garlawac
29.09.2023 21:32

hiç kime ynanmazlygy öwrendim. seni söýýändir öýdýäňmi? gülkünç sorag. men indi kimi söýjek? birmahallar... (kän zaman geçdi.) o mahallar aýylganç täsin dünýädi barlyk. şuwagtam söýgi ýat närse däl. arman, diňe özümi söýýän. megerem, bu gynanaýmaly ýagdaýdyr. ha-ha. ýöne maňa bolýar.

şu hal çagalaň bilen çaý içýänsiň ýa-da hyýrsyz aýalyň bilen haýsydyr bir bolgusyz zat hakda sowuk jedelleşýänsiň. jedelleşseň, jedelleşipsiň-dä ......

menem näme? ýaşaryn-da başararyn. gaýrat ederin, öwrenerin daşa garamany, uzakdan görmäni, aldamany ed-dil sen ýaly.

bu - diýseň hakykat. ýowuz gerek, hä? gowu-da, saňa degişli-dä şo. bir ýerde ýalňyşdyň. meň söýgim güýçli, ýalany ýigrenişimem şonçarak. öňdäki sözlemiň ikinji böleginden gözle ýalňyşyňy. özüňi ýalan sözlemezlige türgenleşdir. geljegiň üçin gowy bolar. äýý, keýpiň kelläňde. çagalaň ýanyňda, keýwanyň gaşyňda, isläniňi gaýyr, durmuşyňa halanyňy goş, halamadygyňy aýyr. janyň sag bolsun.

gözýaşlaryma pasyllar gark boldy. olar özüni birçak halas etdiler. ýöne sen özüňi mensizlikden halas et!


Suraý Babanyýazowa

33
309
garlawac
29.09.2023 14:55

 WYSALA ÝETMEDIK SÖÝGI

"Bu dañ öñkilerden şeýle üýtgeşik.
Meni senden, seni menden aýyrdy."

Sen gitdiñ - gözeller kän dünýäde sen şolaryñ biridiñ. Aşyklar kän dünýäde men olaryñ biridim. Aýra düşen ykballar kän dünyäde biz şolaryñ biridik. Hüýrler ýaly görküñ, gunça ýaly lebiñ, umman ýaly gözleriñ, tolkun ýaly gaşlaryñ özüme dözülmedik arzuwym, nesip etmedik täleýim. Bir ömürlik armanym.. Saçlaryñ tarypyna deñäre zat tapmadym zeminden. Şol gözellikleriñ baryny özünde jemlän näzik beden dilberim. Özge şire olja bolan jerenim, özge ýigide gelin bolan dilegim.

Gözleň çydamymy synaga salýarg,
Sözleň gülle bolup ötýär içimden.
Saňa duşup, haýallady hyýallam,
Saňa duşup, galdym wagtyň göçünden.
(S.H)

Sen gitdiñ - sen gideniñsoñ bütin älem boşap galaýjak ýalydy. Diýýälerä "Ýeke adamlykdymy bu şäher sen gidensoñ boşap galdy" -diýip. Ýöne mende beýle bolmady seniñ ýoklugyñ menden başga ynsanyýete täsirini ötürmedi. Köçeler, ýollar, baglarda güllerden bal çöpleýän arylar, saýraýan guşlar gara başagaý işe, dükana, ykbalynyñ indiki duralgasyna howlugýan adamlar hemme zat edil öñki-öñkilik. Emma sen gideniñsoñ boşap galan men boldum. Ruhum tenimi terk edip indi mende lagşap galan bedenden we hasrat doly ýürekden başka hiç zat galmadyk ýaly..

Boljakdym mydama seniñ ýanyñda,
Baky galjakdym men seniñ janyñda,
Emma göwnüm çöküp barýan çagynda,
Derdime dert goşup menden gidersen,
Gitseñ yza haçan gaýdyp gelersen?!
(?)

