gullnara_
04.11.2023 07:43
KIÇIJIK ŞAÝAT

Ýeri nämä gerek kiçijik şaýat,
Duşuşyga alyp gelýäň jigiňi,
Asyl meni golaýyňa eltenok,
Ýakyn barsam gohlap örüzjek ili.
Salamlaşsam aýyr diýýär eliňi
Maý berenok gürleşmäge bir agyz,
Sen bolsa ýylgyryp diýýäň: "nädeýin,
Ejemiň sakçysy özünden ýowuz".
Wah ejeler irde-giçde siz muňa,
Kaýyla bolmaly borsuňyz welin,
Gyzyňyza sakçy goýan ogluňyz,
Häzir hazynany goraýar eli'n.
Menem size uly sag bol aýdaryn,
Uýaňyzam şonda çaksyz begener,
Kynmy tapmak bolgusyzja bahana,
Duşuşykdan galaýyňda jigiler.
Saçyň sypamaga zar bolan ellem,
Gahar bilen köwçileýär jübümi,
Ýa meň içim ýansa hezil görýärmiň,
NÄMÇÜN ŞINDEM ALYP GELÝÄŇ JIGIŇI. 😊😊😊
34
172
gullnara_
04.11.2023 04:43
HÖWES.
Guşlaryň uçmak höwesi,
Ýurdundan göçmek höwesi,
Lemmer-lemmer bulutlaryň.
Damjasyn seçmek höwesi.
Dertliniň derman höwesi,
Şalaryň perman höwesi,
Düzler Güneşe maýylka,
Daglaryň duman höwesi.
Namardyň gaçmak höwesi,
Arany açmak höwesi,
Peşene guýlan däriniň
Ot alyp göçmek höwesi.
Miwelen gaçmak höwesi,
Közleriň öçmek höwesi,
Yşka düşen ýigdekçäniň
Ýüregin açmak höwesi
Ýelleriň peşmek höwesi,
Günleriň geçmek höwesi,
Adamzadyň iň ahyrda,
Behişdi-uçmah höwesi...

Ylýas Amangeldi
22
23
gullnara_
03.11.2023 20:38
Yurege dusdi yagly mesik, burnuny susak yaly edip
romeo we julietta multifilminden

Hemme zat gowy taze gaymak içýäňiz sowadyjy elňizde yone oyde bir syçan bar a siz bolsa iki şu gün oyde iki pişikden biri galar syçan tutup bilýäniňiz galar
Tom we Jerri

Altyn teňňejikler hany biz ony hazir cuflap ekme cufme dikme ertir bu ýerden ullakan bag çykar ol bagdan altyn teňňejikler salanşyp durar hahha
Buratino multigi

Ýemşijek bilen barýan ýerimiz gaty gizlin,gaty gizlin,  ony hiç kime aýtmarys, asla, asla aýtmarys.
"Winni Puh"

nuuuu zayas nuuuuuuuu pogadii

Way men bu balygy diriligine iýäýipdirin
"Emre" multfilmden
 
Şu 🍗🍖ayagy iyip Buratinan gozlegine çykjak
"Buratino"
 
Yetip bilmersin tutup bilmersin,
 Yetip bilmersin tutup bilmersin.
😆😆😆😆😆
 
Palta senin elinde name un sen onyn bn oz awyny paylashmaly sen paltany onyn kellesinden urmaly ine göni şu ýeree🐯
 
Akyl berip aldyn senem,
 Diri samsyk däla menem.
"Iwan samsyk" multifilimi

Menem jana döz geleyin
Merdana ýigit bolayyn
 
Rugsat ber şahym sonky gezek goreyin göwün şadym
 
Yagyş yagaýjak oytyan.
Winni Puhdan
 
Akmaklan yurduna hoş geldiniz "Buratino"
 
Indi gaydandyr işin, dardan asylar başyň
"Iwan samsyk"

Ak kekene bakayniii ak gaz asak dusyaaaa
Bas minutdan bas minutdan ucyaryys

Men häzir uwlaýan...

Gelinligim Malwinaaa yat yurtlara gacyp gitdii sonun ucin aglayan gozlerim peryad etyar.
Buratinodaky Pýero

Ahyry Kakada diýäýdi. Bolmasa ýone eje, eje diýdiň ýordüň...

Ребята, давайте жить дружно!
 Леопольд! Выходи, подлый трус!

