gul✿
24.03.2024 21:13
1.Я люблю просыпаться утром, не зная, что меня ждет, с кем я встречусь и где я окажусь потом. Ещё недавно я ночевал под мостом, а сегодня я здесь, плыву на великолепном судне, пью шампанское в изысканном обществе… Жизнь — это дар и это надо ценить, невозможно угадать, что будет с тобой завтра.
...
Men säher, ir bilen turmagy gowy görýärin, maňa nämä garaşýandygyny, kim bilen duşuşjakdygymy we indiki dogjak günümi nirede gutarjakdygymy bilemok. Edil ýañy-ýakynda köpriniň aşagynda gijäni geçiren men, bu gün ajaýyp gämide ýüzüp, ajaýyp kompaniýada bilen şampan içip otyryn ... Durmuş bu sowgat we onuñ gadyryny bilmeli, size ertir näme boljagyny çaklamak mümkin däl. Megerem ertir hiç bolmaz.
------
2.Когда у тебя ничего нет, нечего и терять.
...
Hiç zadyňyz ýok bolsa, ýitirjek zadyňyz ýok.
-----
3.Сердце женщины — как глубокий океан, полный тайн...
...
Zenanlaryñ ýüregi edil çuñ umman ýaly, syrlardan doly...

✓ TITANIC filmden.
49
173
gul✿
19.03.2024 12:59
“Ama… Eğer kendimden emin değilsem…”
“Kim emin ki zaten? Dünya üzerinde 7 milyar insan var”
“Sor hepsinden. Hayatlarının her anında kendilerinden eminmiymişler? Cevabını ben vereyim: hayır. Bu yüzden bize insan denir. Bizi insan eden kendimizi yargılamamızdır. Sen kendini yargıladığın sürece hatalarını bulursun ve düzeltirsin."

kitapdan.
33
51
gul✿
18.03.2024 21:24

,,Salam okuvçylar!" diýip klassa täze gelen mugallym @Relax, girdi, ,,Hemmäñiz oturyp bilersiñiz!" diýdi-de äýnegini dakdy.

Şonda gapdalymda oturan @Geldiyewna, "agy bu hoool çetki köçe bolan, chat köcesinde biz bilen sygyrlary meýdana kovup, soñam @Neo bilen gassapçylyk oýnuny oýnap ýören @Relax dämi? Petigara" diýip menden sorady. Menem ony öñ bir gezek çhat köçeden geçip barÿarkam, @AMBAL, atly oglan, şo köçäniñ dükanynda kitap satýan, ýarym möjek Tüveleý atly 2 nji iti bardy. Nm un 2 giniñ sebäbi ondan öń, Filosof atly iti bardy. Olam obañ arçyny bolan @Perman aga bn Tina genjäñ gyzy @Ilhano_va ny kovalanda, arçyn @Perman aga obañ uçastkovoýlaryna(@Akram_Beshimow bn @Tayler ) iti ýitirmegi tabşyrypdy,şondan soñ ol iti gören ýok. Indi diñe şu Tüveleý atly iti bardy ol item meni kovalanda @Relax kömege gelip özüni maña derek ite çeýnedip, soñam 40 günläp @Dusia dogtorlara gatnap ukol alan oglan diýip tanaýadym. ,,Bu haçan bu derejä gelip, biziñ mekdebe mugallym edilip bellenip ýörgy ? dogry aýtýañ petigara" Aý direktor @Tsoltanov yñ gözüne giren bolmaly haçan gōrseñ ýa bir gyza jaan edip sygyr sagmany övredip ýörendir, ýada öýüni tapmaýanlara ýol salgy berip ýörendir"diýip içimi gepledip durşyma, ,,Salam mugallym girmek mümkinmi?" diýip gapyda girmäne gorkyp duran @Bitter,ñ sesine özüme geldim. Şonda oñ yzynda @Garlawac hem bar ýöne bukulyp duransoñ ony hiç kim görmedi.Sebäbi @bittere ,,ilki gepe sen başla,yzyny özüm diñletýänlaý" diýen.@Relax ,,name un sapaga gijä galdyñyz" diyip sorady, şonda @Bitter jogap berip başlady velin oñ sesini @Garlawaç böldi hemişeki ýaly kon(gezek) bermän gürläp başlady. ,,Nemedä o neme biz @Wolf lara ýarmezana gitdik" diýdi.Mugallymyñ gahary gelip ,,aýhow kimiñ gulagyna münjek bolýañyz, Ýarmezan düýn agşam boldy, bugün däl" diýip äýneginiñ aşagyndan gyzlara bakdy. @Garlawac ýeñ berjege meñzanokdy o bir gulaga dyrmyşyp başlasa Gimalaýa ýada Köpetdaga dyrmyşan ýaly dyrmyşyp gidiverýädä.,,Neme mollym o vara biz @Wolf lara 2gün,3 gije bäri barýas,her baranmyzda ejesi ,,hany Aý" diyip kovýada" diydi.Şonda yzda otyran iki sany şäheriñ mekdebinden biziñ (oba) mekdebe täze gelen gyzlar gülüşip,"bizede şu ikisi 3 sapar geldi".diýişdiler @Flowers_, @Medik, nämemiş atistat oba mekdepden alsañ ýokary okuva girmek añsatmyş ,,siz gumuñ mekdebinden atistat alsañyzam ýokary okuv jaýy o kakañyzyñ ýanyna gelýän kel garynlak daýy çözerlaý" diyip @Kmg_gurt olara gep atan bolup otyrdy. Menem hemişe şulañ 3 si bile gezýä nàme unkä diýsem, asyl @Kmggurt ñ Ýolbarsy bar eken bu gyzlaram muñ gulagyna depip oñ òýündäki,òýdeçi,elleki edilen ýolbarsy bn selfi edip imoda istoria paýlaşjak bolýan ekenler.

