gul✿
17.03.2024 14:59
BULUTLARA DIRÄN SORAG BELGILEM

Bulut hakda hökman agzamaly bolsa şuny aýdyp bilerin: gaty agyr görünýäler. Ýere inip, jaýjagazlary ezmezligi üçin olara sorag belgilerimi diräp goýdum. Gara daňdan iliň üstüne inmesin.
Gara daň däl-de, ak daň diýesim gelýä, ýöne bi ak reňkem halys neme-dä... Goý, onda pöwrize reňkli daň bolsun. Ellerim erkin, çotga elimdekä islän reňkimi çalaýyn.
Gaçan gutular – prikol tutular diýen eken Oguz han. Pöwrize daňy agarmanka garamy saýlamaga mejburyýet gurdugym bu obada ne gözel günlerim geçdi. Aslynda, üýtgeşik gowy günlerimem bolmady welin, hoşlaşykda adatça aýdylaýýan söz. Hezil günlerim geçdi diýip, ine, grek adalaryna aýtsam bolar. Oýa wagtym hiç gitmänligime garamazdan hezildi.
Ýöne gijeler gaty tukat bolýa bärde. Hasam beter heleýiňi söýmeýän bolsaň. Oturyp-otyryp pikir edýän, düşünip bilemok, men näme üçin öýlendim şu aýala?
Aslynda öýlenen wagtym aýal däldi.
Hehe, talyp wagtym ki, o wagtlar biz söýüşýärdik, çatda ýazypdym oňa: «Meni halaman başlan günüň meni öldür!».
Diýseň diýmeseň romantik çaga ekenim.
Olam «Senem meni» – diýip ýazypdy.
Çagaň sesine hemme adam çydanokmyka ýa bir menmikäm? Gülende ýakymlam weli, çirkin aglap başlasa daşary zyňasym gelýä.
Meň hyýalymdaky zatlar düýbünden beýle däldi. Başga zatlardy. Ýo, aýalyma diýemok, umuman.
Futbolçylar näçe aýlyk alýarka? Hem hezil edip futbol oýnaýalar, hem aýlyk alýalar. Üstesine heleýlerem iňňirdeýän däldir. Aý ýoklaý, iňirdeýändir.
Hemme diýen zadyny getirseň, soňam iňirdese, ýürege düşse, meselem, öldürseňem bolýarmyka? Dinde nähilikä şo mesele?
Hudaý saklasyn.
Paýtagtda ortagürp aýdymça iş tapylýarmyka?
Birden problema dörän ýagdaýynda uçastkawoý Mergen meň tarapymda durarmyka? Bir sapar arak alyp beripdim. Ýoklaý, ol beýle ýagdaýda arkaňda durmaz. Gorkar. Alkaş bl... ...mo. Erkegem däl eken.
Birden aýdymçy ýa-da depçi bolup işlesem, maşgala ýagdaýymy sorarlarmyka?
Bulutlara dirän sorag belgilerim gitdigiçe ýegşerilýär. Jogap berdigim, üstüme eňteriljek-de, meni ýok etjek.
Sagat 04:50
Ýarym sagat yza gaýdýan.
Çüýşämi diwara urýan. Çaga aglaýa. Ol bolsa güjümiň şahasynda hallan atyp dur.
Men aglaýan çagaň gözüne görünmäge gaýrat tapyp bilemok.
Hiç zada gaýratym çatanok.
Git diýipdi. Git indi diýipdimi ýa gidäý diýdimi? Öz-ä şoňa meňzeş bir zat.
Bulutlar näme üçin beýle agyr. Ýöremäge goýanoklar.
«Senem meni» – diýip ýazan anyk şolmydyka, ýa başga biridimi ol?
Aý, hiç-le.

© Nejep BAÝAT
38
216
2109
17 Mart 2024
Неудачно замуж😅😅😅
tmyigit76
17 Mart 2024
'Gaçan gutular, prikol tutular diýen eken Oguz han"- 😂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.