garlawac
27.07.2024 17:11

Kän görsem-de gözel-gözel adamy,
Belki, görmedim men daşdanam boýuň.
Bilmesek-de kimdigiňi, adyňy,
Eýýäm bezäp goýduk ýaşajak öýüň.
Dostumyň salgyndan seni gözleýän,
Alysdan, alnymdan seni gözleýän.

Bu gözel dünýäniň gözel ýerinde,
Bilýärin, gezýärsiň sen meni gözläp.
Biriniň bakyşy syrly görünse,
Gozgalaň tapýansyň gyzlardan gizläp,
Menem ilden gizläp, saňa garaşýan,
Menem gözläp-gözläp saňa garaşýan.

Gaýnyňam aýap ýör gowja zatlary,
Diýip: «Sowgat bolar gelnime, guzym»
Näbelli gyz, bilemizok razmeriň,
Belki, dar, gysga bor, belki-de, uzyn.
Enem saňa diýýär: «Şol meniň ertäm»
Enemiň ertesi haçan gelerkäň.

Gelsene aýlardan, ýyllardan aşyp,
Ýyllar seni juda haýal getirýär.
Gel, bu ojak saňa ozaldan aşyk,
Onda saňa duş gelmedik mähir bar.
Geljegim seň bilen bile gelmeli,
Gel gyz, sen barybir bize gelmeli.

Italmaz Akmyradow.
17
227
sazsoft
21 Awgust 2024
«Enem saňa diýýär: "Şol meniň ertäm",
Enemiň ertesi, haçan gelerkäň?» 🥺
ATOMIC
29 Iýul 2024
@Dark, 😂😂😂😂
Dark
29 Iýul 2024
@ATOMIC, Aman amann 1 ay galdy derrew gitemli🤣
ATOMIC
29 Iýul 2024
@Dark, öwrenşersiň intek👍
Dark
29 Iýul 2024
@ATOMIC, Menem zatdan habarım yok.Google alarıs diyyan🤣
Dark
29 Iýul 2024
@ATOMIC, Howa geldım herkim kino barmy diyip sorayar telefonundan🤣
Dark
29 Iýul 2024
@ATOMIC, 🤣🤣
ATOMIC
29 Iýul 2024
@Dark, belet video bar biziň youtubemiz şol mugt😄
Dark
29 Iýul 2024
@ATOMIC, Byrdan garyplaşdym İmo bile galdık baş başa😅😁
Dark
29 Iýul 2024
@ATOMIC, Howala
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.