Şeýdip täze mugallym bn sapaga başladyk. Ýañy bir elime ruçkany alyp ýazaýyn diýip durdym velin yzymyzda otyran @Kenno_Tabi elini galdyryp gygyrýa ,,mollym men sapaga taýyn geldim, agşam ýatman,düýş görip ýat tutdym aýdyp beräýin" diýip buda bir geñ klasdaşlañ biri, geñ diýemde bu oglan öýlerinde gije ýatanda düşeksiz gaty ýerde ýatýanyny aýdypdy,nämemiş şeýdip ýatsa özüni govakda ýatan ýaly duýup,gözüni açyp oýananda öýde oýanýamyş, bu gidiş bn bahym suvly guýyda ýatyp özüni okianyñ düýbinde çüýräp ýatan Titanikda ýatan ýaly bolup oýnar.,, Bu saparlyk señ bahañ bar eken,bahasy ýoklardan sorajak" diýip źurnaly açyp ýokardan aşak dälde,aşakdan ýokaryk okap doska çykaryp başlady. Birinjem gòzü @Shamko düşdi seretse öñem bir 3 ligi dur olam geçen aý alnan ,,hany sen taýyar bolsañ gel hany" diyip çagyranam şol velin @Shamko ,,mollym düýn bäbek çykda gitdim maşyny ýuvup,soñ bezetdim okamana elim degmedi" diydi velin ,,Tüveleme kimiñ bäbegi boldy doganyñmy?" diyip sorady mugallym. ,,ýok mollum ýuvýan maşynymyñ eýesiniñki bolupdyr,begençli ýagdaý dämaý" diyip syrtardy. Äynegini düzedip ,,ýeri bolýa olar ýaly ýakynyñ bàbegi bolsa göz ýumarys" diýdi-de Kikirdeşip otyran @Mawy bn @Tmyigide seslendi ,,Aýhov biz size päsgel berýäsmi, biz klasdan çykaýaly siz arkaÿyn gepiñizi edersiñiz ýaly, ýogsada näme gep etýäñiz siz?" diýip sorady. ,,Neme mollym, men mekdebi gutaramsoñ @Sabyrly ñ gulluk eden yerinde gulluk etjegim hakda @Mawa gürrüñ berip otyrdym. Bu gyzam America göçip gitseler o yerde meýletin gyzlar hem gulluk etýäni un, gyzyklanyp sorady,menem düşündirip otyrdym" diýdi. Mugallym,,Onda-na çykyp sapaga jogap beriñ" diyip gaharlandy velin @Tmýigit ,,men soramarsyñyz öýdip gynanyp otyrdym,men taýýyn aýdyp bersem bolýamy" diyip sorady. ,,ýok otyr sen,ine @Mawy sen gel doska çyk baha al hany" diydi. ,,mollym men taýýar däl-äää" diyip süýnkiredi. ,,bolýa bilýänje zadyñy aýdyp beräý menem çäýrek jemlemeli,baha goýmaly nm patalokdan alyp goýaýynmy?!" diýdi velin @Mawy ñ gözi açyldy ,,bilýänje zadyñy" diýdimi ohhooo. Diydide @Ylham_Gurbanaly ñ goşgylaryny göndürip başlady. @Relax ,,Agyyy dur bu aytýanlañ geografýa dersi bn nàme baglanşygy bar, aýdyp ber hany?" diyip sorady. ,,Mollum men şo şahyryñ goşgylaryny okasam ýer şaryna aýlananýan ýaly bolýanda" diydi. ,,otyr,3!" diýdi mugallym. Ony eşiden @Myrataly ,,3 diydi" diyip güldi, nämemiş özi iñ erbet talap ediji mugallym bolan @Ideallider ñ sapagynda 5 alanmyşda. Şo @Ideallider soñky sapakda maña 3 lik goýany un @Myrataly baý sövüşüpdi, ,, @Gul✿⁠ hiç 3 lige hak etmedi, o gyza pes baha berdiñ" diýip.

