garlawac
27.06.2024 23:59

Ýaşamaga güýjüm galmady, dostum. Sen ýaşa… Ýöne hergün ir-säher, otagyň her boşlugyny Gün şöhlesi bilen doldurmagy unutma! Tutularam tans etsin ýeliň sazyna. Ýolugra bir sazyň täsiri bilen hiňlenip ugra sen işiňe bakan. Men saňa üýtgeşik aýdym goýmadym, bilýän. Sen saýla bir serçäni, goşulyber şonuň heňine.
Depderiň bir çetine Gün suratyn çekmegi, ähli saralyp-solan gülleri jaýlamagy we her agşamara, dostum, aglamagy unutma! Men henizem ýaşaýandyr öýtsün otagym.
Ýaşaýarkaň, ýaşamagy unutma! Ýadasaň eger, akymyna goşul mawy asfaltyň, ýöräber ýoluň soňuna deňiç. Ýollar uzak, ädimlerem gysga… Soňuny saýma, ýürek urşuňa deňläber ädimleriňi.
Men gidemsoň asmana gowy seret, dostum. Göwnüňi birinde galdyraýsaňam, hergiz umydyňy ýitirmejek bol. Saňa ykbal gam çekdirse, ony çilim tüssesi deý sowur goýber gursagyňdan. Öz hasratyň özüňe artyk ge:r, dostum.
Aýnada özüňe syn edýäňmi bir?! Agyr dälmi gözleňdäki betonlar? Utanma, agla!
Arasynda ýöriteläp saçyňy dara. Şemalam halaýar bezemenleri. Gözellik diýip aşa kösenme ýöne. Ýylgyryp goýber.
…Ölüler mazarda üşemeýän eken. Şol pikir maňa köp ejir çekdirdi. Ötenlem üçin. Emma itler, pişikler üşeýär, dostum. Olaryň ganaty ýog-a, uçup gidäýer ýaly.
Kebelekleň nesli tükenmez entäk, ony gaýgy etme. Sen tebigaty arz et Ýaradana. Mümkin bolsa, ýene bir-iki aý goşup bersin bahara. Gyşdan kemse bolar, halys bolmasa. Onsuzam dokuzymyz üçe ýetenok. Hemem, güýzi unutma, dostum. Dekabr aslynda güýzüň kapyýasy.
Onsoňam… Sen göwnüňi giň tut. Şol ýerde bir gysylyp galmaýyn, dostum.

Begençgeldi ORAZOW
22
200
garlawac
22.06.2024 10:58

Aşyk ýigidiň matematik gyza ýazan haty

Salam – tükeniksiz progressiýa,
Eý, gara gözli ýar, niçik ahwalyň?
Tarypyňy hata salyp ýollaýan,
Eý, dünýäm, älemim, açyk asmanym!

Gözleriň giden bir tükeniksizlik,
Seniň ol gözleriň misli bir umman
Bir bakyşyň müň ýigidi jadylar,
Onsoň men neneňsi durmaýyn dymman?!

Gözüňde syýadan goýulan pokat,
Gaşlaryňam – sinisoidal çyzyk-la.
Seň bilen söýüşmek şeýle bir agyr,
Hem bu söýgi çylşyrymly, gyzykly.

Ýylgyrsaň, lebleriň açyk skobka,
Ap-ak ýüzüň tegelek däl, ellipis.
Sen deý owadan gyz ýokdur dünýäde,
Söýýän bolsaň, toý gününi belle tiz.

Ýarym, seň dört örüm gara saçlaryň
Ellem bilen çözülmedik dört amal.
Şo saçlardyr meni büdredip ýykan,
Şo saçlardyr meni ýüpsüzje daňan.

Näzmi ýa gaharmy düşüp bolanok,
Seň ynanjyň açmasy kyn bir binom.
Söýgim üçin günäli men öňüňde,
Geçewer günäsin aşyk bigünäň.

Käte sen ýönekeý ady drob deý,
Ah, ýüregim ýüregiňe ýol eden.
Ynamym kän biz maksada ýeteris,
Seň ynanjyň bolmawersin nola deň.

