"Saña baran bolsam gowy bolardy",
Diýip süpürýärsiñ ýandaga ýaşyñ.
Başga bahanalar tükelen ýaly,
Esasy bahanañ şol wagtky ýaşyñ.
Gawunuñ gowusyn nämäñ iýýänin,
Has gowy bilseñem bilmedik bolýañ.
Şagala şamlygyñ boýnuña alyp,
Heniz sowamadyk ýüregmi dilýäñ.
Aç towuguñ düýşde dary görşi deý,
Aýlamak isleýäñ pelegiñ çarhyn.
Indi galdyrmak kyn düşmezmi heý de,
Bazaryñ gyzanda bir gaçan nyrhyñ.
Nije ýyl, nije sal, bir ömürden soñ
Saýgarmak isleýäñ adam parhyny.
Uruş gutaran soñ batyr köpelse,
Düşün ýeñiş üçin onuñ parhy nä?
Ýaraly ýürege duz baryn sepip,
Diýýäñ "ýada düşseñ ýürek ýylanýar.
Bu kysmatmy ahwalatmy adatmy,
Ýoklañ gadry ýitiren soñ bilinýär".
Ýaş kalbymda tupan baryn tuzurup,
Guýmadyk aşyña atdyñ awyny.
Şol bagtly şagaldan bir tapawudum,
Hiç iýmedim men özgäniñ awyny.