gulshatayewa97
28.01.2024 21:55
ÝAGŞA MEŇZEŞ…
Kän arzuw ederdim öňler
Hemra edinip hyýaly.
«Meniň saýlajak ýigidim
Bolsun diýip ýagyş ýaly».
Ýagyş deýin joşup duran
Duýgy bolsun gursagyna.
Güldürip bilsin ýüzümi
Gama batan pursadymda.
Söýsün meni çyny bilen,
Küýsetmesin özge gujak.
Kä şanyma şygyr ýazsa,
Käte çalsyn dutar, gyjak.
Ähli ýerde, hemme wagt
Açyp bilsin ýüregimi.
Çawuş çaksyn gyz-gelinleň
Tutmajagny deregimi.
Gözlerime bakanynda,
Gitsin kalbym joşup, jigläp.
Meň ýanymda agras däl-de,
Bolsun biraz dälimçigräk.
Asudaka, gaharlyka,
Şatlananda, söýeninde,
«Sen meniň ömrümiň örki»
Her deminde diýeninde,
Daglar-daşlar aman diläp,
Kalbym ýaly gitsin eräp.
Söýgimize ganat berjek
Tapsyn iň ajaýyp sebäp.
Käteler tötänden ýa-da
Göwni gidip baksa biri.
Müň mertebe toba etsin
Arkasynda bar diýp şiri.
…Sataşdym şeýle ýigide
Gursagy aýdym-şygyrly.
Bagtym bolup gelen ýigit
Hem-ä alçak, hem-de syrly.
Käte ot deý çabyraýar,
Birden buz deý barýar sowap.
Ýöne ýeke ýylgyryşy
Sowallarňa bolýar jogap.
Oýlanmaga mejbur edýär,
Hiç bir zadyň soňun saýman.
Tutup bormy közi elde,
A suwy ýüzünde aýnaň?!
Gurbanjemal ANNAKOWA
27
46
gulshatayewa97
28.01.2024 13:55
Bir düşnüksiz howsalasy bar ýaly,
Indi ençe gündür ýagýar ol diňmän.
Ýa derde sataşdy,
ýa-da ýüregne
Yşkdan uçgun düşdi gözi deý iňňäň.
Ýagyş ýagýar, suw-sil edip ýollary,
Kimleň şähdi açyk, kimler darykýar.
Näçe adam öýlerine howluksa,
Ýene-de şonçasy daşaryk çykýar.
Her kimiň kalbynda çäksiz tolgunma,
Hoş sözler aýdylýar, ötülýär hata.
Saýawanly gyzjagazny göterip,
Hanha, gidip barýar nowjuwan ata.
Jemläp bir damjada müňlerçe syry
Ýagyş bagt paýlaýar töwerek-daşa.
Häzir bir-biregi küýsän aşyklaň
Duşuşygy has lezzetli, başgaça.
Ýagýar hetden aşyp,
sygman adata,
Bu howsala ýönekeý däl, kiçeň däl.
Mazaly ezilen baglar Gün çyksa,
Ýagşyň hikmetini dünýä güjeňlär.
Gurbanjemal Annakowa
29
44
gulshatayewa97
25.01.2024 16:30
Öýkelegim, gαrα gözüm, ezizim,
Öýkäň bileη ýüregimi ezmegiη.
Seηi ýitirmekdeη gorkýαryη gαty,
Düşünjek bol, ýüzüň sowup gezmegiη.
Neηeň dözýäň ýαgdαýyma, hαlymα,
Gαm-gussαdαη sαrαlmαýyn, solmαýyη,
Hiç zαtsyz bolsαmdα ýeriň ýüzüηde,
Ýöηe seηsiz weliη, ýαlňyz bolmαýyη.
26
71