Ady drob, öwrül üznüksize sen,
Üznüksiz drob – bu üznüksiz söýgi.
Dowam etsin göni çyzyk deý bu ýol,
Gutarmasyn onuň üznüksizligi.

Gijeler asmanyň ýyldyzny sanap,
Sen ol merjen ýyldyzlardan monjuk düz.
Sen ömrümiz ölçe ýyldyzlar bilen,
Saňa söýgim – bir ýüz bitin ýüzden ýüz!

Söýgi ýoly çözmesi kyn mesele,
Söýüşmekde ýokdur taýyn formula.
Söýgi bu ýüregiň emrine görä,
Söýgi diýilenok hiç bir zorluga.

Söýgä kesgitleme ýokdur aýratyn,
Bu söýgä hiç hili ýok teorema.
Söýgiň hormatyna göreş sen ejeň
Gelýän onlap sawça ýok diýerine.

Biz – iki biz,
Ikimizde bir ýürek,
Men plýus sen,
Sen plýus men,
Deňdir bir!
Bu ýönekeý hasap arifmetika
Ähli adat, şerigata deňdir, bil.
Bu haty diňe seň okagyn özüň,
Ynansaň, iň eziz joraňa okat.
Hoş!
Hatyň soňuna umydym bilen,
Gözlermiň garasyn goýýaryn nokat.

Özüň bilýäň, bu gyş howa-da sowuk,
Bu sowuk gijeler ýar goýny ykyş.
Hat ýaz, sabrym azdyr hat gelerine,
Umyt kän, jogabyň bolmasyn iks!

Awtory Atamyrat Atabaýew

28
119
garlawac
21.06.2024 22:41

Çyn dost kyn günüňde bellidir - diýilýän dost şu bolsa gerek 😁
22
240
garlawac
21.06.2024 16:34
Şu işi eden bolsaň senem bizden 😁

24
216
garlawac
20.06.2024 11:43

“Sataşaýmaweri mynasyp däle”
Çary Ýegenmyradow


Çintgäp-çintgäp ençe gezek aýdypdyň:
“Sataşaýmaweri mynasyp däle...”
Ol özüme mynasypdyr öýdüpdim...
Bagyşla ýazygmy!
Käýe!
Günäle!..

Belki, soňra kalbym aýap, içine
salybam ýörmerin deger-degmezi.
Göwne nagra salyp, ýatlap geçeni,
Agyp gitdi başymyňam sellesi.

Gözýaşlarmyň sebäbini sorama,
Ýüregiňem gyýyp ýörme biderek.
Çöp gaçarmy gözüme-de, gorasaň,
Daşymda-da bolma, gowsy, janserek.

Diýýäň: “Goşgyň — ýaňy açylan läle,
Kalbyň sazam “Keçpelege” heňdeş, gyz.
“Sataşaýmaweri mynasyp däle”,
Sen artykmaç oňat, Aýa meňzeş gyz!”

11.01.2024ý. 14:31. Aşgabat.

© Uzuk NOWRUZOWA

22
190
garlawac
19.06.2024 02:07


Bu gün öwrenmeliniň köne möjekleri bolan
@shamko bilen @guli_ agzalaryň doglan güni! Bular ýene biz bilen täze ýaşyny garşy aldylar! Uzak we manyly ömür arzuw edýän!

Bu tort seniň üçin garpyzçy! @guli senem gaty görme saňa başga tort alarys😁, prosta Şamyrada 4 ýyldan bäri garpyz bergim bardy şony raşşot etjek bolýan pursatdan peýdalanyp. Özüň ýaly şadyýan, göwni açyk gyza ýar bol! Çaltrak öýlen toý göreli 😁...


@guli_ senem diňe bagtdan parlaýan ýyldyzlaryň biri bol✨🌷...


gutlamak bilen: karpuz güzeli garlawaç 😁...

Doglan güne geljekler boş gelmäň 😁
45
384
garlawac
18.06.2024 12:52
@Perman__ kerpiç örüp ýören ýeri bazara ýakyn ýer bolany üçin köp adam şol ýerden geçýärmiş.
Her geçen adamam @Perman__ bilen gepleşip onyň wagtyny alyp, ony işden goýýarmyş. Şeýdip işini edip bilmedik @Perman__ uly tagta alyp oňa uly ýazgylar bilen bir zatlar ýazyp, ony geçýän adamlaryň okap biljek ýerinde goýupdyr.

