habarly
05.12.2023 00:51
Windows 12 operasion ulgamy 2024-nji ýylyň iýun aýynda çykar. Bu barada Commercial Times habar berýär.

Sene gaty ýerlikli görünýär, çünki bu okuwçylaryň mekdeplere we talyplaryň uniwersitetlere we aglaba işgärleriň dynç alyş rugsadyndan yzyna gaýdyp gelýändigi sebäpli islegiň diýseň ýokarlanýan döwri. Windows 11 hem iýun aýynyň ahyrynda hödürlenipdi.
Windows 12-niň geljek ýyl çykjakdygy barada öňem ençe gezek aýdylypdy, hatda Intel hem muny gytaklaýyn tassyklapdy. OS-yň täze wersiýasynyň esasy aýratynlygy emeli aň ulgamlary bilen berk integrasiýa bolar, ýöne haýsy görnüşde boljagy entek belli däl, sebäbi häzirem Microsoft Windows 11-e we hatda Windows 10-a hem AI-ni işjeň goşýar.
Mundan başga-da, häzirki zaman prosessorlarynda AI üçin enjamlary tizleşdiriji bloklar (Ryzen 7000 we Intel Meteor Lake) öňde-soňda haýsydyr bir usul bilen ulanylar.

Alynan ýeri:TMCARS_
@info
12
7
habarly
13.11.2023 07:18

PORSCHE companýasy google bilen hyzmatdaşlygyny giňletjekdigini habar berdi.


Porsche kompaniýasy Google bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýändigini we öz awtomobillerinde Google ekoulgamynyň programmalaryny ulanmak meýilnamalary barada habar berdi.

Brendiň täze awtoulaglarynda Google Assistant ses kömekçisi we Google Maps nawigasiýasy peýda bolar. Şeýle-de, Porsche awtoulaglarynyň maglumat ulgamynda Google Play programmalar dükany elýeterli bolup, onuň üsti bilen programmalary gönüden-göni awtomobil ulgamynyň ekranyna gurnap bolar.

Şol bir wagtyň özünde esasy kompaniýa Volkswagen öz programma önümlerini işläp taýýarlamagy dowam etdirýär, ýöne häzirlikçe kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Aýratynam, Volkswagen-iň programma üpjünçiligini üpjün ediji bölümçesi Cariad-da 2000-e çenli işgäri azaltmakçydygy belli boldy, bu hem konserniň täze programma üpjünçiligi arhitekturasynyň işe giriziljek senesine ýaramaz täsir edip biler.


Google kompanýasy ýuwaş ummanyň düýbünden internet kabelini geçirdi...


Alphabet-iň düzümine girýän Google kompaniýasy Ýuwaş ummanyň jümmüşine düşüp, sekiz sany çet ýurdy suwasty kabelleriniň kömegi bilen sanly dünýä birikdirmekçi bolýar. Bu ABŞ bilen Awstraliýanyň bilelikdäki işi diýip, ferra.ru habar berýär.

Tiz wagtdan Ýuwaş ummandaky Mikroneziýa, Kiribati, Marşal adalary, Papua-Täze Gwineýa, Solomon adalary, Timor-Leşti, Tuwalu we Wanuatu adalary ýokary tizlikli Internete elýeterli bolarlar. Awstraliýanyň we ABŞ-nyň hökümeti bu taslama, degişlilikde, 50 we 15 mln dollar maýa goýýar.

Google-yň global aragatnaşygy üpjün etmek missiýasy Ýuwaş ummanyň tolkunlarynyň astynda sanly landşafty üýtgetmäge, kiberhowpsuzlygyň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga we bu ýurtlaryň dünýä bilen aragatnaşygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.


GOOGLE CHROME brauzeri ulanyjylaryñ 10müñ ýyldan gowrak wagtyny tygşytlady...


Google Chromium-y işläp düzüjiler topary Google Chromium brauzerine soňky birnäçe ýylda onuň gowulaşmagy üçin edilen işler barada blogda ýazdylar.

Windows 11-de, esasanam, Windows 11-iň Efficiency Mode “netijelilik režimi” diýlip atlandyrylýan üçin goşmaçalar girizildi. Aýratynam, Firefox, Chromium-a däl-de, Gecko hereketlendirijisine esaslanýan bolsa-da, bu režimi goldaýar.

