gulshatayewa97
18.10.2023 15:57
...Ýapraklar ýene terk edýär,
Güýzde şahasyn baglaryň.
Gaçypdyr olaň görki-de,
Ötüpdir ýaşyl çaglary...
🍁🍁🍁
Otyrlar kibtin gysyşyp,
Bu çyplaň baglar üşeşip.
Indi şadyýan guşlaram,
Girerler diňe düýşlerine.
🍂🍂🍂
Tänip, bir-birden hoşlaşyp,
Gaýyp gitse-de ýapraklar.
Barybir bilmez daşlaşyp,
Gelip ýatarlar toprakda...
🍁🍁🍁
Hany, ol ýazlaryň ýagşy,
Bir mahalky şatlyk-şowhun?
Goý, olary gara gyşyň,
Gazabyndan Hudaý sowsun!
🍂🍂🍂
Başlaryna düşer ak gar,
Ýyllar, öz hökmün ýöredýär.
Neçün bu ýalaňaç baglar,
Bizde munça gam döredýär..?
Annamuhammet Kirşen
26
43
gulshatayewa97
17.10.2023 21:30
Ýyldyzlar dörän, ýere nur saçsyn diýe🌟
Güller açarmyş, ýere ys bersin diýe🌺
Seni ýaradan Taňry, söýsünler diýe😍
Meni ýaradan, saňa taý bolsun diýe👩❤️👨
Meniň gözlerim bilen seret özüňe🤩
Ynanmarsyň niçik söýýänligime💕
Käte gelip meniň bu halymy sora🤗
Ýa-da başlaly täze durmuşa, ýola🫴
Bulutlaryň üstünden, Güneş bolup gel🌞
Guran bu topragyma ýagyş bolup gel🌧
Hem seň üçin, hem özüme dileýän bu gün🤲
Ikimize ýetilmedik bagt bolup gel💞
27si geçdi, sensiz ýyllaryň😔
Sensiz geçmesin inni,sen bol geljegim💖
Aýyrmasyn Taňrym edýän dilegim,
Saňa seslenýän, şyňlasyn gulagyň🤗
Şamyrat Orazow -GeL
24
50
gulshatayewa97
16.10.2023 20:17
Güller gözelligi sendeη öwreηer,
Göz degmesiη, Gülüm, gül çαgyň seηiň.
Agşαmyň şαpαgy söηük görüηer,
Säheriň şαpαgy ýαňαgyň seηiň.
Gözleriňe bαkα bilmeη bαkαňdα,
Bαksαm ýürek αýdym αýdαr ɦαҡʏňɖα,
Ak hüηjiňi, αk boýηuňα dαkαňdα,
Bα:glαr gözlerimi beηt bαgyň seηiň.
Dogαňdα dogupsyň gαşy sürmeli,
Zülpleriňi ogşαp-ogşαp örmeli.
Bαgty görmek isläη seηi görmeli,
Düşümlidir, Gülüm, αýαgyň seηiň!
Görsem, ýüregimde bir tupαη turαr,
Görmesem, ýüregim mydαm αh urαr.
Alkymyňdαη αtyr ysy bαrk urαr,
Gülαbyň gαýmαgy, dodαgyň seηiň.
Gara Seýitliýew
26
46