Şo gün @Myrataly gyz satylýan dükanda gyzlaryñ bahalaryny bilip gelipdir,her baran dersimizde mugallymlar bn dikleşdi durdy ,,o gyzyñ bahasyny pes aýtýañ, bu gyza kem baha berýäñ" diýip. Nämemiş ol öýlenende iñ gymmat gyza öýlenjekmiş. Ýöne aýdyşym ýaly miş,miş..@Garlawaç bn @bitter m başagaý bolup Ýarmezanda ýygnan zatlaryny sanaýalarmy ýa kim köp çöplapdir şony biljek bolýalarmy asyl jañ bolanyndanam habarlary ýok. Bizem @Geldiyevna bn olañ ýanyna bardyk sebäbi düýn @Geldiyevna dogany,, edebiyat agşamy "diýen konserta 5 sany bilet mugt bir yerden düşüni un ,,mugtuñ arzysy bolmaz" diyileni , onam oña beripdir,olam bize gidelimi diýdi. Bizem gideniñe degýämi diýsek olam ,,hovva gaty, ýaman,beter degýägy, kimler aydym aytýanyny bilýäñizmi?" diýip süyjitdi. Asyl aydany bärden gaytýan eken. O konsertde @Ylham_Gurbanaly bn täze duet çykaran Aýdaýözüñ, @Sazsoft bn Selebi, @garajaoglan bn Eminemem duet çykarypdyr, has dogrysy Eminemiñ şu @garajaoglana gahary gelip,ýörite ,,şo çaga hemişe meñ aýdymlarymy gőren ýerinde ýalñyş,muñlyş özüçe hiñlenen bolup, özüçe düşünýänem ýok diýip ýazyp ýör. Aý garagöz türkmeni, adyñama bir garagöz türkmeniniñ ady, aydyberde öz ene diliñdäki aýdymlary näme suv çykypdyrmy?" diýilp gahar edip ýörite şoñ bn duet edipdir diýip eşitdik.Şhakira Azat bn aýtdyrsalar barjak diyipdir velin Azadyñ 8 nji gelini oña hiç rugsat bermändir nämemiş Şhakira Pike bn aýrylyşdy innem başboş gelin diyip gabanÿamyş. Azadam geliniñ bu bolşuna gahar edip ,,8 bolsañ bolupsyñda, 9 njyñ vagty geldi" diýip gelni bn aýyrlyşypdyr. Şoñ un Şhakira gelmändir oña derek Sia bn Dua Lipa gelýămiş. Olaryñ gelýänini eşdip Ahmet dam dam begenjinden tas 2 boljak eken. Toba diýiñ 2 bir bolmasyn öñ 1 ni näme etjegimizi bilemizok. Ýöne Dua Lipa bn Sia öz arasynda @Tim diyen reper bagşyny paylaşyp bilmän urşupdyrlar,nämemiş şo oglan iñlisçe gowy bilýa gowy düşünşip bolýamyş. @Tim begenjinden bu 2 gözel aydymçylaryñ haýsy bn duet etsemkäm diýip arzuva batyp,çümüp,ýykylyp,sürüşip ýörkä ,asylky zatdan habarsyz galypdyr. O Sia bn Dua ikisi @Tim ñ üstünde urşyp bir birniñ saçyny ütüpdirler şoñ un konserte saçsyz çykmaga utanyp yzlaryna gaýdypdyrlar. @Tim e bolsa diñeje duet etmăne Jeliliñ uçenigi galypdyr. Aý garaz şeydip bugün konserta gitýäs. ,,Vii agy biz 4, bilet bolsa 5, ýanymyza bir pullyja birini alyp gideliñ popcorn alyp berer ýaly" Menem göni pully biri diýildi velin @Servini äkideliñ diýdim. Ondada gyzlar "ýokgy ony häzir ekitjek diýsek ýany bn hökman ejesi, kakasy jigsi @Shunshine_lady dakýalar, bizde bolsa bilet 5 sany"diyişip klasa gözaýladylar, kimi äkitmeli kimi... Birdenem @okayjy göze ildi. Ol iñsoñky sapar El klassikany öz resmi uçary bn Ispanýa gidip göripdi.Doglan gününi Dubaida belläpdi hem klasdaşlarymyzyñam hemmesini çagyrypdy ýöne uçara petek gutarany sebäpli hiçkim gidip bilmändi. Şoñ un şony alyp gideliñ diyen karara geldik ve agşam sagat 23.00 da çhat köçä @Gulsat_Atayewa ñ modallar öýünde tikinen kòynegimizi geýip üýşmeşek edişip dagadyk.


