gullnara_
13.10.2023 19:56
Gyz durmuşa çykmanka türkmençilikde"

Gyz durmuşa çykmanka türkmençilikde
Enesi soralar gyzyndan beter
Gözelligem gerek welin ýigitler
Näzine serediň özünden beter

Akylly gyz aňsat göze görünmez
Gije köp çykýana gowy görünmez
Müň gara degsede oglan garalmaz
Ýöne gyz garalar gazandan beter

Gözelligem berilmeýär herkime
Beý diýsem guwanma soljak görküňe
Erk edip bilmeseň eger erkiňe
Adyňa şek ýeter a'zandan beter

Gelin bar, gyş güni getirer ýazyň
Gelin bar, öÿ ýykar tapylmaz yzyň
Her gelinem ýasar tamdyryň közün
Duzuna serediň közünden beter

Ýigitler siz üçin soňky aýtjagym
Hijem saýlamaň gyzyň ynjygyn
Eger-de çyn bolsa gelin aljagyň
Haýasy möhümdir uzundan beter

Awtoryny bilemok
25
232
gullnara_
13.10.2023 14:07
Iň ýakyndaky seýilgähe gidiň. Daş töweregiňize serediň. Daş-töweregiňizde diňe semiz adamlar ylgaýarlarmy?
Netije: ylgamak sizi semiz edýär.
😆😆😆
26
212
gullnara_
13.10.2023 06:03
Üýtgemek barada haýyş etseler, erbet tarapa üýtgäň. Adamlar mundan ozal perişde ýaly bolandygyňyzy bilsinler!
24
99
gullnara_
12.10.2023 17:38
Göz lukmanyna görünmegiň wagty geldi öýdýän! Dükana girýärin, gözüm aýlanýar ... Bahalara seredýärin, gözüm ulalýar ...
Gapjygyma seredýärin, asla hiç zat göremok...😆
28
339
gullnara_
12.10.2023 14:06
Göwün ýaralaryny näme bilen bejermelidigini biýärmisiňiz?
Iň gowy bejergi ýaşyl zelýonka ...
Resepti: Gapagyny açýaňyz,
siziň göwnüňize degeniň üstüne guýýaňyz! 😆😆😆
24
159
gullnara_
12.10.2023 10:17
Şu gün meniň telefonym AMNISTYÝA yglan etdi ...
Çornyý spisokda oturanlaryň hemmesini boşatdy ...😆
25
210
gullnara_
11.10.2023 21:14
Ýolda gelýärkäm  iki kepderiniň oturanyny gördüm, biri beýlekisiniň kellesini çokalaýar, tuk-tuk, tuk-tuk... Ikinjisi kellesini hüžžerdip otyr, ýöne dymýar, çydam edýär ... Adamsy  öýdýän)))😊😊😊
29
173
gullnara_
11.10.2023 16:46
Biz gyzlar şeýleräk...
Ýaşymyz hakda sorasaňyz ýigrenýäris, ýöne doglan günümizi ýatdan çykarsaňyz welin,  öldürmäge-de taýyndyrys...))
34
178
gullnara_
10.10.2023 10:30
ÝAPRAKLARYŇ TANSY.

Güýz paslynyň özboluşly görnüşi, Aýlanyp-pyrlanyp şemal öwüsýär. Sary reňk gurşapdyr,töwerek daşy.
Kä göwnüň galkynýar,kä ýürek gysýar.

Bag-bakjalar sary dona bürendi,
Ýaşyl öwsüp otyr diňe arçalar.
Gökde göçüp barýan guşlar göründi,
Kä ýerde saýraşýar ýerli serçeler.

Ýapraklar tans edýär,güýzüň sazyna,
Şybyrdap,öz täsin sazlarny goşup.
Şahalardan tänip yzly-yzyna,
Pyrlanýar şemalyň yzyna düşüp.