Google-yň belläp geçişi ýaly, Chrome-da sahypa ýüklemek öňküden ortaça 166 ms çalt amala aşýar. Munuň ujypsyzja gowulaşma ýaly bolup görünmegi mümkin, ýöne ownuk üýtgeşmeler jemlenip, internete ep-esli täsir edip biler.

Işläp düzüjileriň batyrgaýlyk bilen aýdyşy ýaly, Chrome ulanyjylaryň sahypalaryň ýüklenmegine garaşmaly boljak 10 000 ýyldan gowrak wagtyny tygşytlady, şeýle hem saýtlaryň jogap bermegine-de olar 1200 ýyl garaşmaly bolardy. Mundan başga-da, bu san maglumaty Windows kompýuterlerinde we Android esasly enjamlarda 2023-nji ýyldaky görkezijileri göz öňünde tutýar - Windows-da 2 müň ýyl, Android-de 8 müň ýyl tygşytlanýar.


GOOGLE ulanyjylary parollary aýyrmaga çagyrýar...


Google kompaniýasy ulanyjylary adaty ýagdaýda «parolsyz parol döretmäge» işjeň höweslendirip başlady. Gürrüň hasabyňyza «has çalt we has ygtybarly girişi» üpjün etmäge niýetlenen giriş açarlary hakda gidýär.

2023-nji ýylyň 10-njy oktýabryndan başlap Google öz hasap ulanyjylaryna hasaby üçin deslapky açary döretmegi teklip edýär.

Google-yň düşündirişi ýaly, açar sözler parollara ýönekeý we ygtybarly alternatiwadyr. Olar barmak yzyňyzy, ýüzüňizi tanamak ýa-da PIN ýaly enjamyňyzyň ekrany açmak usuly bilen Google hasabyňyza girmäge rugsat berýär.

Şol bir wagtyň özünde ulanyjylar henizem adaty parollary ulanyp we hasabyňyz üçin “Mümkin bolsa parol soramaň” opsiýasyny öçürip, giriş açarlaryny ulanmakdan düýbünden ýüz öwrüp bilerler.


@tmcars.info

13
11
habarly
12.11.2023 01:07

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

SYÝASAT HABARLARY


Alynan ýeri:Türkmenistan gazeti Syýahat bölümi.

Çap edildi 10.11.2023...


Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, on aýyň dowamynda Mejlisiň maslahatlarynyň 4-si geçirilip, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 42-si, Mejlisiň kararlarynyň hem 42-si kabul edildi. Häzirki wagtda parlamentiň iş toparlarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işleri amala aşyrylýar, hereket edýän hukuk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.

Halkara guramalar we daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin duşuşyklaryň 75-si geçirildi hem-de dürli döwletleriň ilçileriniň 24-sinden ynanç hatlary kabul edildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri Türkmenistanyň döwlet edaralary tarapyndan halkara düzümler bilen bilelikde kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meseleleri boýunça geçirilen okuw maslahatlarynyň 90-syna gatnaşdylar, daşary ýurtlaryň 30-synda iş saparlarynda boldular. Bellenilişi ýaly, deputatlar giň jemgyýetçilige ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň maksatlaryny, wezipelerini, kabul edilýän kanunçylyk namalaryny düşündirmek boýunça dürli çärelere, şanly seneler mynasybetli guralýan forumlara we dabaralara gatnaşýarlar.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy täze taryhy döwrüň möhüm ähmiýetli taslamalarynyň biri bolan Arkadag şäherini mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen taýýarlanylan “Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine üýtgetmeler girizmek hakynda” Mejlisiň karary barada maglumat berdi. Karar döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, Arkadag şäheriniň dolandyryş çägini giňeltmek boýunça kabul edilen resminama laýyklykda, degişli işleri geçirmegiň zerurdygy bellenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, on aýyň dowamynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bu görkeziji 6,3 göterime barabar boldy. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 6,3 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýylyň başyndan bäri bölek satuw haryt dolanyşygy 9,6 göterim köpeldi. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 110,7 göterim, çykdajy bölegi 97,8 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 7,4 göterim artdy. Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 54-siniň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 34-siniň, 379,9 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýynyň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy.

