gullnara_
31.10.2023 20:12
Bu dünýede aglajak bar, güljek
bar ,
Bir gül ysgap başga güli
ýoljak bar,
Eger bar zat puldan çözülýän bolsa,
O dünýäden bu dünýäge geljek bar ...
24
42
gullnara_
31.10.2023 07:33
Özüme.

Her kime başardar akyl bermeklik,
Akyl almak welin akylla galar.
Ýañra kişi bir gün tapar dilinden,
Dymmak geljek belañ öñüni alar.

Diñle,diñlemekden zyýan ýok,ýöne,
Her akyl bereniñ ýoluna gitme.
Hiç kime kömegiñ degmesede hiç,
Zeperiñ degmesin,göriplik etme.

Kiçi bol,ulumsy şeýlede ýetik,
Şahyrlyk sahnasy bize galmandyr.
Setirlem ganyma siñen bolsada,
Halkyñ ýüreginde orun almandyr.

Ýazma,besdir indi,bu ýol saña däl,
Heý okaýan barmy,ýazan setirleñ!?.
Eger şahyrlygyñ çyn bolýan bolsa,
Bolardy goşgulañ çapa geçirlen!?.
Şahyr ýazmazdan öñ biraz pikirlen!

Merjen Jumaýewa.
23
26
gullnara_
31.10.2023 01:27
Goňşymyň gyzy.

Aýdym aýdýar, garga ýaly gygyryp, Goňşymyň lälijek, ýaltaja gyzy.
Sazyn çalýar, gapdalyndan sygyryp, Goňşymyň lälijek, ýaltaja gyzy.

Ýazyp-bozup, kitap okap bilmeýär,
Tikin tikip, haly dokap bilmeýär.
Gün gyzýança, düşeginden galmaýar,
Goňşymyň lälijek, ýaltaja gyzy.

Haçan görseň, uzyn pallap gernip dur,
Gaharlanyp, ejesine sürnüp dur.
Ýakasyndan, kirli döşi görnüp dur,
Goňşymyň lälijek, ýaltaja gyzy.

Işlemeýär, ýalta janyn aýaýar,
Gözün-gaşyn, dürli reňke boýaýar.
Özüni gözelleň, gözeli saýýar,
Goňşymyň lälijek, ýaltaja gyzy.

Ýylgyranda, agzy-burny gyşykdyr,
Uz basanda, aýaklary çaýşykdyr.
Men nätsemkäm?
Oglum bilen söýşüpdir,
Goňşymyň lälijek, ýaltaja gyzy.

Täçnazar Allalyýew.
31
632
gullnara_
30.10.2023 15:14
Toýda bagsy aýdym aýdýar Gelin gelýär, gelin gelýär..
Öýlenýän oglanam içinden:
-Meni görenokmykaraý bu sahne..
😆😆😆
Ýarygije aýaly adamsyny oýarýar. Adamsy:
- Näme boldy?
Aýaly:
-Hiç zadam bolanok. Emma şu aýlygyň bilen, arkaýyn hor çekip  uklaýanyňa akyl ýetirip bilemok.
***
Balykçynyň çeňňegi silkelenýär. Ol çeňňegi çalt çekip alýar. Görse zat düşmändir. Balykçy haýran galyp:
-Bu name boldugyka, çeňňegi balyk çekmedimikä?
Çeňňegiň ujundaky gurçuk:
-Ony men çekdim.
-Näme üçin, samsyk?
-Özüň samsyk!Ol ýerde meni tasdan iýipdiler!
♡♡♡
Mazarystanda bir alkaş yatyp galyar, ýary gije turyp görse daş-töweregi mazarlyk diýýär, aňyrrakda-da garawul yer gazyp ýör diyär, alkaşam şuny gorkuzayynla diyip özüni prostyn bilen örtüpdir-de yaňkyny gorkuzmaga başlapdyr, -uuuuuuu diyipdir garawulyň azarynada däl diýýär, alkaş beylesine geçibem wäääääääää  diyipdir. garawul muňada üns bermändir, alkaş keypsiz mazarystandan çykyp barya, hatda prostyny aýyrmagam ýatdan çykaran, birden yzyndan garawul pil bilen kellesine urupdurda:- şu towerekde aylansaň aýlan welin derwezeden çykma diýipdir !
40
294
gullnara_
30.10.2023 09:06

Hemmaňiziň ertiriňiz haýyrly bolsun, goý bu gün iň owadan, in bagtly, iň şadyyan günleriň biri bolsun!

Sebäbi bu gün понедельник 😊

Işiňizde, okuwyňyzda üstünlik!

👍❤📚🎂☕🍼🍰🍯🍳🍔🍬🍫


Säher turup, syl ýüzüňe çagaňy,

Päkligiňde bolup bilseň şonça bol.

Sen sanama gara saçyň agyny,

Sen sag-aman öreniňe monça bol.

