Dyz çöküp,söz berip,söýgüsin tutan,
Sözünde durmaýan namart ekeni .
"Söýýän"diýen, hemme mertlerden köpräk,
Janyn dözüp söýjek Kakam ekeni.
Şat günde dost bolup,syrymy alan,
Dostum diýenlerim,ýylan ekeni.
Mydama kalbyma melhem,em bolan,
Dünýäde çyn dostum Kakam ekeni.
Şatlykdyr,lezzetdir diýen bu dünýäm,
Gam-gussadan doly,ýalan ekeni.
Ünjüler ýürege barypdyr eýýäm,
Aslynda şat dünýäm Kakam ekeni.
Ýakynlaryma derdim aýdyp aglasam,
Diňläp,soň yzymdan güljek ekeni.
Bu ýüregim ynjap hasratda galsam,
Çyn,derdim düşünjek Kakam ekeni.
awtory:Zilola Jepbarowa.