gulshatayewa97
28.01.2024 21:55
ÝAGŞA MEŇZEŞ…
Kän arzuw ederdim öňler
Hemra edinip hyýaly.
«Meniň saýlajak ýigidim
Bolsun diýip ýagyş ýaly».

Ýagyş deýin joşup duran
Duýgy bolsun gursagyna.
Güldürip bilsin ýüzümi
Gama batan pursadymda.

Söýsün meni çyny bilen,
Küýsetmesin özge gujak.
Kä şanyma şygyr ýazsa,
Käte çalsyn dutar, gyjak.

Ähli ýerde, hemme wagt
Açyp bilsin ýüregimi.
Çawuş çaksyn gyz-gelinleň
Tutmajagny deregimi.

Gözlerime bakanynda,
Gitsin kalbym joşup, jigläp.
Meň ýanymda agras däl-de,
Bolsun biraz dälimçigräk.

Asudaka, gaharlyka,
Şatlananda, söýeninde,
«Sen meniň ömrümiň örki»
Her deminde diýeninde,

Daglar-daşlar aman diläp,
Kalbym ýaly gitsin eräp.
Söýgimize ganat berjek
Tapsyn iň ajaýyp sebäp.

Käteler tötänden ýa-da
Göwni gidip baksa biri.
Müň mertebe toba etsin
Arkasynda bar diýp şiri.

…Sataşdym şeýle ýigide
Gursagy aýdym-şygyrly.
Bagtym bolup gelen ýigit
Hem-ä alçak, hem-de syrly.

Käte ot deý çabyraýar,
Birden buz deý barýar sowap.
Ýöne ýeke ýylgyryşy
Sowallarňa bolýar jogap.

Oýlanmaga mejbur edýär,
Hiç bir zadyň soňun saýman.
Tutup bormy közi elde,
A suwy ýüzünde aýnaň?!

Gurbanjemal ANNAKOWA
27
46
gulshatayewa97
30 Yanwar 2024
@flowers_, ne za çto😍
garik
28 Yanwar 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.