G. Ezizow

19
100
gullnara_
30.10.2023 00:35
Men kime aydaýyn ýüregmiň syryn,
Ýürekdeş bolmasa ýedi yat yurtda.
Goy ol syrlar bilinmesin hiç wagtam,
Sebäbi dostumdan duşmanym köpde...
18
43
gullnara_
29.10.2023 23:54
Irden beynim:
- Tur wagt boldy sen işe gitmeli!!! - diýeninde bedenim:
+ Bar ýok bolsanaý, düýn agşam serialyň soňynyň nähili boljagyny bilesi gelen sen dälmi!?

Synpda mugallym:
- Çagalar. Ine meselem bir garynjajyk uzynly gün agyr-agyr işläp ýadaýar. Soň näme bolýar?
+ Bir haram gelip ol garynjany mynjyradýar.

Interesno, kofe bilen uky dermany bile içsek nähili bolarka!?

Seň ýanyňda biri özüni samsyk ýaly alyp barýan bolsa diýmek ol seni hakykatdanam söyüpdir. Yada ol hakyky samsyk.

Käbir gyzlara degişli, goýsaňyzlaňaý. Siziň owadanlygyňyzyň 95% mokry salfetka bilenem ayyryp bilýän.

Agşam ukym tutmasa budilnigin aýdymyny diňleýän. Beynim "Yene azajyk ýataýyn" diýip rezka uklaýar.

"Sen maňa şeýdip janygyp düşündirýänine sagbol. Yöne saňa gynanýan, sebäbi seň aýdýan zatlaryň maňa gyzygy ýok"

"Aýtdymahow 5 minutdan barýan diýip. Nä her sagatda jaň edip dursun!?"

Gyzlar iki topara bölünýärler. Biri arassaçyl, beýlekisi romantiklar. Ýagny birinji topar öýde tozan görse süpürýär, ýuwýar, arassalaýar. Ikinji topar bolsa şol tozana ýürejik çekýär. Üçünji topar üfläp ol tozany öýe ýaýradýar. Dördünji topar eli bilen tozany süpürüp elini aşak kakýar. Yene bir topary tozany görüp hiçzadam edenok. Aýýý  iki topardäl eken, ýene köp eken. Gyzlar gaty görmän, bir bar eken, bir ýok eken...

awtory idealider
30
319
gullnara_
29.10.2023 19:47
Kirpi  doglan güne gelen myhmanlary garşy aldy.
Tilki aýydan öň geldi, möjek - towşandan giç,  aýy - towşandan has ir, garga - möjekden giç geldi.
Kim birinji geldi?
Myhmanlar haýsy tertipde geldiler?

Suratda näçe gyz bar?
18
251
gullnara_
28.10.2023 15:19

Serhoşlaryň topary dostuny öyüne ugratmak üçin ulaga münipdirler.

Ulaga münmezinden ozal bir oglanyñ ejesi olara: \"Allah ýaryñyz bolsun\" diýipp ýagşy niyeti diledi. Ol oglan hem: \"Ulagymyzda Allah üçin yer yok. Eger islese ulagyn bagażyna girip biler\" diýip jogap berdi. Birki sagatdan oglanyñ ejesine gynançly habar geldi. Ogly ýol heläkçiligine uçrapdyr. Ulagda diri galan bolmady. Emma bu yerde adamlary gen galdyryjy ýagdaý bolup geçdi. Ulagyñ bagaż tarapy abat dur. In geñ ýeri hem bagażda bir sebet yumurtga bardy. Yumurtgalaryñ birine hem zeper ýetmän ekeni. Güýc kuwwat ýalñyz Rabbimize mahsusdyr. Allah bizi dogry ýoldan ayyrmasyn.

60
292
gullnara_
28.10.2023 12:28

Hekaýa.

(Käbir ýerleri hakykat bolmagy mümkin biziň durmusymyzdan)

Bir oňat gyz bar eken. Okuwly hem işli gyz eken.

Bir gün ol gyzyň öýüne gudaçylaga gelýäler. Ol gyzyň göwüni ýetmän oglana: Aý ýok. Mundanam gowysyny taparyn. Onun onsy-munsy yok, öýlerem dar nädip sygarys... diýip ol oglanyň teklibini kabul etmändir. Ýene-de günleriň birin-de gudaçylaga gelyäler. Ol gyz: Aý ýok, mundanam gowysyny taparyn... Ol okuwsyz, ozem nirelerde işleýär diýip onam kabul etmandir. Şeýdip ýene-de günleriň birin-de gudaçylaga gelyaler. Ol gyz: Aý ýok, mundanam gowysyny taparyn. Gowy oglan onsy-munsy bar, boljak diysenem ýuwaş oglan. Şeýdip gyz garaşýar şazada.

Bir gün, bir oglanyň ejesi aytyar ogluna: Eý Oglum pylanyň gowy gyzy bar, okuwly ozem isleyär. Sonun gyzyny goreli diýip gidýäler. Ejesi olaryn öýüne girýär, ogly bolsa daşarda galýar gyz bilen ýeke-täk gurleşer ýaly. Bir salymdan ýaňky oglan ejesine jaň edýär we şeýle diýýär: Eje ýör, wagtyňy ýitirip otyrma. Mundanam müň esse owadan gyzlar bar...

33
208