gullnara_
27.10.2023 20:09
Eger size :"Gümüňi çek. Dört tarapyňam açyk" diýýän bolsalar, onda günorta tarapa gidiň. Şol taýy ýyljajyk. 😁

Meni gumumy çekmäge ugratmak isleseňiz, onda ol ýere meni ozüňiz äkidip gelmeli bolarsyňyz. Sebäbi men gaty ýalta...😆😆😆
32
260
gullnara_
27.10.2023 15:24
Bir gun Rus doglan guni gidip otyr. Ona Turkmen, Gazak, Özbek we Täjik  çagyrylýar. Soň bular naharyň başyna geçyärler.
Ortada hemme zat gyzyl çayylan eken. (tarelka, loşka, wilka...) Rus ozune tost galdyryp otyrka Gazak wilkany alyp jubusine salypdyr. Munam Türkmen gorupdir. Beyleki ikisem nädip almanyň gözleginde eken. Tost aytmak gezegi Türkmene düşüpdir. Turup: " Gadyrly doganym, Rus. Men sonky dowurlerde fokus owrendim. Eger mumkin bolsa birini gorkezeyin. Rus: "Hany, bakaly" Yanky Türkmen öňündäki duran wilkany jubisine salyp, Gazagyň jübüsinden çykarypdyr.
38
300
gullnara_
27.10.2023 10:14
Gün we şemal.

Gün we şemal kimiň güýçlidigini jedel etdiler, şemal: “Özümiň güýçlidigimi subut ederin. Paltoly syýahatçy gojany görýärmiň? Men onuň paltosyny çykardyp biljekdigime ynanýaryn. ”
Gün bir buludyň aňyrsynda gizlendi, şemal tupana öwrülýänçä has güýçli we güýçli öwüsip başlady.
Ýöne näçe güýçli öwüsse, goja şonça-da paltosyna dolandy. Ahyrsoňy şemal ýuwaşady we bes etdi; Soň bolsa Gün bulutlaryň aňyrsyndan çykdy we syýahatça mylaýym ýylgyrdy. Syýahatçy günüň yssy şöhlelerinde gyzdy, şatlandy we paltosyny çykardy. Gün bolsa şemala hoşniýetliligiň we dostlugyň elmydama gahardan we güýçden güýçlidigini aýtdy.

Rus dilinden terjime
23
74
gullnara_
26.10.2023 21:55
Men ýaş wagtym şeýle bir samsyk ekenim-dä...
- Sen henizem ýaş görünýärsiň!

Düýn elimde ýarty kerpiç we ýüzümde ýylgyryş bilen şäheriň içinden geçdim - hatda awtobuslaram ýol berdi.
Netije: Adamlara ýylgyryň we olar has mähirli bolarlar!)))