Soňra wise-premýer “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen wajyp wezipeleri nazara almak bilen, 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Baş maliýe meýilnamasynyň taslamasynyň esasy maddalary boýunça göz öňünde tutulan çykdajylar barada giňişleýin maglumat berildi.

Bellenilişi ýaly, durmuş ulgamyny ösdürmäge zerur bolan möçberdäki serişdeler gönükdiriler. Hormatly Prezidentimiziň degişli Permanyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi 10 göterim ýokarlandyrylar. Düýpli maýa goýumlaryň bir bölegini önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, welaýatlardaky täze şäherçeleriň gurluşygyna gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýagdaýyna seljerme geçirmegiň, býujetiň girdejilerini artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegiň, maýa goýumlary köpräk çekmek boýunça netijeli işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz geljek ýylyň Döwlet býujeti barada aýdyp, bu resminamanyň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisine iberýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, baş maliýe meýilnamasynda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň we beýleki durmuş tölegleriniň möçberini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Döwlet býujetiniň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisine ibermek baradaky hata gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2023-nji ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, nebit we gaz kondensatyny çykarmak, polipropilen öndürmek boýunça tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.

Wise-premýer “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasynyň 100 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň 100,5 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasynyň 105,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasynyň 104,6 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasynyň 102,5 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasynyň hem 109,8 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 108,5 göterim, “mawy ýangyjy” eksport etmegiň meýilnamasy 114 göterim berjaý edildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça işleri netijeli dowam etdirmegiň, nebitgaz ýataklaryny düýpli özleşdirip, nebiti we gazy çykarmagyň möçberini artdyrmak üçin ähli çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem Hasyl toýuna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, oba hojalyk toplumynda önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 102,8 göterime, şol sanda Oba hojalyk ministrligi boýunça 102,9 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 101,4 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101 göterime deň boldy. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 224,3 göterim ýerine ýetirildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda, bugdaý ekinlerine ideg etmek işi dowam edýär. Şeýle hem ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär.

Däp bolşy ýaly, noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýuny guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Gysgaça Watan Habarlary.

17
45
habarly
11.11.2023 00:30

Hormatly Owrenmeli programmanyn rayatlary potlaryma bn profile surat goyulanok wln komek edayin belki bilyanler bardyr.



(Jumayev D)

9
61
habarly
10.11.2023 02:07

Haçan-da öýüňizden söwda etmäge ýa-da başga maksat bilen çykan wagtyňyz içi pully gapjygyňyzy ýanyňyz bilen alyp çykmaly bolýarsyňyz. “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky müşderilerine hödürleýän “Rysgal Pay” mobil gapjygy  sizi bu aladadan diňdirer. Bankyň bu hyzmatyndan peýdalanan ýagdaýyňyzda, içi pully gapjygyňy ýanyňda göterip ýörmegiň zerurlygy hem ýok boljaga meňzeýär.  Bu elektron gapjygyň üsti bilen öz tölegleriňizi şeýle ýönekeý, şeýle amatly, şeýle tiz we ygtybarly ýagdaýda töläp bilersiňiz.

Bu Elektron gapjyk – mobil enjamynda gurnalýan programma bolup, ulanyja elektron puly saklamaga we olaryň kömegi arkaly internetde nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmaga ýol berýär. Elektron gapjyk aslyýetinde bank hasabyna meňzeşdir.

“Rysgal Pay” mobil gapjygy nähili edinip bolar?

– Mobil gapjygy programmasy arkaly mobil gapjygyny açyp bolýar.

Gapjygy nähili dolduryp bolar?

öňünden tölegiň ýörite kartoçkasyny satyn almak arkaly;

internet-bankdan peýdalanmak arkaly;

bankomat arkaly;

bank pul geçirimini amala aşyrmak arkaly;

töleg terminalyny ulanmak arkaly.


Alynan ýeri:ATAVATAN TURKMENISTAN.



OWRENMELI PROGRAMMA MAGLUMATY GOYAN:Jumayev.D

13
23
habarly
09.11.2023 11:34

Hytaýyň sertifikatlaşdyrylan raýat awiasiýa pudagyna degişli howa menzilleriniň umumy sany 2025-nji ýylda 500-e ýeter. Bu barada Hytaýyň awiasiýa senagaty bileleşigi degişli beýanat berýär.