Degişme stilde ýazylan. Gaty görmeşek ýokdan. Gaty görenem ýumşagyrak ýere geçip oturaýsyn. Näz çekmäge vagtym ýok:)

94
1 674
gul✿
17.03.2024 17:30
Her genç kız gibi o da bir gün bu gelinliği giymeyi elbette istiyordu. Gerçi bu gelinliği sevdiği adamla evlenirken giymeyi tercih ederdi ama… Neyse hayat işte. Her zaman her istediğini elde edemiyordu insanoğlu.

Sevdiğini değil seni seveni seçecektin bu dünyada.
Ancak öyle mutlu olunurdu.


"BERDEL küçük Gelin Melek" kitapdan.
38
72
gul✿
17.03.2024 14:59
BULUTLARA DIRÄN SORAG BELGILEM

Bulut hakda hökman agzamaly bolsa şuny aýdyp bilerin: gaty agyr görünýäler. Ýere inip, jaýjagazlary ezmezligi üçin olara sorag belgilerimi diräp goýdum. Gara daňdan iliň üstüne inmesin.
Gara daň däl-de, ak daň diýesim gelýä, ýöne bi ak reňkem halys neme-dä... Goý, onda pöwrize reňkli daň bolsun. Ellerim erkin, çotga elimdekä islän reňkimi çalaýyn.
Gaçan gutular – prikol tutular diýen eken Oguz han. Pöwrize daňy agarmanka garamy saýlamaga mejburyýet gurdugym bu obada ne gözel günlerim geçdi. Aslynda, üýtgeşik gowy günlerimem bolmady welin, hoşlaşykda adatça aýdylaýýan söz. Hezil günlerim geçdi diýip, ine, grek adalaryna aýtsam bolar. Oýa wagtym hiç gitmänligime garamazdan hezildi.
Ýöne gijeler gaty tukat bolýa bärde. Hasam beter heleýiňi söýmeýän bolsaň. Oturyp-otyryp pikir edýän, düşünip bilemok, men näme üçin öýlendim şu aýala?
Aslynda öýlenen wagtym aýal däldi.
Hehe, talyp wagtym ki, o wagtlar biz söýüşýärdik, çatda ýazypdym oňa: «Meni halaman başlan günüň meni öldür!».
Diýseň diýmeseň romantik çaga ekenim.
Olam «Senem meni» – diýip ýazypdy.
Çagaň sesine hemme adam çydanokmyka ýa bir menmikäm? Gülende ýakymlam weli, çirkin aglap başlasa daşary zyňasym gelýä.
Meň hyýalymdaky zatlar düýbünden beýle däldi. Başga zatlardy. Ýo, aýalyma diýemok, umuman.
Futbolçylar näçe aýlyk alýarka? Hem hezil edip futbol oýnaýalar, hem aýlyk alýalar. Üstesine heleýlerem iňňirdeýän däldir. Aý ýoklaý, iňirdeýändir.
Hemme diýen zadyny getirseň, soňam iňirdese, ýürege düşse, meselem, öldürseňem bolýarmyka? Dinde nähilikä şo mesele?
Hudaý saklasyn.
Paýtagtda ortagürp aýdymça iş tapylýarmyka?
Birden problema dörän ýagdaýynda uçastkawoý Mergen meň tarapymda durarmyka? Bir sapar arak alyp beripdim. Ýoklaý, ol beýle ýagdaýda arkaňda durmaz. Gorkar. Alkaş bl... ...mo. Erkegem däl eken.
Birden aýdymçy ýa-da depçi bolup işlesem, maşgala ýagdaýymy sorarlarmyka?
Bulutlara dirän sorag belgilerim gitdigiçe ýegşerilýär. Jogap berdigim, üstüme eňteriljek-de, meni ýok etjek.
Sagat 04:50
Ýarym sagat yza gaýdýan.
Çüýşämi diwara urýan. Çaga aglaýa. Ol bolsa güjümiň şahasynda hallan atyp dur.
Men aglaýan çagaň gözüne görünmäge gaýrat tapyp bilemok.
Hiç zada gaýratym çatanok.
Git diýipdi. Git indi diýipdimi ýa gidäý diýdimi? Öz-ä şoňa meňzeş bir zat.
Bulutlar näme üçin beýle agyr. Ýöremäge goýanoklar.
«Senem meni» – diýip ýazan anyk şolmydyka, ýa başga biridimi ol?
Aý, hiç-le.

