gulka
18.03.2023 14:05
Degişme
Dabarasy dünýä dolan D-den düzülen dessan dynçlykda diňlän dostlar doganlar diýardaşlar.
Düýn daňdan 4-de diýarymyzyň Daşaguzdaky duralgasynyň dükanynyň dulunda Dürdesse daýzanyň dogmuşy doganlar Döwrandyr Durdy dawalaşyp durdular. Dawalaşyp duran doganlar Döwrandyr Durda dükanyň dežurnysy Dmitr "dawanyzy duzuryň dawaňyzdan doýdum eý" diýipdir. Dawaňyzdan doýdum eý diýdiň diýip dükanyň dežurnysy Dmitrini doganlar Döwrandyr Durdy diwara diräp depip-depip dyzyny döwdüler. Dyzyny döwdüren dežurny Dmitr dyzanaklap-dyzanaklap dükanyň dulunda duran dokmadan dokalan dolaga dyzyny daňyp derrew dawagärlerden daşlaşyp daýawlara duýdurdy. Daýawlar dežurkada duran derejede derrew duýdansyz dükan dolup doganlar Döwrandyr Durdyny dükanyň dulunda dikilen demire daňyp depip-depip dünýeden dyndyryp derrew dežurka dolandylar. Dünýeden dynan doganlar Döwrandyr Durdyny dežurny Dmitr dogmuşy Dürdesse daýza duýduryp dogduk depesinde dolandyrdy.
D-den düzülen dessanyň dowamy dolanar.
8
486
gulka
17.03.2023 20:55
Salam meniň bir soragym bar.

1. Böwrekler näme üçin dik dälde depeleri biri birine ýakyn yerlesyar?

2. Adamyň oňurga sütüni näme üçin göni dälde s şekilli bolýar?

Eger şu soraglalaryn jogaplaryny bilyaniniz bar bolsa jogap yazayynda..
4
533
gulka
14.03.2023 18:31
Akyl soragy
Ejeňiziň erkek doganynyň ýekeje ýegeniniň kakasynyň gaýy enesiniň adamsynyň ýekeje
gyzy siziň nämäňiz bolýar? 🥴
6
372
gulka
10.03.2023 11:36
1666-njy ýyldaky Londandaky belli ýangyn 13200 sany jaýlary yakdy, ýöne bary ýogy 6 adam öldüpdir
12
230
gulka
07.03.2023 19:31
Mähriban gelin gyzlar, mähriban eneler hem mamalar hem-de mähriban ejemjan 8-nji mart bayramyň gutly bolsun. Elmydama maşgalaňyzyň arasynda başyňyz dik janyňyz sağ bolsun, ýüzüňizden gülki kem bolmasyn.💐🌹🥀🌺🌷🌸💮🏵️🌻🌼
9
71
gulka
04.03.2023 10:56
1850-nji ýylda Ýewropadan Amerika serçeleriň birinji partiýasy getirilende amerikalylar serçeleri begenjinden aşa düşüp ölýänçä naharlapdyrlar.

İň köp sözlenýän ýalanlar:

1. Meniň bilen hemme zat gowy.
2. Ýok sen çişik däl.
3. Men seni söýýärin.

7
177
gulka
25.02.2023 17:14
İň soňky umyt

Soňky gezek duşuşyga gelemde,
Gözüm ýaşly geleriňe garaşdym.
Aýralyk hatyň dur şuwagt eliňde,
Ýürek edip okamaga çalyşdym.

Umyt bilen telefona bakdym men,
Ýeke gezek jaň ederiňe garaşdym.
Hyýalymda ýene-de seniň bilen,
Sms-de yzyna üzmän ýazyşdym.

Toýunda aýtdyň sen edil ýat ýaly,
Aýdanyna ýalan diýip garaşdym.
Elime bereňde toý çakylygyny,
Öz ýüregime erk etmäge çalyşdym.

Toýa bardym gül ýüzüňi görmäge,
Toý lybasly geleriňe garaşdym.
Söz gerekdi tarypyň sözlemäge,
Ýaryň bilen şeýle çaksyz ýaraşdyň.

Ýaryň saňa nika ýüzük dakanda,
Ähli zadyň düýş bolaryna garaşdym,
Gutlag sözi maňa gezek ýetende,
Hyňka dolan damak bilen boguşdym.

Hemmeler bakýardy maňa soragly,
Nähili edip gutlajagyma garaşdym.
Men samsyjak şol pursadam arzuwly,
Seniň maňa geleriňe garaşdym.



12
145
gulka
22.02.2023 22:57
Egerde Hytaylylar bir birinin elinden tutsalar yer sarynyn dasyndan 4 gezek aylanardylar.

Adamyň saçy we dyrnagy öleninden soň hem belli bir wagtlap ösýär.

Arnold Terminator 2 filminde bary yogy 700 söz aýdyp 15 mln dollar gazanypdyr.

Eğer Hytaylylar bir birinin kellesini üstünde dursalar Ýerden Aýa çenli 3 gezek baryp gaydardylar

Hiç bir kagyz listini 7 gezekden artyk yarsyndan epläp bolmayar.

10
308
gulka
20.02.2023 19:53
Salam hormatly agzalar şu gün bir joramyň doglan güni. Özümçe ýatdan çykmajak şekilde gutlam
ak isleýän. Sizin pikiriňizçe näme etsem bolarka?
15
537
gulka
18.02.2023 19:30
1. Asminogyň iýmit siňdiriş sistemasy bedeniniň niresinde ýerleşýär?

2. Ýer ýüzünde ýeketäk çaga dogurmaga ukuply bolan erkek jandar haýsy?

3. Gurbagalara suw näme üçin gerek?

4. Bir ädim ätmek üçin näçe myşsa herekete gelmelidir?

5. Beyni agyry duýýarmy?

6. Haýsy reňkdäki saçly adamlaryň saçy has köp we sany näçe?
9
251