Kä saga gaýýarlar,käte-de sola,
Kä asmana uçup,kä aşak inip.
Olar tans edýärler iň soňky ýola,
Şu ýylky etmeli işlerni dynyp.

Dereklerem erki ýetmän özüne,
Şu görnüşe berip ähli ünsüni.
Yraň atýar güýz şemalnyň sazyna,
Goldaýan deý ýapraklaryň tansyny.

Asmandaky bulutlaram agnaşyp,
Bu saza goşulyp,tans edip gelýär.
Kä yza çekilip,kä öňe süýşüp,
Umman gomlaryny ýadyňa salýar.
 
Ýene-de bir güýzüň şaýady bolduk.
Pasyllar dolanýar,yzly-yzlyna.
Bu ajap gözellik,gamgyn gözellik,
Durkum bilen bendi edýär özüne.

Elmydam umytda bolmaly adam.
Men ýapragy söýýän,men güýze aşyk.
Aýlanyp-dolanyp dursun elmydam,
Bu ajap gözellik,ajap sazlaşyk.

Azat Nurgeldiýew
20
26
gullnara_
10.10.2023 06:53
GELNIMIŇ GÖWNI GALMASYN .

Gullukdan gelerime garaşyp gelen gelnejem gullukdan gaýdyp gelenimden goňşy geňeşlikden Gully Gammaryň gyzy Garagyzlara gudaçylyga gitdi.
Gully Gammarlar gelnejemiň garyndaşyragydy. Gulluga gitmänkäm gelnejemlere gezmäge gidenimde gürleşip görmesem-de Garagyzy görüpdim. Garaýagyzdan gözi goçagyrak, gaşlak gyzdy.
Gudaçylyga giden gelnejem günorta golaý gelip gapydan girdi .
- Gandym, günüň geldi, göwneşdiler, Garagyzyň gardaşy Guldurdy göwünli–göwünsizräk. Galan gardaşlary Gulberdem, Gulmyradam, gelnejelerem göwneşdiler .
Garagyzyň gardaşlary Gulberdidir Gulmyrada gabatlaşyp görmesem-de Guldurdyny görüpdim. Guldurdy gün–güzeranyny gassapçylykdan görýärdi. Goçak göwresine gelişmeýän gödeňsi, gülende-de gözi-gaşy gamaşyk gorkunç görünýän göhertdi. Geplände-de gedemliginden gaty gompysyrap gepleýärdi. Gelnejem gülümjiräp gözlerini güldürdi :
- Garagyzam garaýagyzrak, geplemsegiräk, gözi gyşygyrak görmeseň, göwnaçykdan gaty galjaň gyz. Görüşip gepleşmäge gitmäge göwneseň-ä golaý günlerde Garagyzy görüp gepleşip geljek.
Gelnejeme garşy gitmedim. Göwnemediksiräp garşy gitsem gaňyrlygyndan gelnejemiň gaýdyp gudaçylyga gitjegi-gitmejegi gümana.
- Gelneje, görüp gelseň gürleşmäge gidäýerin. Görüşip göwneşsek geljegimize-de gowy. Gelneje, Garagyzy göreniňde gürleşsene, görüşmäge gije gelmän, gündiz gelsin-le.
Geňirgenseňizem gönimden geleýin, görüşmäge gije gitsem gowylygyň gyrasynda görünmeýän, garadan gaýtmaz Guldurdynyň gabat gelmeginden gorkýardym.
Gelnejem Garagyzy görüp gelensoň gürleşmäge gitmeli günem geldi. Gün gyzaryp galanyndan gelişiklije geýimlerimi geýip, Garagyzy görmäge gitdim. Gelnejemiň gurnamagyna görä, Garagyzlaryň gabat goňşularynda günorta golaý Garagyza garaşmalydym. Garagyzlaryň goňşularyna gelip girelgeden girişime gawyrdap goňur güjük garşylady. Güjügi görüp gorkymdan gymyldaman gaty gygyryp göýberdim. Gykylygyma güjük guýrugyny galgadyp gorkup gaçyp gitdi. Gorkudan galpyldaýan göwräme garap gülümjiräp garagözelek gelin gapdalyma geldi:
