gena_02
gena_02
21.10.2022 23:19
🤣🤣🤣🤣🤣🤣
gena_02
gena_02
03.10.2022 19:46
Ýerine düşen surat.
gena_02
gena_02
22.09.2022 22:55
Çagalyk wagtymyzdaky iň gyzykly kinomyz.💁
gena_02
gena_02
18.09.2022 14:16
Telefonyna jaň gelmese-de, onuň sesi eşidilýän ýaly bolýar. Bedenimizde sähelçe bir sanjylama duýsak ýa-da töwerekde bir ses eşidilse, biz ony telefon jaňy bilen baglanyşdyrýarys. Bu özboluşly kesel
gena_02
gena_02
17.09.2022 14:51
Adamlaryň arasynda bir wakany öňden ýaşama duýgusy ýagny käbir bolup geçýän zatlary düyşlerinde gören ýaly bolma duýgulary kän bolup geçýändir. Asyl bu ýagdaýyň nähili bolup geçýändigini yada näme
gena_02
gena_02
16.09.2022 01:38
Wagtyň gymmaty!
gena_02
22.05.2022 13:27
Üsti dikuçarly gämi deňiz menzilinden çykyp 960 km daşlykdaky ada tarap sag60 km tizlik bilen ýüzüp ugrady.Belli bir wagtdan soň dikuçar gäminiň üstünden barylmaly ada tarap
sag 200 km tizlik bilen uçup ugrady. Eger dikuçaryňsürüjisine ada barmak üçin 9 sagat gerek bolan bolsa, dikuçar
näçe wagtlap uçupdyr.
10
110
gena_02
gena_02
18.04.2022 02:56
Teatrdaky kino😊
gena_02
gena_02
17.04.2022 01:25
,,👍👍👍👍👍👍👍🥀
gena_02
09.04.2022 06:06
AGYZ BEKLEMEK we SAGLYK
Haýyr-sahawata, sogaba baý aý — Oraza aýy dowam edýär. Kerem-keramaty bilen ýüreklere ýylylyk çaýýan bu mukaddes aýyň dowamynda agyz beklemek musulmançylygyň esasy parzlarynyň biri bolup, onuň ynsan saglygy üçin hem ähmiýeti uludyr. Biz şu ýazgylar arkaly agyz beklemegiň saglygymyz üçin peýdaly taraplarynyň käbirine ünsüňizi çekmek isledik.

Ilkinji nobatda, agyz beklenilýän döwürde beden agzalarymyzyň «özüni dürsemegine» pursat döreýär. Aslynda Oraza aýynda agyz bekleýän adamyň ähli erbetliklerden gaça durmagynyň özi nämä degmeýär? Bu öz-özümize edýän iň uly sowgadymyzdyr.

Lukmanlar artykmaç ýaglardan halas bolmak üçin her ýyl azyndan 2—3 hepde aç bolmagyň ähmiýetiniň uludygyny aýdýarlar. Sebäbi bedenimiz iýmitiň barmasy azalan ýagdaýynda ähli güýjüni zyýanly mikroblary öldürmäge, «zibillerden» arassalanmaga, howply çişlerden, täze döremelerden dynmaga gönükdirýär. Aslynda-ha, agyz beklenýän döwürden başga wagtlarda hem gowy ertirlikden soň 4-5 sagat aralygynda hiç zat iýmän, bedene dynç bermegiň peýdasy uludyr.

Agyz beklemegiň ikinji peýdasynyň artykmaç agramdan halas bolmakdygy öz-özünden düşnüklidir. Onuň immun ulgamynyň işini gowulandyrmakda hem ähmiýeti uludyr. Çünki agyz beklenilýän döwürde limfa düwünleriniň işleýşi 10 es­se gowulanýar, öýjükleriň sany köpelýär. Bu bolsa bedeniň köp kesellerden saplanmagynda we goranmagynda ähmiýetlidir.

Bu döwürde bagyrda we böwreklerde hem arassalanyş bolup geçýär, bedeniň alyş-çalyş ýagdaýlary kadalaşýar. Ganda natriniň mukdarynyň köpelmegi, kaliniň kristallaşmagynyň öňüni alýar.

Agyz beklemek iýmit siňdiriş ulgamynyň işini hem ýeňilleşdirýär. Çünki bu döwürde tüýkülik mäzleri, aşgazan, bagyr, aşgazanasty mäz, içege dynç alýar.

Agyz beklemek endokrin mäzleriniň işine hem kömek edýär. Endokrin mäzleri iýmitdäki ýokumly maddalar özleşdirilýän wagtynda alyş-çalşyň sazlaşykly bolmagyny üpjün edýär. Bu bolsa öz gezeginde işjeň gormonlaryň bölünip çykmagyna ýardam berip, bedeniň gormonal deňagramlylygyriy kadalaşdyrýar.

Agyz beklemegiň saglygymyz üçin ähmiýetli taraplarynyň ýene biri hem bedendäki ýarawsyz we gowşak öýjükleriň dargap, täze öýjükleriň sanynyň artýanlygydyr. Özi-de bu döwürde bedenden zäherleýji ammiagyň çykarylmagy 100 esse artýar. Elbetde, zyýanly endiklerden saplanmagyň öýken üçin ähmiýetlidigi hem öz-özünden düşnükli. Bu aýdanlarymyza adamyň köňlüniň dynç alyp, rahatlyk tapýandygyny hem, sabyr-takatlylygy terbiýeleýändigini hem goşup bileris. Ýöne agyz beklemek we onuň ynsan saglygyna täsiri hakynda gürrüň edilende ýene bir

ýagdaýyň üstünde durup geçmek gerek. Ol hem agyz beklemäge rugsat berilmeýän ýagdaýlardyr.

Lukmançylyk jähetden, bedeniniň saglyk ýagdaýyny we bolup biljek gaýraüzülmeleri göz öňüne tutup, ýarawsyz adamlara, hamyla ýa-da çaga emdirýän zenanlara, agyr zähmet bilen meşgullanýanlara we agyr beden kesellerini geçirenlere agyz beklemek maslahat berilmeýär. Çünki öz saglyk ýagdaýyny dikeltmek üçin olara kadaly iýmitlenmek zerur. Umuman, saglygynda bir näsazlyk duýan adamlara agyz beklemezden öň lukman gözegçiliginden geçmek masla­hat berilýär.

Kalbyňa ýakym, ýagşylyk guýýan mu­kaddes aýda tutan orazalaryňyz kabul bolsun, mähriban ildeşler! Dünýämiziň abatlygy, ýurdumyzyň parahatlygy, il-günüň aman-saglygy üçin eden doga-dilegleriňiz Hakyň dergähinde kabul bolsun!
13
43