Telefonyny wagty görmek üçin jübüsinden ýa-da sumkasyndan  çykaryp, soň telefona seredip, wagty görmegi ýatdan çykaryp, jübüsine ýa-da sumkasyna salýan agzalar bärde-de  barmyka? ))
41
235
gullnara_
26.10.2023 19:20
Ruslaryň bir obasynda bir adam ýaşaýardy. Çagalykdan bäri gymyldap bilenokdy, şonuň üçinem edip biljek ýekeje zady pejiň üstünde ýatýardy. Şeýdip, otuz ýyl töweregi ýatdy. Bir gün bu obadan geçip barýan bir garry goja onuň külbesine sowulmadyk bolsa, onuň durmuşy şol peçde gutarardy.
Goja: - Içmäge suw beräýiň.
-Garry, men saňa kömek edip bilemok, sebäbi bütin ömrümde hiç kimiň kömegi bolmazdan ýekeje ädim ätmedim -diýip, hassa aglap başlady.
- Näçe wagtlap bu ädimi ätmäge synanyşdyňyz? - diýip goja sorady.
Näsag jogap berdi: -Köp wagt mundan ozal. Näçe ýyl mundan ozal ýadymda däl.
-Ine, size jadyly hasa, oňa daýanyp turuňda maňa suw alyň -diýip, goja oňa hasa berdi.
Syrkaw adam düýşdäki ýaly peçden turup, hasany eli bilen tutdy we ... ýerinden turdy! Ol aglady, ýöne bu gezek bagt bilen.
- Nädip sag bolsun aýdyp bilerin we maňa nähili ajaýyp hasa berdiňiz ?! - diýip ýigit  sorady.
-Bu bir taýak, peçiň aňyrsynda duran bir adaty tutawaç -diýip, ýaşuly jogap berdi.
-Bu ýerde jadyly zat ýok. Hasanyň jadylydygyna ynanandygyňyz we ejizligiňizi ýatdan çykaranyňyz üçin turup bildiňiz. Indiki gezek durmuşda kynçylyk çekeniňizde, başgalaryň kömegine garaşmaň, töweregiňize has ýakyndan serediň. Golaýyňyzda mydama Hudaý tarapyndan goýulan söýegler “hasalar” hemişe bolar.
37
142
gullnara_
26.10.2023 12:57
 Bir adam jenaýat edýär. Ony tutup, patyşanyň huzuryna getirýärler. Ol adam bu hereketi üçin ölüm jezasyna höküm edilýär, ýöne patyşa ony öz ykbalyny saýlamaga çagyrýar: ýa asylmaly, ýa-da uly, gara, gorkunç polat gapydan çykmaly. Jenaýatçy pikirlenip, dar agajyny saýlaýar. Boýnuna ýüp dakanlarynda, birden:
- Ölmäkäm aýdaýyň: şol gapynyň aňyrsynda näme bar?
Patyşa güldi:
- Görýän welin, saňa-da gyzykly ýaly. Men bu saýlawy hemmelere hödürleýärin - ýöne hemmeler ýüpi saýlaýarlar.
- Gapynyň aňyrsynda näme bar? - jenaýatçy soraýar. "Men indi hiç kime aýdyp bilmen, barybir ölýän" -diýýär
Birsalym dymandan soň patyşa şeýle jogap berýär:
-Ol gapyň aňyrsynda erkinlik bar. Ýöne adamlar näbellilikden şeýle bir gorkýarlar welin, oňa ýüpi saýlamagy makul bilýärler...
30
141
gullnara_
25.10.2023 21:53
- Salam ýüregim!
 - Salam!
- Gowmy ýagdaýlaryň?!
- Ol seni taşlanyndan soňra ýadyňa düşäýdimi meniň ýagdaýym?
Sen onuň bilen ömürlük bolmajagyñy başdan bilýärdiň, ýöne şondada şony söýýäňä sen. Ondan sowuk sözler eşideniňde men hergün ýaralandym, hergün kemsidildim, hergün öldüm-direldim. Sen näme üçin ony beýle söýdüň? Ol seni unutdy taşlady a sen näme etdiň şo maňa ýara salmagyňy dowam etdiň, hiç durup seretmediň ýüregime nämeler bolýar diýip sen diňe söýdüň, diňe söýdüň. Jogapsyz, gaýtargysyz, ähli zady unudup söýdüň. Beýle baglanmak hökmanmydy? Beýle söýmek hökmanmydy? Seret mende başka birine hiç ýer goýmany söýdüň, a ol gitdi welin ynha boşap galdyma men, señem durmuşuň boşady. Aý bolýada ýok ýok gowy meniň ýagdaýlarym sagbol.
- Bagyşla ýüregim bagyşla. Ýöne ählisine sen günäkär. Onuň keşbini her görenimde, gözlerine seredenimde, sen şeýle batly urup meniň akylymy huşumdan almadyk bolsadyň men ony beýle söýmezdim, sen günäkär sen...
43
285
gullnara_
25.10.2023 09:58
Durmuş sapagy...

