AGYZ BEKLEMEK we SAGLYK
Haýyr-sahawata, sogaba baý aý — Oraza aýy dowam edýär. Kerem-keramaty bilen ýüreklere ýylylyk çaýýan bu mukaddes aýyň dowamynda agyz beklemek musulmançylygyň esasy parzlarynyň biri bolup, onuň ynsan saglygy üçin hem ähmiýeti uludyr. Biz şu ýazgylar arkaly agyz beklemegiň saglygymyz üçin peýdaly taraplarynyň käbirine ünsüňizi çekmek isledik.
Ilkinji nobatda, agyz beklenilýän döwürde beden agzalarymyzyň «özüni dürsemegine» pursat döreýär. Aslynda Oraza aýynda agyz bekleýän adamyň ähli erbetliklerden gaça durmagynyň özi nämä degmeýär? Bu öz-özümize edýän iň uly sowgadymyzdyr.
Lukmanlar artykmaç ýaglardan halas bolmak üçin her ýyl azyndan 2—3 hepde aç bolmagyň ähmiýetiniň uludygyny aýdýarlar. Sebäbi bedenimiz iýmitiň barmasy azalan ýagdaýynda ähli güýjüni zyýanly mikroblary öldürmäge, «zibillerden» arassalanmaga, howply çişlerden, täze döremelerden dynmaga gönükdirýär. Aslynda-ha, agyz beklenýän döwürden başga wagtlarda hem gowy ertirlikden soň 4-5 sagat aralygynda hiç zat iýmän, bedene dynç bermegiň peýdasy uludyr.
Agyz beklemegiň ikinji peýdasynyň artykmaç agramdan halas bolmakdygy öz-özünden düşnüklidir. Onuň immun ulgamynyň işini gowulandyrmakda hem ähmiýeti uludyr. Çünki agyz beklenilýän döwürde limfa düwünleriniň işleýşi 10 esse gowulanýar, öýjükleriň sany köpelýär. Bu bolsa bedeniň köp kesellerden saplanmagynda we goranmagynda ähmiýetlidir.
Bu döwürde bagyrda we böwreklerde hem arassalanyş bolup geçýär, bedeniň alyş-çalyş ýagdaýlary kadalaşýar. Ganda natriniň mukdarynyň köpelmegi, kaliniň kristallaşmagynyň öňüni alýar.
Agyz beklemek iýmit siňdiriş ulgamynyň işini hem ýeňilleşdirýär. Çünki bu döwürde tüýkülik mäzleri, aşgazan, bagyr, aşgazanasty mäz, içege dynç alýar.
Agyz beklemek endokrin mäzleriniň işine hem kömek edýär. Endokrin mäzleri iýmitdäki ýokumly maddalar özleşdirilýän wagtynda alyş-çalşyň sazlaşykly bolmagyny üpjün edýär. Bu bolsa öz gezeginde işjeň gormonlaryň bölünip çykmagyna ýardam berip, bedeniň gormonal deňagramlylygyriy kadalaşdyrýar.
Agyz beklemegiň saglygymyz üçin ähmiýetli taraplarynyň ýene biri hem bedendäki ýarawsyz we gowşak öýjükleriň dargap, täze öýjükleriň sanynyň artýanlygydyr. Özi-de bu döwürde bedenden zäherleýji ammiagyň çykarylmagy 100 esse artýar. Elbetde, zyýanly endiklerden saplanmagyň öýken üçin ähmiýetlidigi hem öz-özünden düşnükli. Bu aýdanlarymyza adamyň köňlüniň dynç alyp, rahatlyk tapýandygyny hem, sabyr-takatlylygy terbiýeleýändigini hem goşup bileris. Ýöne agyz beklemek we onuň ynsan saglygyna täsiri hakynda gürrüň edilende ýene bir
ýagdaýyň üstünde durup geçmek gerek. Ol hem agyz beklemäge rugsat berilmeýän ýagdaýlardyr.
Lukmançylyk jähetden, bedeniniň saglyk ýagdaýyny we bolup biljek gaýraüzülmeleri göz öňüne tutup, ýarawsyz adamlara, hamyla ýa-da çaga emdirýän zenanlara, agyr zähmet bilen meşgullanýanlara we agyr beden kesellerini geçirenlere agyz beklemek maslahat berilmeýär. Çünki öz saglyk ýagdaýyny dikeltmek üçin olara kadaly iýmitlenmek zerur. Umuman, saglygynda bir näsazlyk duýan adamlara agyz beklemezden öň lukman gözegçiliginden geçmek maslahat berilýär.
Kalbyňa ýakym, ýagşylyk guýýan mukaddes aýda tutan orazalaryňyz kabul bolsun, mähriban ildeşler! Dünýämiziň abatlygy, ýurdumyzyň parahatlygy, il-günüň aman-saglygy üçin eden doga-dilegleriňiz Hakyň dergähinde kabul bolsun!