baharly.
Emma her bir ýollarda million badak,
Goýmak isläpdim birwagt repiň soňuna baýdak.

Soň göz ýetirdim, repsiz ýaşaýyş ýok,
Bu dünýä ýaşok, gözlerimde ýaş ýok.
Der dökmeseň aş ýok, öňümde daş ýol,
Ýollarymda daş ýok.

Höwesim bar sungata, sylagym bar sungata,
Dörederin ölýänçäm, ýürek durmasa.
Meň adym kynçylyga garşy göreşiji,
Dilim repli, eli boş söweşiji.

Sungat diýip ylgadym, aýaklarym ýara,
Eger sen dost bolsaň gelle, ýürek ýaramy sara.
Herkim durman ylgady, bagtynyň bölejigne,
Hiçkimem bilenok soňky güni näçesine.

Uzakda galdym serhetden,
Gaçyp ýaşadym men her gepden.
Dolsada öňüm böwetden,
Şonnada gaçman höwesden.

Yhlas bilen ýapyşdym her bir işi edenimde,
Meň bedenimde ruhym ejizlik gözledi,
Ýörejek ýolumda, 1 ugurda 1000 çukur döredi,
Diňe öňe ýöredim.

Howwa, men öňe giderin, gepler geler arkadan,
Aladalardyr meni hemmeden ir garradan,
Rep meniň işim däl, bu meniň kalbym,


Sözlerim köre hasa, derman bolar hassa,
Mertleriň sany ýitýär, assa-assa,
Pikir etýän, öňümde ýene näçe bolar söweşler,
Görüpler duşmanlar we şoňa meňzeşler.

Barýan ýene bir ýerlere, bellenen bellige,
Dünýämi sowuk gurşady, ýyladanok elligem.
Dörediler kasetlar yzly-yzyna,
1 ugur saýladym, seretmerin yzyma.

Uzakda galdym serhetden,
Gaçyp ýaşadym men her gepden.
Dolsada öňüm böwetden,
Şonnada gaçman höwesden.

Pikirler köne-möne, gum sepip jaýla göre,
Diýdiler, diňe öňe gitdim yza seretmän.
Barjak ýolum çukur bolsa gelde meni halas et,
Hasap et dost diýip, herkime habar et.

Bermediler ak pata, arkadan urdular aýpalta,
Ýaralarma goý ak pagta, ornaşdym men rep tagta.
Geçilýär iňňän ýollar, utup hem utulyp,
Aladalar gelýär sokulyp, çykdym öňüne topulyp.

Ýykylyp, bukulyp gezdim sözlerimi saza ezzim,
Meň başlangyjym 1 9 9 2.
Ýollarym batgaly, aýlandym gapdala,
Gaty-guty petir ýaly, kalbymam gap-gara.

Şonda-da durmuşdan many gözlemäge çalyşýan,
Barjak ýolumy bilemok, şonna-da ýokary dyrmaşýan,
Kynçylyklaryň öňünde dag bolup duraryn,
7 gezek ýykylsam, 8 gezek turaryn.

Bilemok, kim çykar, hip-hopa arka,
Agla, gitaram agla, gözleriňde ýaş barka.
Bilemok, kim çykar, hip-hopa arka,
Agla, gitaram agla, gözleriňde ýaş barka.

#La Blaza
#Graff



6
114
hichkim
18.12.2020 14:16
Düýnüňe seretseň

(Men we Mic)
Jogapsyz sorag ýaly halym bar,
Açylsa gapy, geçdim halaman.
Menem oturyp düýnüme aýlanýan
Günäm köp, sogap barmaga san.

Kellede zat ýok, diňe çilim tüssesi,
Kagyza dökülen bu galamyňam gussasy.
Da Winçi ýaly men göwnümiň ussasy,
Setirleriň aýdyşy ýaly düýnümiň hassasy.

Her ädimde hasap, her burçda dur gassap,
Möjekler daşa üýşer, görse barýaryn agsap
Men antivirus ýaly, daşyma diwar ýasap,
Durmuş bir basgançak, iner köp ýokardan aşak.

Her ädim göz, millete gep gerek,
Jübiň ýaşyl sanamasa, ýylgyryşda ýok derek.
Durmuş oýun mysaly, aýterek-günterek,
Wagtynda almasaň paýy, gaýdyp gelenok gezek.