Garagol çaga kakasyny gaty gaharlandyrýardy. Etme diýenini edip. Et diyenini etmän. Ýyllaryň geçmegi bilen ýetginjek ýaşa ýeten çaga ýene kakasyny gaharlandyrjak iş edipdi. Muňa sabyr käsesi dolan kakasy Orazberdi aga ogluna:
– Adam bolmarsyň sen - diýip uly ses bilen gatyrganýar. Ogly hem bu gepi gaty görüp kakasyna gaharlanyp:
– Ine görersiň nähili bolýamyşym - diýip öyüň gapysyny şakyrdadyp ýapyp öýden gidýär. Şol gidişine öýe hiç gelmeýär. Ýyllaryň geçmegi bilen ýaňky oglan uniwersiteti gutarýar. Maşgalaly bolýar. Jaýy, maşyny, işi, iş edarasy bolýar. Bir gün Orazberdi aga öz işi bilen meşgullanyp ýörkä gapy kakylýar. Gapyny açýar, seretse iki sany geýnüwli daýaw adamlar:
– Ýaşuly, siz biz bilen gitmeli - diýip iki golundan tutup maşyna salyp alyp gidýärler. Orazberdi aga nirä barýanyna düşünip ýetişmänkä ýaňky iki daýaw adamlar bir edaraň otagyna eltýärler. Otagyň içi uly, hemme zat ýerbe ýer bir başlygyň otagyna meňzeýärdi. Stoluň başynda oturgyjy ters öwrüp oturan adam Orazberdi agany görüp:
– Kaka, geldiňmi - diýip gürlemegini dowam edyär.
– Seret kaka, men seň isleýşiň ýaly boldum. Başlyk boldum. Şu edaraň hemmesi maňa degişli. Indi ynjaldyňyzmy? - diýip sözüni soňlaýar. Kakasy Orazberdi aga gamgyn gözleri bilen gomparyp duran ogluna seredip:
– Wahhh, oglum. Men saňa başlyk bolmarsyň diýmedimä, ADAM bolmarsyň diydim.
- O nähili kaka? - diýip ogly geňirgenip soraýa.
– Eger adamçylygyň bolsady gowy habaryňy aýtmak üçin iki adam ugradyp meni aýagyňa çenli getirmezdiň, özüň gelip gapymy kakardyň - diýip gamgyn ädimler bilen öýüne rowana bolýar.
36
110
gullnara_
25.10.2023 06:47
Bir gün ahli duýgular gizlenpecek oýnapdyr.Telbelik men gözleýän diyipdir.Mähir Günüň aşagyna, görip batgalyga, dönük ýylgynlaryň aňyrsyna, dostluk agajyň arkasyna, mertlik wulkan içine, guman gijäniň arkasyna, ynanç daglara,gozellik bolsa Ayyň aňyrsyna gizlenipdir. Söýgi nira  gizlenjegini bilman durupdyr. Sanamak wagty gutaryp baryarka güllerin aňyrsyna
gizlenipdir.  Telbelik  söýgüden basga ähli gizlenen duýgulary tapypdyr. Şonda görip gelip söýginiň niredeligini aýdypdyr.Telbelik gazaplanyp, güllerin aňyrsyna pycak sanjyp baslayar. Şol wagt gulleriň asagyndan gözleri oýulan,yüzleri gana boyalan soygi  cykypdyr. Telbelik ondan ötünç sorap,eden işine ökünýänligini aýdypdyr. Söýgi  bolsa:”Men indi kör boldum,sen mana indi ýolgörkeziji bolarsyň!” diýipdir.  Şundan son söýgüniň gözi kör, telbelik bolsa ona ýolgörkeziji bolupdyr.
25
77
gullnara_
24.10.2023 20:51

Awtobusdan dûsûp barýalar:

ÝAshylylaryñ biri: -ýa bissimilla

diýse ýene biri: -ýa Alla diýen,

ýene biri: -ýa pirim diýse bir ors

adam bar eken olam: -ýa Andreý

diýip dûşûp gidipdir


Bir garrynyň yzynda ajal gelipdir .Garram ondan gaçyp çagalar bagyna çagalaryň arasyna barypdyr.

Olar şol wagt kaşa iýip otursa olam ajal sowa geçer diýip aldygyndan iýip başlapdyr. Şol wagt ajal garra - Körpe näme edýäň . -Mamma iýýän -Mammany iý soňra hoppa gideli diýipdir))

44
451