Hytaýyň bu bileleşiginiň resmi wekili Sao He ýurduň Týanszin şäherinde geçirilýän 6-njy Hytaý dikuçarlarynyň sergisinde eden çykyşynda raýat awiasiýa pudagyny ösdürmek ugrunda giň tagallalaryň edilýändigini belledi.


Onuň bellemegine görä, ýurduň her bir 2800 uezdi üçin bir özbaşdak howa menziliniň bolmagy üçin degişli işler alnyp barylýar.


2022-nji ýylyň ahyrynda Hytaýda hereket edýän aeroportlaryň sany 399- deň boldy. Bu görkeziji 2021-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, 29 sany köpdür.


Alynan ýeri:ATAVATAN TURKMENISTAN.

OWRENMELA YERINE YETIRAN:Jumayev.D

18
16
habarly
08.11.2023 18:20

«Mersedes-Benz» Podmoskowýede ýerleşýän zawodyny «Awtodom» söwda kompaniýasyna satmakçy bolýar. «Mersedes-Benz Manufacturing Rus» (Germaniýanyň «Mersedes-Benz AG» kompaniýasynyň şahamça kärhanasy) Podmoskowýede ýerleşýän “Mersedes” awtoulag zawodyny «Avtodom» dilerine satýar. Taraplaryň arasyndaky şertnama penşenbe güni yglan ediler -diýip «Wedomosti» ýazýar. Gazetiň habaryna laýyklykda, şertnamanyň çäginde «Mersedes-Benz AG» belli bir döwrüň dowamynda zawodyny yzyna satyn alyp biler.


Bu barada «Praým» ýazýar. 


Maglumatyñ alynan ýeri:Türkmenistanyñ daşary ykdydasdy we aragatnaşyklar ministrliginiñ Biznes reklama gazetiiñ google web sahypasy.

Öwrenmeli programmasyna goýan:Jumayev.D

12
25
habarly
07.11.2023 16:55

Hytaýyň Çžuhaý şäherinde ägirt UFO meňzeş dünýädäki iň uly Chimelong Spaceship deňiz ylmy seýilgähi açyldy. Okeanariumda 100 müňden gowrak deňiz jandary ýaşaýar diýip, Weixin habar berýär. Muny centralasia.media ýetirýär.

“Çimelong” deňiz ylmy seýilgähiniň umumy uzynlygy 650 m, meýdany – takmynan, 400 inedördül metr. Okeanarium günde 50 müňden gowrak myhmany kabul edip bilýär. Bu ýerde dünýädäki iň uly akwarium witrinasy we dünýädäki iň uly janly korally akwarium, şeýle-de iň uly deňiz muzeýi ýerleşýär. Umuman, 15 tematiki zolaga bölünen seýilgähde deňiz jandarlarynyň 300-e golaý görnüşi hem-de janly korallaryň 100 görnüşi ýaşaýar.

Seýilgähde attraksion hem bar – mysal üçin, Aziýanyň suw baýlyklaryna we ekoulgamlaryna bagyşlanan, “Galaktikanyň sakçylary” filmi bilen meňzeşligi bolan “Kosmos dünýäsi”, şeýle-de “Bermuda başdan geçirmesi” simulýatory hödürlenýär.

“Çimelongyň” açylyşy 2021-nji ýyla meýilleşdirilipdi, ýöne 10 ýyl taslama işinden we 5 ýyl gurluşykdan soň ägirt seýilgäh diňe 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda myhmanlar üçin gapysyny açdy.

Binanyň gurluşygy üçin Chimelong Group kompaniýasy 1,1 mlrd ABŞ dollaryny sarp etdi diýip, “The Messenger” ýazýar.

Chimelong Spaceship ylmy seýilgähi Chimelong Group-yň Çžuhaýda gurýan ägirt uly güýmenjeler seýilgähiniň bir bölegi bolar. Dokuz ýyl mundan öň bu ýerde Ocean Kingdom tematiki akwaparky açyldy. Ýene-de iki sany uly desgany, şol sanda safari seýilgähini gurmak meýilleşdirilýär.

Alynan ýeri:TMCARS TECHNOLOGY HABARLAR BÖLÜMI.

15
276