gulshatayewa97
21.08.2023 00:13
Her güη süýji ukα gideη mαhαlym,
Jαň edip oýαrmα, iηdi Jαň etme!
Yzdα gαldy seň αrzylαη mαhαlyň,
Ýαlbαrýαryη iηdi mαňα jαň etme!
Owαdαη sährαlαr öpeηde ýαzy,
Çαr ýαηdαη eşdilip, bilbil owαzy.
Öýdüpdim meη seηi ömrümiň ýαzy,
Bαry geçdi, indi mαňα jαň etme!
Seýikläp bolmαýαr döwülse αýηα,
Nädeýin şum kysmαt düşse pαýymα.
Iηdi giç jαň edip hαsrαtdα goýmα,
Gαlmαdy hiç sαbrym, iηdi Jαň etme!
Siňdirip gursαgmα, söýgiηiň joşuη,
Meýmiräp döşüňe goýαrdym bαşym.
Söýgide utuldym, iň αýηy ýαşym,
Bαry geçdi iηdi mαňα jαň etme!
Ýαşyl ýαýlα, ýαşyl begres geýeηde,
Mαýsαlαr ýαz ýαgşα bαşyη egeηde.
Aý αgyllαp, dαň ýyldyzy dogαηdα,
Küýsedimle diýip, iηdi JAŇ ETME!
26
60
gulshatayewa97
20.08.2023 06:43
(gazak şahyry Kadyr Murzalyýewden)
Ýaşlyk ölse yzgarly,
Ýalňyzlykdan ölýändir.
Ýaşy ýeten gyzlaryň,
Ýar bolasy gelýändir.
Ýaşlyk çagyň ýel güni,
Şuwlaýan bir gök tokaý.
Ýara ýeten ol güni,
Perzent ýoluna bakar!
Eger ýörülse diri,
Arzuw-arzuwa ýazar.
Bu arzuwlaň hiç biri,
Hasyl bolman dur häzir.
Açma, garaş idäne,
Duş gelene ýüregiňi.
Ýaş çaýmawer didäňe,
Oň üçin nur deregine.
Ynha, seniňem bagtyň,
Ýigit bolup ýylgyrar.
Onsaň hoş geçer wagtyň,
Depäň ýeter ýyldyza!
Ýöne ähli jübütleň,
Daldir ömri gül ýaly.
Aglap ýör köp ýigitler,
Kä gyz gülse gün ýaly.
Söze uýmany başar,
Bolar maňza damany.
Adam hataryna goşar,
Ýagşy gyzlar ýamany.
Ýanýoldaş däl, böwrüne,
Sanjy alar kä ýigitler.
Ýerganara öwrüler,
Şeýdip algyr bürgütler.
Ýigitlerde bir ýetmez,
Gyz synlarlar gyradan.
Akylyna seretmez,
Alkymyna sereder!
Bilseň ähli jübütleň
Däl durmuşy gül ýaly.
Kim aglaýar bulut deý,
Kimse gülse Gün ýaly.
Kim bilýär bu durmuşda,
Näme düşerin bijä?!
Owadan toty guşlar,
Dönüp gitdi kel jüýjä.
Ýeter-ýetmez aýlyga,
Bagtly bagtyn baglap ýör.
Äre barman baýlyga,
Baran gyzlar aglap ýör.
Gözellerde bir ýetmez,
Ýigit saýlar gyradan
Akylyna seretmez,
Altynyna sereder.
Başyň bogup hasratdan,
Doldurýançaň gursagyň.
Aladaň ýok hiç zatdan,
Oňad-a şu pursadyň.
Goý, oň üçin ýaglygyň
Öl bolmasyn çowy, gyz,
Uýat bolar, aglama,
Ýarsyz galmaz gowy gyz!
1966 Halyl Kulyýew
22
39