- Geleweriň, gorkmaň, Goňurja gowy güjükdir .
- Gurgynmysyňyz, gelneje, goňşyňyz Garagyzy göräýjekdim.
- Gandymmysyňyz? Gurgynçylykmy, geliň, geçiň, gapydan girip göniňdäki gapa giräýiň.
Gelnejäniň görkezen gapysyndan girip garasam garşymda gülümjiräp Garagyz.
- Gurgunmysyňyz, Garagyz?
- Gurgynmysyňyz Gandym geldiňizmi? Goňurjadan gaty gorkdyňyzmy? Gykylygyňyz-a gaplaňam gaçyrjak.
Garagyzyň görküne gözüm gidip gaýta–gaýta gizlinjek garadym. Garagyzyň gözüniň garasynyň gyşyklygy görküni gaçyrman, gaýta görküne görk goşup görmegeý görkezýär.
- Garagyz, gel Goňurjaly gürrüňi goýaly-da, gudaçylyk gürrüňe geçeli-le. Göwneseň-ä gelinalyjy günümizi gijikdirmän gyssanaly.
- Göwnäp-göwnemän, geçirmeli galyňyň gylyny gyşartman getiriň...
Garagyz gürrüňini gutaryp–gutarmanka Garagyzlar gapdaldan güýçli gykylyk geldi. Garagyz garsa galyp gabsanyň gyrasyndan garady:
- Gelnejem-le. Guldurda gygyrýar. Gazanç getirmedik güni gohlap Guldurda gün görkezenok.
Guldurdynyň garadan gaýtmazdygyna garamazdan, gelninden gorkuyşyna gaty geň galdym. Garagyz göni gözüme garap göwnihoş gepledi:
- Gandym, güýmenmäýin-de, gideýin, gelnejeň gelsin-le, geçirmeli galyňy gürleşip gitsin. Galanynam göriberis-dä.
Garagyz gidensoň gorka-gorka gapydan garap Goňurjany gözledim. Goňurja görünmänsoň garabaşagaý gyssanmaç gaýtdym.
Goýun-geçi, geýim-gejim, gymmat goş–golaň, gap-gaç, galyň geçirip, Garagyzy gelinalyjylap gapdalyma geçirdim.
Gujagyňa gelin gelip, gelniňe gowy garyşyp-garyşmankaň gelniň gaýdyp gidýär. Gelniň gaýdyp gideninde giýewlemäge gitmeseň, gelniň göwni galarmyş gürrüňe gulak gabardyp gaýdyp giden gaýtarma gelnimi giýewlemäge gitmäge gyssanyp, garaňky gatlyşandan garbak-gurbak garbandym. Gijelikde görünmeze gowy garamtylrak geýim–gejimlerimi geýip, gije gowy gijigensoň gaýynlaryma gitdim. Goňşy geňeşlige gelip gaýynlarymyň gaýrasyndaky gowaçalykdan geçip gaýynlarymyň garažynyň gapdalynda gizlinlikde garanjaklap Garagyzyň gelerine garaşdym.
Garaşdygymça Guldurdynyň göräýmeginden gorkup gorkujumdan galpyldadym. Görseňizläň, göwnime geleniň gabat gelşini. Gulagyma gybyrdy gelip garasam, Guldurdy gapdalymda-da Gulberdidir, Gulmyrat. Garaşylýanyň gelmän garaşylmaýanyň gelşini! Galyp, garasam, göwrämem Guldurdynyň göwresine garanyňda göýdükden girdenejik görünýär. Gepsiz-gürrüňsiz golumy gaňryp, gowaçalygyň gyrasyna getirdiler.

Awtory Gurbangeldi Miralyýew.
28
219