gullnara_
10.10.2023 10:30
ÝAPRAKLARYŇ TANSY.

Güýz paslynyň özboluşly görnüşi, Aýlanyp-pyrlanyp şemal öwüsýär. Sary reňk gurşapdyr,töwerek daşy.
Kä göwnüň galkynýar,kä ýürek gysýar.

Bag-bakjalar sary dona bürendi,
Ýaşyl öwsüp otyr diňe arçalar.
Gökde göçüp barýan guşlar göründi,
Kä ýerde saýraşýar ýerli serçeler.

Ýapraklar tans edýär,güýzüň sazyna,
Şybyrdap,öz täsin sazlarny goşup.
Şahalardan tänip yzly-yzyna,
Pyrlanýar şemalyň yzyna düşüp.

Kä saga gaýýarlar,käte-de sola,
Kä asmana uçup,kä aşak inip.
Olar tans edýärler iň soňky ýola,
Şu ýylky etmeli işlerni dynyp.

Dereklerem erki ýetmän özüne,
Şu görnüşe berip ähli ünsüni.
Yraň atýar güýz şemalnyň sazyna,
Goldaýan deý ýapraklaryň tansyny.

Asmandaky bulutlaram agnaşyp,
Bu saza goşulyp,tans edip gelýär.
Kä yza çekilip,kä öňe süýşüp,
Umman gomlaryny ýadyňa salýar.
 
Ýene-de bir güýzüň şaýady bolduk.
Pasyllar dolanýar,yzly-yzlyna.
Bu ajap gözellik,gamgyn gözellik,
Durkum bilen bendi edýär özüne.

Elmydam umytda bolmaly adam.
Men ýapragy söýýän,men güýze aşyk.
Aýlanyp-dolanyp dursun elmydam,
Bu ajap gözellik,ajap sazlaşyk.

Azat Nurgeldiýew
20
26
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.