İň soňky umyt
Soňky gezek duşuşyga gelemde,
Gözüm ýaşly geleriňe garaşdym.
Aýralyk hatyň dur şuwagt eliňde,
Ýürek edip okamaga çalyşdym.
Umyt bilen telefona bakdym men,
Ýeke gezek jaň ederiňe garaşdym.
Hyýalymda ýene-de seniň bilen,
Sms-de yzyna üzmän ýazyşdym.
Toýunda aýtdyň sen edil ýat ýaly,
Aýdanyna ýalan diýip garaşdym.
Elime bereňde toý çakylygyny,
Öz ýüregime erk etmäge çalyşdym.
Toýa bardym gül ýüzüňi görmäge,
Toý lybasly geleriňe garaşdym.
Söz gerekdi tarypyň sözlemäge,
Ýaryň bilen şeýle çaksyz ýaraşdyň.
Ýaryň saňa nika ýüzük dakanda,
Ähli zadyň düýş bolaryna garaşdym,
Gutlag sözi maňa gezek ýetende,
Hyňka dolan damak bilen boguşdym.
Hemmeler bakýardy maňa soragly,
Nähili edip gutlajagyma garaşdym.
Men samsyjak şol pursadam arzuwly,
Seniň maňa geleriňe garaşdym.