guga00
26.11.2022 20:19
Bir garyndaşynyň toýyndan gelýän Kemal we dosty Rejep, 20-nji noýabr agşamy, takmynan sagat 00:30 töwereklerinde şäheriň mazarlygyndan ulag bilen geçýärdiler.
Her iki tarapy mazarlyk bolan dar ýoldan geçýärdi we birden çepdäki tamyň üstünden ulagyň öňüne ak bir zat bökdi. Iki dost munyň bir ak it bolup biljekdigini oýladylar.
Ýöne ony kakmaly bolan wagty ikisi hem hiç hili kakma sesini eştmediler we geň galypdylar. Ulagy saklap arkalaryna seretdiler we hiç zat görmediler.
Her ikisi hem täsin bir zatlaryň bolandygyny aňypdylar. Mazarlykdan cykmalaryna az galypdy weli, ulaga dolandyrýan Rejep birden gygyrdy. Ortadaky aýna seredýärdi.
Muny görüp Kemal hem arkasyna seretdi we yzky oturgyçda gelin köýnek geýen bir zenany gördi. Zenan sessiz oturyp iki dosta seredýärdi.
Iki dostyň uly gorky bilen nädip mazarlykdan cykanyny we nädip ulagdan düşenini aňmadylar.
Soňra ulagyň içine seredenlerinde ulagyn içinde zenan ýokdy. Munyň sebäbini gözlemäge başlan Kemal şol gün olen bir zenanyň bolandygyny öwrendi.
Zenan ýakyn obada edilen toýdan gelýärkä ýol heläkçiliginde ýogalypdyr we öleninde üstünde gelin köýnegi bar eken.
Ölen zenanyň ýakynlaryna zyýarata giden Kemal gören zenanyň şol ýogalan zenan bolup bolmadygyny öwrenmek isledi we baran öýünde ýogalan zenanyn suratyny görkezdiler.
Suratdaky zenan şol günki yzky oturgyçda oturan zenandy. Ölen zenanyň ýakynlary hem bu waka geň galdylar.
Indiden beýläk şol mazarlykdan geçip bilmeýän Kemal we dosty wakadan birnäçe wagt geçmegine garamazdan şol gün ölen zenanyň näme üçin olara görünendigini öwrenip bilmediler.
23
181
guga00
06.06.2020 12:34
Bügün hepdäniň 6-njy güni,
Ýylyň 6-njy aýynyň 6njy güni,
Tomusyň hem 6njy güni.

Hemme zat gül ýaly??
13
264
guga00
06.06.2020 00:37
Kägünlerde wagty yza süýşürmek isleýärin.
Käbir zatlary üýtgetmek üçin däl,
käbir duýgulary täzeden başdan geçirmek üçin.

#GuGa_YaZYYeW
16
105
guga00
03.06.2020 15:33
Durmuşymyzdaky köp adamlar ertekilere meňzeýär:
Bir bar eken...
Bir ýok eken...

G.Y
17
183
guga00
02.06.2020 22:50
6 sözlik hekaýa.

1920-nji ýylda Nobel baýraga mynasyp bolan hekaýa ussady E.Hemingwaye diýipdirler:"Sen alty sözlik bir hekaýa ýazyp, birnäçe adamy agladyp bilmersin."
Jedel açylypdyr, adamlar orta pul goýupdyr. Soňra Hemingway ýazypdyr:

Satlyk:Çaga aýakgaby. Hiç hili geýilmedik."
17
160
guga00
21.05.2020 23:19
Dünýädäki iň erbet duýgularyň biri:

Ýeke ýekeden iň ýakyn dostlaryňy ýitirmek......
17
148
guga00
21.05.2020 21:07
Admine postlara surat goýup bolýany açanlygy üçin köp köp sag bolsun aýtmaly. Instagramdanam köp goýup başladylar şahsy suratlaryny postlaryna. Programmany garyşdyrýarlar öýdýän.?‍♂️
10
146
guga00
17.05.2020 20:10
-Ogluuum, bar 2 sany çörek alyp gel.
+Oglanlar bilen oýun oýnap otyryn ejää.
-Gaýtarga BOLD alaý.
+Oglanlar, pauza basyň men häzir rezkyja gelýän.?

Sizem şeýtyaňizmi
18
176
guga00
14.05.2020 21:02
Gadyrdan Aşgazanym
Aglasanda, Guruldasanda, Seslensende, ulasanda agşam azana çenli sana ýekeje zadam ýok.?
26
134
guga00
13.05.2020 22:04
2020-de uçýan maşynlar bolarmyka diýýärdim. Ýyl geldi, uçarlaram uçanok.?
13
132