gulshatayewa97
20.08.2023 06:43
(gazak şahyry Kadyr Murzalyýewden)


Ýaşlyk ölse yzgarly,
Ýalňyzlykdan ölýändir.
Ýaşy ýeten gyzlaryň,
Ýar bolasy gelýändir.

Ýaşlyk çagyň ýel güni,
Şuwlaýan bir gök tokaý.
Ýara ýeten ol güni,
Perzent ýoluna bakar!

Eger ýörülse diri,
Arzuw-arzuwa ýazar.
Bu arzuwlaň hiç biri,
Hasyl bolman dur häzir.

Açma, garaş idäne,
Duş gelene ýüregiňi.
Ýaş çaýmawer didäňe,
Oň üçin nur deregine.

Ynha, seniňem bagtyň,
Ýigit bolup ýylgyrar.
Onsaň hoş geçer wagtyň,
Depäň ýeter ýyldyza!

Ýöne ähli jübütleň,
Daldir ömri gül ýaly.
Aglap ýör köp ýigitler,
Kä gyz gülse gün ýaly.

Söze uýmany başar,
Bolar maňza damany.
Adam hataryna goşar,
Ýagşy gyzlar ýamany.

Ýanýoldaş däl, böwrüne,
Sanjy alar kä ýigitler.
Ýerganara öwrüler,
Şeýdip algyr bürgütler.

Ýigitlerde bir ýetmez,
Gyz synlarlar gyradan.
Akylyna seretmez,
Alkymyna sereder!

Bilseň ähli jübütleň
Däl durmuşy gül ýaly.
Kim aglaýar bulut deý,
Kimse gülse Gün ýaly.

Kim bilýär bu durmuşda,
Näme düşerin bijä?!
Owadan toty guşlar,
Dönüp gitdi kel jüýjä.

Ýeter-ýetmez aýlyga,
Bagtly bagtyn baglap ýör.
Äre barman baýlyga,
Baran gyzlar aglap ýör.

Gözellerde bir ýetmez,
Ýigit saýlar gyradan
Akylyna seretmez,
Altynyna sereder.

Başyň bogup hasratdan,
Doldurýançaň gursagyň.
Aladaň ýok hiç zatdan,
Oňad-a şu pursadyň.

Goý, oň üçin ýaglygyň
Öl bolmasyn çowy, gyz,
Uýat bolar, aglama,
Ýarsyz galmaz gowy gyz!

1966 Halyl Kulyýew
22
39
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.