Bir garyndaşynyň toýyndan gelýän Kemal we dosty Rejep, 20-nji noýabr agşamy, takmynan sagat 00:30 töwereklerinde şäheriň mazarlygyndan ulag bilen geçýärdiler.
Her iki tarapy mazarlyk bolan dar ýoldan geçýärdi we birden çepdäki tamyň üstünden ulagyň öňüne ak bir zat bökdi. Iki dost munyň bir ak it bolup biljekdigini oýladylar.
Ýöne ony kakmaly bolan wagty ikisi hem hiç hili kakma sesini eştmediler we geň galypdylar. Ulagy saklap arkalaryna seretdiler we hiç zat görmediler.
Her ikisi hem täsin bir zatlaryň bolandygyny aňypdylar. Mazarlykdan cykmalaryna az galypdy weli, ulaga dolandyrýan Rejep birden gygyrdy. Ortadaky aýna seredýärdi.
Muny görüp Kemal hem arkasyna seretdi we yzky oturgyçda gelin köýnek geýen bir zenany gördi. Zenan sessiz oturyp iki dosta seredýärdi.
Iki dostyň uly gorky bilen nädip mazarlykdan cykanyny we nädip ulagdan düşenini aňmadylar.
Soňra ulagyň içine seredenlerinde ulagyn içinde zenan ýokdy. Munyň sebäbini gözlemäge başlan Kemal şol gün olen bir zenanyň bolandygyny öwrendi.
Zenan ýakyn obada edilen toýdan gelýärkä ýol heläkçiliginde ýogalypdyr we öleninde üstünde gelin köýnegi bar eken.
Ölen zenanyň ýakynlaryna zyýarata giden Kemal gören zenanyň şol ýogalan zenan bolup bolmadygyny öwrenmek isledi we baran öýünde ýogalan zenanyn suratyny görkezdiler.
Suratdaky zenan şol günki yzky oturgyçda oturan zenandy. Ölen zenanyň ýakynlary hem bu waka geň galdylar.
Indiden beýläk şol mazarlykdan geçip bilmeýän Kemal we dosty wakadan birnäçe wagt geçmegine garamazdan şol gün ölen zenanyň näme üçin olara görünendigini öwrenip bilmediler.