Petro pul tapdy!
😄😄😄
24
210
gullnara_
03.11.2023 06:16
Durmuş sapagy...

Garagol çaga kakasyny gaty gaharlandyrýardy. Etme diýenini edip. Et diyenini etmän. Ýyllaryň geçmegi bilen ýetginjek ýaşa ýeten çaga ýene kakasyny gaharlandyrjak iş edipdi. Muňa sabyr käsesi dolan kakasy Orazberdi aga ogluna:
– Adam bolmarsyň sen - diýip uly ses bilen gatyrganýar. Ogly hem bu gepi gaty görüp kakasyna gaharlanyp:
– Ine görersiň nähili bolýamyşym - diýip öyüň gapysyny şakyrdadyp ýapyp öýden gidýär. Şol gidişine öýe hiç gelmeýär. Ýyllaryň geçmegi bilen ýaňky oglan uniwersiteti gutarýar. Maşgalaly bolýar. Jaýy, maşyny, işi, iş edarasy bolýar. Bir gün Orazberdi aga öz işi bilen meşgullanyp ýörkä gapy kakylýar. Gapyny açýar, seretse iki sany geýnüwli daýaw adamlar:
– Ýaşuly, siz biz bilen gitmeli - diýip iki golundan tutup maşyna salyp alyp gidýärler. Orazberdi aga nirä barýanyna düşünip ýetişmänkä ýaňky iki daýaw adamlar bir edaraň otagyna eltýärler. Otagyň içi uly, hemme zat ýerbe ýer bir başlygyň otagyna meňzeýärdi. Stoluň başynda oturgyjy ters öwrüp oturan adam Orazberdi agany görüp:
– Kaka, geldiňmi - diýip gürlemegini dowam edyär.
– Seret kaka, men seň isleýşiň ýaly boldum. Başlyk boldum. Şu edaraň hemmesi maňa degişli. Indi ynjaldyňyzmy? - diýip sözüni soňlaýar. Kakasy Orazberdi aga gamgyn gözleri bilen gomparyp duran ogluna seredip:
– Wahhh, oglum. Men saňa başlyk bolmarsyň diýmedimä, ADAM bolmarsyň diydim.
- O nähili kaka? - diýip ogly geňirgenip soraýa.
– Eger adamçylygyň bolsady gowy habaryňy aýtmak üçin iki adam ugradyp meni aýagyňa çenli getirmezdiň, özüň gelip gapymy kakardyň - diýip gamgyn ädimler bilen öýüne rowana bolýar...
25
142
gullnara_
02.11.2023 21:21
***
Bir ýaşajyk aždarhany sud edýärler.
Prokuror Dinozawr ( haýbatly):
- Sen öz babaňy we mamaňy ýuwdanyňy boýun alýarmyň?
Sud edilýän naýynjar:
-Boýun alýan.
Prokuror (öňküdenem azmly) :
-Sen öz eneňdir ataňy iýeniňi hem boýun alýaňmy?
Aždarjajyk (sesini titredip):
-Boýun alýan.
Prokuror:
-Ýeri şu ýagdaýlardan soň sen kim bolýaň?
Sud edilýän aglamjyrap:
-Ýetimçe bolýaryn, men biçäre...
 ***
Golaýda esgerlige çagyrylan ýigit gelninden hat alýar. Bukjanyň içinden arassa kagyz çykýar.
- Haty kim ugradypdyr-diýip gullukdaşlary soraýarlar.
-Gelnim.
-O näme bir sözem çyrşaman diňe ak kagyz ýollaýypdyrla?
-Sebäbi biz onuň bilen gepleşemizok-da
***
Myratjyk mekdepden gelensoň kakasyna ýüzlenýär:
-Kaka, synp ýolbaşçymyz saňa ertir mekdebe gelsin diýdi.
Kakasy mekdebe barsa oglunyň mekdebiň penjiresini döwendikleri üçin igenýärler. Aradan birküç gün geçýär welin Myratjyk kakasyna ýene-de mekdebe barmalydygyny aýdýar. Bu sapar  onuň kakasyna Myratjygyň partany otlandygyny we bahasyny tölemelidigini aýdýarlar. Bir hepde geçensoň Myratjyk öýlerine begençli ylgap gelýär:
-Kaka, seni ýene-de mekdebe çagyrýarlar.
-Besdir - diýip kakasy gygyrýar.-Gaýdyp şol tarapa aýagymam ätmen!
-Dogrudanam kaka, harabaçylykda näme işiň bar-aýt?!
***
-Sen puluňy  haýsy bankda saklaýaň?
-Üç litrlikde.
***
Siziň öýüňizde büreler barmy?
-Bar.
-Haýsy derman ulanýaňyz?
- Biziň bürelerimiz kesellänoklar.
***
Bir gyz gije ýerasty geçelge bilen ýöräp barýar. Geçelge garaňkylyk, diňe  ol çetinde bir çyra bar. Birden seretse,onuň garşysyndan bir erkek adam ellerini iki ýana uzadyp ýöräp gelýär. Gyz " Kömek ediň" diýip gygyrýar-da,ýerde ýatan kerpiç bölegini ol kişä tarap zyňýar... Döwlen aýnanyň şyňňyrdysy eşidilýär...Erkek adam tüýs ýüreginden sögünýär:
-Wah içagar, indi ikinji sapar öýüme aýna eltip bilemok...
***
Daşary ýurt dynç alyş öýünde bir otagda ýaşaýan üç adam tanyşýarlar:
-Men Mihail ,Donbassdan.
-Men Iwan Kuzbassdan.
-Men Tahyr, Hojambassdan.
😁😁😁
32
238
gullnara_
02.11.2023 14:52
Meniň halamaýan ýekeje zadym  "Adamlar näme diýerler". "Adamlar" biziň durmuşymyzy gurmaýarlar. Meniňkinä hasam.Ilki bilen özüňiz hakda pikirlenmeli. Öz durmuşyňyzy özüňiz  gurmaly. Başgalaryň pikirini hökman diňlemelimika? Başgalaryň pikirleriniň siziň bilen islegiňiziň arasynda bolmagyna hakykatdanam rugsat berýärsiňizmi? ...
31
253
gullnara_
02.11.2023 08:03

