Düýnüňe seretseň
(Men we Mic)
Jogapsyz sorag ýaly halym bar,
Açylsa gapy, geçdim halaman.
Menem oturyp düýnüme aýlanýan
Günäm köp, sogap barmaga san.
Kellede zat ýok, diňe çilim tüssesi,
Kagyza dökülen bu galamyňam gussasy.
Da Winçi ýaly men göwnümiň ussasy,
Setirleriň aýdyşy ýaly düýnümiň hassasy.
Her ädimde hasap, her burçda dur gassap,
Möjekler daşa üýşer, görse barýaryn agsap
Men antivirus ýaly, daşyma diwar ýasap,
Durmuş bir basgançak, iner köp ýokardan aşak.
Her ädim göz, millete gep gerek,
Jübiň ýaşyl sanamasa, ýylgyryşda ýok derek.
Durmuş oýun mysaly, aýterek-günterek,
Wagtynda almasaň paýy, gaýdyp gelenok gezek.
Seret, ajy ýaş köp düýnümde,
Gerek, tikip berseň don egnime,
Derek, tapmasaň her ädimde,
Düýnüňe seretseň, çykmaz hiç ýadyňdan.
#Macroman