gurbanowa
17.09.2023 19:42

Zenany diñe mertler gadyrlar,namartlar horlar...!

22
51
gurbanowa
14.09.2023 21:03

Şeýlebir ösüş görkez adamlar seniñ bilen täzeden tanyşmak islesinler...!

22
79
gurbanowa
13.09.2023 09:50

Bes etme kynçylyksyz, üstünlik ýokdur...!:)

24
40
gurbanowa
30.07.2023 18:50
Dinden çykarmawer dine gireni,
Sandan çykarmawer sana geleni.
Enäñ göwresinde jana geleni
Bu dünýä gelmekden binesip etme...

Berdinazar Hudaýnazarow
30
114
gurbanowa
27.07.2023 22:02
Dyz çöküp,söz berip,söýgüsin tutan,
Sözünde durmaýan namart ekeni .
"Söýýän"diýen, hemme mertlerden köpräk,
Janyn dözüp söýjek Kakam ekeni.

Şat günde dost bolup,syrymy alan,
Dostum diýenlerim,ýylan ekeni.
Mydama kalbyma melhem,em bolan,
Dünýäde çyn dostum Kakam ekeni.

Şatlykdyr,lezzetdir diýen bu dünýäm,
Gam-gussadan doly,ýalan ekeni.
Ünjüler ýürege barypdyr eýýäm,
Aslynda şat dünýäm Kakam ekeni.

Ýakynlaryma derdim aýdyp aglasam,
Diňläp,soň yzymdan güljek ekeni.
Bu ýüregim ynjap hasratda galsam,
Çyn,derdim düşünjek Kakam ekeni.

awtory:Zilola Jepbarowa.
37
125