gullnara_
31.10.2023 01:27
Goňşymyň gyzy.

Aýdym aýdýar, garga ýaly gygyryp, Goňşymyň lälijek, ýaltaja gyzy.
Sazyn çalýar, gapdalyndan sygyryp, Goňşymyň lälijek, ýaltaja gyzy.

Ýazyp-bozup, kitap okap bilmeýär,
Tikin tikip, haly dokap bilmeýär.
Gün gyzýança, düşeginden galmaýar,
Goňşymyň lälijek, ýaltaja gyzy.

Haçan görseň, uzyn pallap gernip dur,
Gaharlanyp, ejesine sürnüp dur.
Ýakasyndan, kirli döşi görnüp dur,
Goňşymyň lälijek, ýaltaja gyzy.

Işlemeýär, ýalta janyn aýaýar,
Gözün-gaşyn, dürli reňke boýaýar.
Özüni gözelleň, gözeli saýýar,
Goňşymyň lälijek, ýaltaja gyzy.

Ýylgyranda, agzy-burny gyşykdyr,
Uz basanda, aýaklary çaýşykdyr.
Men nätsemkäm?
Oglum bilen söýşüpdir,
Goňşymyň lälijek, ýaltaja gyzy.

Täçnazar Allalyýew.
31
632
dmoo
31 Oktýabr 2023
Bu postdada urş turupdr
dmoo
31 Oktýabr 2023
Baran ýerim urşlaý telewizory acsañam urş telfony açsañam urş menä inni ütügi sokmanada gorkýan🤣
seneca
31 Oktýabr 2023
@12445, Profiliňizda "ynsanyň iň owadan aýnasy ýetişdiren çagalarydyr" diýip ýazypsyňyz, nähili gowy; manyly söz şeýle dälmi, emma hiç teswirlerde gowy, manyly gürläňzok, hatda düşünişmek isläňzok, bulam gaty ironiki.
seneca
31 Oktýabr 2023
Men size ilki çagadyr öýdýärdim, sebäbi şeýlebir teswir ýazýaňyz welin diňe ýaşy kiçiler ýok ýere jedelleşip, günäkärleýji teswirleri ýazar, emma siz uly ekeniňiz haýran galdym.
seneca
31 Oktýabr 2023
@12445, Wi, düşünjäňiziň astynda ýatan düşünje "indi gowy görünjek bolýar" bolsa, gaty ýalňyşýaňyz, men diňe ýüzlenmek üçin adyňyzy soradym. Adamlar gaty geň.)
seneca
31 Oktýabr 2023
@12445, Borda, siziň adyňyz näme?!
seneca
31 Oktýabr 2023
Dünýägözel öz göwnüniň islän teswirlerini pozup, galanlarynam goýupdyr.)
seneca
31 Oktýabr 2023
@12445, Edil siziň logikaňyz, meniň agzym öwrenişipdir mydama "niri" diýýärin, sebäbi günlük durmuşda interneda mydama wagt aýyryp bilemok esasy realda söhbetdeş bolýaryn, we bu tarapdan seretseň siziň hiç sözüňiz türkmençe däl.)
seneca
31 Oktýabr 2023
@12445, He-he, we türkmençe-de "yok", "owrenmeli" ýaly sözlerem ýok, "öwrenmeli", "ýok" diýip bar.))
seneca
31 Oktýabr 2023
Olaram ýamanlasa düşünýän däldirler-dä, ýöne ine düşünişip dursa, akyly bar adam düşünişmegiň tarapdary bolar.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.