Eger gelniň öýkelese.


Tutuksydyr ýüzi aýyñ,

Eger gelniñ öýkelese.

Bulaşykdyr pikir-oýuñ,

Eger gelniñ öýkelese.


Keýpiñ uçar gider guş deý,

Öýüñ içi edil gyş deý.

Doly dünýäñ bolar boş deý,

Eger gelniñ öýkelese.


Bälçiräp söz atyp bolmaz,

Süýdüñ asyl gatyk bolmaz.

Hiç göwnüñe ýetip bolmaz,

Eger gelniñ öýkelese.


Gözde ýaşy buldur,buldur,

Misli bir çyg düşen güldür,

Ne ysgadar, Ne-de ýoldyrar.

Eger gelniñ öýkelese.


Göwräñ sagat, göwnüñ hassa,

Heserdeşiñ ajy tüsse,

Aýdyberseñ uly kyssa,

Eger gelniñ öýkelese.


Ne-hä myhman getirip bor,

Ne bileje oturyp bor,

Dañy nädip atyryp bor,

Eger gelniñ öýkelese.


Ýalan-çyndan gülen borsuñ,

Nätjek, toba gelen borsuñ,

Hyzmatynda "gelin" borsuñ,

Eger gelniñ öýkelese.


Ýeri bolýar,düzjek bolgun,

Sebäbini syzjak bolgun,

Öýkesini ýazjak bolgun,

Eger gelniñ öýkelese.


Awtor: Agamyrat Soltanow

23
150
gullnara_
01.11.2023 22:23
Ýemşijek bilen barýan ýerimiz gaty gizlin, gaty gizlin,
ony hiç kime aýtmarys,
asla, asla aýtmarys....😄😄
25
110
gullnara_
01.11.2023 16:12
Bir adam aýalyny ilkinji gezek işdeşleri bilen guralan  nahara getirýär.
Aýaly soraýar:
- Gyzyl köýnekli gyz kim?
Adamsy  jogap berýär:
- Başlygyň söýgülisi.
- Gara koýnekli gyz?
- Baş buhgalteriň soýgülisi.
- Sary gülli köýnekde?
- Bölüm müdiriniň söýgülisi.
- A ol sary saçly näzijek gyz?
Adamsy kim bilen oturanyny ýatdan çykaryp, hondanbärsilik bilen:
- O bolsa meniň söýgülim!
Aýaly buýsanç bilen:
- Biziňki iň gowusy ekeni ! - diýýämiş...
41
320
gullnara_
01.11.2023 07:42
Akylly oglan dünýäde iñ
owadan gyzy söýmez, dünýäsini
owadan etjek gyzy söýer...
30
75