Ýene biri şol ýerden geçende @Perman__ a Salam diýip diýmäňkä, ol barmagy bilen ýaňky ýazgyly tagtany görkezipdir. Ol adam hem tagtadaky ýazgylary okapdyr we toba diýip ýoluna gidiberipdir. We ondan soňra hemme adamlarada şol ýazgyly tagtany görkezipdir, ony okan kişi @Permana___ hiç zat diýmän gidip galypdyrlar.
Şol gün menem şol ýerden bazara geçip gitdim we @Perman__ tagtadaky sözleri maňada okatdy, tagtada şeýle sözler bardy:

Waleýkimsalam!

Bar barbol, özüňem arma!

Hawa yssy bilenem oňuşýan

Howa gowy Allajana şükür, özüňiz nähili?

Hä bolýa gowy bolsaňyz bolýa,

Hawa-laý kerpiç örýän

Ýok, özüme däl @Relax agalara örýän,

1000 kerpiç örsem 150 manat berýä,

Günde 800-900 kerpiç örýän käwagt 1000

Hawa işlemedik dişlemez diýipdirler

Bolýa bolýa sagboluň, sizem gaýrat ediweriň

Bolýa aýdaryn, sizem salam aýdyň.



😁
34
609
garlawac
17.06.2024 00:16

Ana gerek bolsa biderek ölüp gitdiň, Jek!.. 😂
31
262
garlawac
16.06.2024 19:36

Başardy, çünki başarmajagyny bilmeýärdi))

Ýalta, emma akylly bir talybyň hekaýasyny belki eşidensiňiz. Matematikany halamaýan talybymyz ders wagtynda ukydady. Jaň kakyldy we ol oýandy. Tagtada gören meselesini öýe berlen ýumuşdyr diýip pikir edip, depderine göçürýär.


Öýüne geleninden sonra, meseläni uzak wagtlap çözmäge çalyşýar. Başarmaýar, gaýtadan synanyşýar we birnäçe synanyşykdan sonra meseläni çözýär. Derse gelende öýe berlen ýumuşyny mugallymyna görkezip, ony barlamagyny isleýär.


Mugallym haýran galýar, çünki tagta ýazylan mesele matematikanyň taryhynda çözüwi tapylmaýan meselelere mysal hökmünde ýazylypdy. Dersde ýatan talyp ol meseläniň häzire çenli çözülmedigini bilmeýänligi üçin birnäçe gezek ýadawsyz synanyşýar we soňunda çözmegi başarýar.


Talybymyz uly iş başardy, çünki ol işiň "Başarylmajagyny" bilmeýärdi. Galan talyplar meseläniň çözülmeýändigini bilendikleri üçin asla synanyşmadylaram. Üstünligiň syry bu sözlem bilen beyan edilip bilner:

"Başardylar, çünki başarmajaklaryny bilmeýärdiler"

32
237
garlawac
16.06.2024 09:38

"Ykbaldyr-da" diýdiñ, lowlady ýürek,
"Ykbaldyr-da" diýdiñ, ot aldy dünýäm.
Ýañy on dokuzyň dolan pursaty,
Ykbal diýlen zady nireden bilýäň?

Bar zada günäkär däl ahyr ykbal,
Ýok, men ykbalymdan ýanyp geçjek däl.
Ýa men söýgim düşjek menzilin tapman,
Ýel ugruna gaýyp ýören peşmek däl.

Süýji dideleñden ajy gözýaşy
Süpür,
Ajy gözýaş gül ýüzüñ daglar.
Düşün, diñe munda umydy ýoklar,
Şeýle için tutup perişan aglar.

Wagt lukman,
Belki, köñül düşüşer,
Ýaralary bitip barýan durna dek.
Wah, hawa-da, yşga nädip düşüner,
Sen deý gyzyň jebrin çekip görmedik.

Hojaberdi Çaryýew

18
66