KIÇIJIK ŞAÝAT
Ýeri nämä gerek kiçijik şaýat,
Duşuşyga alyp gelýäň jigiňi,
Asyl meni golaýyňa eltenok,
Ýakyn barsam gohlap örüzjek ili.
Salamlaşsam aýyr diýýär eliňi
Maý berenok gürleşmäge bir agyz,
Sen bolsa ýylgyryp diýýäň: "nädeýin,
Ejemiň sakçysy özünden ýowuz".
Wah ejeler irde-giçde siz muňa,
Kaýyla bolmaly borsuňyz welin,
Gyzyňyza sakçy goýan ogluňyz,
Häzir hazynany goraýar eli'n.
Menem size uly sag bol aýdaryn,
Uýaňyzam şonda çaksyz begener,
Kynmy tapmak bolgusyzja bahana,
Duşuşykdan galaýyňda jigiler.
Saçyň sypamaga zar bolan ellem,
Gahar bilen köwçileýär jübümi,
Ýa meň içim ýansa hezil görýärmiň,
NÄMÇÜN ŞINDEM ALYP GELÝÄŇ JIGIŇI. 😊😊😊