© Nejep BAÝAT
38
216
gul✿
16.03.2024 22:12
Durmuşdaky ýeke-täk bagt — munuň özi mydama öňe ymtylmakdyr.
Emil ZOLÝA.
Fransuz ýazyjysy.
***

Öňe gitmeýän adam yza gaýdýandyr, bir duran ýeriňde durup bolmaýar.
Wissarion BELINSKIÝ.
Rus ýazyjysy.
***

Islendik beýik işler ýaýdanjaň we ýalta adamlar tarapyndan edilýän däldir.
Jorj ELSOT.
Iňlis ýazyjysy.

***
Iş ýazmadyk alym miwe getirmeýän daragt ýalydyr.
SAADY.
Täjik-pars şahyry.

***
Iň çynlakaý isleg hakykata akyl ýetirmäge bolan islegdir.
Georg GEGEL.
Nemes filosofy.

***
Hakykat hiç haçan açylman galyp bilmez.
Leonardo WINÇI.
Italýan suratkeşi.
***

Akyl hem aň — bular adamyň iki sany uly baýlygydyr.
PLUTARH.
Gadymy grek filosofy we ýazyjysy.
41
102
gul✿
11.03.2024 16:46
Meniñ gyzym bir mürçe,
Gulagynda ysyrga,
Meñ gyzymyñ bahasy,
Segsen erkek,
Müñ ýorga.
Agalaryna al bedew,
Ýeññelerine ýel maýa,
Gürrüñçúsine gülli guşak,
Sawçysyna semavar,
Çem gelene çepbesew.
Maññyşlynyñ mañ goýnundan ,
Söwüş gelmese bolmaz,
Agaýana ak undan,
Çelpek gelmese bolmaz,
Meñ gyzymyñ bahasy
Şular gelmese bolmaz.
******
Agzy oýmak burny pisse,
Muny ýasan çeper ussa,
Ussasyndan uuz gelen,
Ogul ýerine gyz gelen.

Avtory. Enelerimiz)
39
157
gul✿
27.02.2024 23:56
Göwnüñ agyrýarmy?,
Umytlañ kesellimi?
Sözlerim ajymy?,
Ýa saña tesellimi?
Peseldimi ynamyñ,
Edil häzir agramyñdan,
Agyr duýulýarmy beýniñ?,
Menem şeýle!.

Hanha iller elin çarpyp,
Tans oýnaýar bagt bilen,
A sen bolsa syr bildirmän,
Darkaş gurýañ wagt bilen,
Içiñ gussa, ýüzüñ bolsa,
Ýitirenok ýylgyryşy,
Ähli derdiñ gözýaş bilen,
Akar öýdüp aglaýañmy?,
Menem şeýle!.

Suwda ot ýakany gördüm,
Otda suw ýakany gördüm,
Asmany bulut örtende,
Ody ot çakanny gördüm,
Ruhy öýkeläni gördüm,
Tabagy ýok aşy barlañ,
Şükür kylşyn görmediñmi?
Menem şeýle!.

Gözüme ýakyn geleni,
Ýakynym saýdym dostlaşdym,
Göwnüme ýakyn geleni,
Salyp bilmän gursagyma,
Sygdyryp bilmän içine,
Ynamymy aýap goýup,
Gör kim üçin, bir sen üçin,
Ak kagyz saýyp ýüregmi,
Ýitirip barýan deregmi.

Ýene özüñ bilen özüñ oturyp,
Hyýalyñda gurup yşgyñ şalygyn,
Entek bir gezegem duşman,
Duşuşman,
Bir-birekden aýrylyşan ýalymy?,
Menem şeýle!...

©Baýram BEJIDOW 
36
95
gul✿
25.02.2024 18:39
" Ancak ummakla ğerçeklik arasinda ki fark Cennet ve Cehennem ğibidi.
Onun umduklari ğerçeklešmeyecek Cennetiyken, ğerçekleri ise kendi yašadiği Cehennemiydi. . ."

"O tüm benliğiyle sevmeyi öğrenmiśti.
O bir kadini, o yaninda olmasa da sevmeyi öğrenmiśti. . ."

,, Beni sevmene Muhtacim" kitabyndan
43
129