gullnara_
26.10.2023 12:57
 Bir adam jenaýat edýär. Ony tutup, patyşanyň huzuryna getirýärler. Ol adam bu hereketi üçin ölüm jezasyna höküm edilýär, ýöne patyşa ony öz ykbalyny saýlamaga çagyrýar: ýa asylmaly, ýa-da uly, gara, gorkunç polat gapydan çykmaly. Jenaýatçy pikirlenip, dar agajyny saýlaýar. Boýnuna ýüp dakanlarynda, birden:
- Ölmäkäm aýdaýyň: şol gapynyň aňyrsynda näme bar?
Patyşa güldi:
- Görýän welin, saňa-da gyzykly ýaly. Men bu saýlawy hemmelere hödürleýärin - ýöne hemmeler ýüpi saýlaýarlar.
- Gapynyň aňyrsynda näme bar? - jenaýatçy soraýar. "Men indi hiç kime aýdyp bilmen, barybir ölýän" -diýýär
Birsalym dymandan soň patyşa şeýle jogap berýär:
-Ol gapyň aňyrsynda erkinlik bar. Ýöne adamlar näbellilikden şeýle bir gorkýarlar welin, oňa ýüpi saýlamagy makul bilýärler...
30
141
tmyigit76
26 Oktýabr 2023
@mawy, menem gapy saýlardym
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.