Seret, ajy ýaş köp düýnümde,
Gerek, tikip berseň don egnime,
Derek, tapmasaň her ädimde,
Düýnüňe seretseň, çykmaz hiç ýadyňdan.

#Macroman
3
111
hichkim
17.12.2020 13:52
Söýüp git!

Eje namedir yonekey ayal!
Asman perishdesimi, ya yetilmez hyyal.
Olyancham haysh edyan yanymda gal,
Ya gitjek wagtyn, yanyn bilen alyp git.

Durmushyn manysymy sen, ya gul ysy,
Aýy gabandyryamysh ejelen yuzi.
Jenned sende dal, sen jennedin ozi,
Jennede gidaysen meni oda salyp git.

Owretdin garany, owretdin agy,
Kopeldi sachyn agy, gozunde agy.
Shahyr diydi besdir daglan garrany,
Sen garrama yash wagtyny tapyp git.

Yuregini gysganmarsyn eger islesem,
Yuregimi okayaň, gaygymy gizlesem.
Armanym yok owazyny dinlesem,
Mahirden doly ol sazyny chalyp git.

Dunya yatyr kuysap ertirki guni,
Menem ukladym dileg edip gowlugy.
Yuzunde gijan ukusyzlygy ,
Bir azajyk yatay, ayy gune owrup git.

Sen ichki dunyane dushunmek mumkin dal,
Dunya garshy sende oyke kine kan.
Sen uchmaly yone sen yukin kan ,
Eje gaygylaryny ogluna goyup git.

Alla seni yaratdy pak yurek bilen,
Komek edenokdy ne gelen ne giden.
Yadyndamy doyyadyk gury chorek bilen,
Diyyadin oglum: "Bary bilen onup git".

Oraz diyer: "men bir ene ashygy",
Yone gaharlanyan kate chytyp gashymy.
Dine gulende gorkezsin yashyny,
Ejeni sonky demine chenli soyup git!

#Syke Däli (Hiçkim)
4
130
hichkim
16.12.2020 16:48
Bilyanmi, dunyade baylyk hemde garyplyk diyilyan bir zat bar, kabir baylar mesligi gotermez, garyplar bolsa ba zadyna sukir etman bisukur bolor. Yone men ikisem bolmadym, suna dusunip galdym. Men garyp oglan, toy etmage seni bagtly etmage pulym dal-de, arzuwlarymam yok.

Günä mende dogry, men boýnuma alýan,
Seň gowulygyň üçin ol, menden gaty görmäý,
Ýüzüme seredip, "söýmediňmi meni?" diýmäý,
Bagtly edip bilemok, garyp men düşünäý.

Sen bagtly bol diýip, bu gün seni taşlaýan,
Saňa beren söýgümi hiçkime çalyşmaýan,
Seni söýüşim ýaly, hiçkimi söýmeýän,
Bagyşla, men indi özümi senden gizleýän.

Hakykaty aýtsam utanarsyň, ynanaý,
Men garyp oglan, sen bolsa ýaňja dogan aý,
Ýaşaýşymam pes meň, wah haýyş samsyk bolmaý,
Men bolup bilmerin belki sen bir bagtly bolaý.

Menden gowa laýyk sen, başa ýapjakmy meni,
Pul ýok, maşyn ýok, bagtly edip bilmen seni,
Bagyşla bu sözleri aýtmak maňa gaty ajy,
Söýjegi söý, bagtly bolgun, men senden razy.

Söýýädim, söýýädim,
Utandym aýtmaga,
Garyp men, düşün maňa,
Alladan uly bagt dileýän saňa.

Şeýlebir gün geler, meňem elim açylar,
Şeýlebir gün geler, menem bir gün aglaman,
Ýöne sözüm söz ynan, özgäni halaman,
Ýa-da gaharyma içip-çekip hiç dagaman.

Men garyp oglan dogry ýöne baý ejem kakam,
Şolaň jany sag bolsun, dilegim eziz Allam,
Ýarym bardy gül ýaly, men boldum biwepa,
Gowulygy üçin göýberdim, Allam meni bagyşla.

#HARASAT
5
283