Sen gitdiñ - gitmezligiñ mümkinmidi näme? . Sebäbi saýlaw biziñ elimizde däldi.. Karary özgeler kabul etdi. Biz bolsa ýowuz kysmatyñ elindäki oýunjagy bolduk. Sen meniñki, menem seniñki bolmalydyk emma seni menden, menide senden aýyrdylar. Söýgimi? Baýlyk öz göçümini göçüp durka söýgi çete çekilip durmakdan başga pişe edip bilmeýän eken. Menhem söýgüme baha kesip durkalar bir çetde sessiz synlap durdym. Sebäbi men garyp söýgümden başka gymmat baha hiç hili ele ilerlik zadym ýokdy. Söýgümi bolsa gymmat baha diýip hasaplamadylar. Ýok, ýok men hiçkimi günäkärlejek bolamok. Bary ýogy nesibämiz aýry eken başa gürrüñ artykça..

Açylmadyk dünýädiň sen meň üçin,
Men sende juda kän, kän syry gördüm.
Şonda-da her gezek ýylgyran çagyň,
Syrly ýylgyrşyňy gowluga ýordum.
(S.H)

Sen gitdiñ - hany aýralyga sebäp seniñ dogry manyda gitmekligiñ bolanda. Beýle agyr degmezdi eger sen daşary ýurda ýa-da başga şähere çemadanyñy alyp gideniñde. Emma saña gidýäñ diýmekden görä barýañ diýmek dogry ýaly sebäbi seniñ gidýän ýeriñ ýok barýan ýeriñ bolsa öýñüzden onçakly uzakda hem däl.. Seniñ barýañ baranyñda-da gelin kürtede, al ýaşyl öýmede barýäñ! Dogruragy alyp gidýäler..

Özgä nesip boldy seniñ gül roýuñ,
Bir ölmedim synlap suratyn toýuñ,
Ne kylsamda ahyr almaly boýun,
Öçmejek söýgüm diýp ýatlaýan seni.
(H.M)

Sen gitdiñ - seniñ söýgüñ bilen men asmanlarda, bulutlarda ýaşaýardym. Indi bolsa men sowuk köçelerde ganatsyz guşa däl, ganatsyz garynja ýaly örmeläp ýörün yeriñ oýly beýiginde. Meni gynandyrýan zat seniñ bilen gijäñ bir wagtyna çenli haýsydyr bir agajyñ saýasynda egin-egine, el-ele berip oturyp, bilelikde süýji arzuw hyýallara berilip bilmedik. Göreçler-göreçlere, dem-deme, leb-lebe arman boldy bu söýgüde.

Sen arzuw ederdiň azan aýdylsa,
Soň aglardyň başyň goýup egnime.
...Gözýaşlarmy dakyp gaýtdym gaýdamda,
Olar indi sümsüledir ömrüňe.
(?)

Sen gitdiñ - eşidişime göra saña gyñaç dañypdyrlar adaglanypsyñ. Söýen biri adaglan biri boldy duryberdi. Men seni söýen wagtym ol nirdedi? Oña adaglanyp durkañ men nirdedim?.. Düşinmän galdym ykbalyñ bu oýnuna. Seniñ barmaly oglanyñy goýdular garşyma garşydaş edip. Ol rakybym boldy emma goreşsiz ýeñildim men. Ene-atalarñyz kesgitläpdir ykballarmyzy. Ejize ganym boldular, baýa garyp etdiler. Daşa dişim ötmedi, daga boýum ýetmedi nädeýin seni ellerimden soguryp aldylar.

Bir günem üstüme ýykyldy dünýä,
Ýaglygyňy sogrup gyňaç daňdylar.
Biz birek-biregi ynjytjak däldik,
Ejeler durmuşy kynlaşdyrdylar.
(Ý.Ç)

Sen gitdiñ - käte gijeler alabassyly düýş görüp basyrganyp gözümi açýan we bar zadyñ huşumda bolup durandygyna, düýş däldigine göz ýetirýän. Nädip şeýle zatlar bolandygyna düşünjek bolýan. Ýäşap ýörün emma indi bagtsyz ýaly bir wagt bagtly bolandygymada şübhelenýän. Ýüregim indi bedenim üçin barda ruhum üçin ýok ýaly. Ne gülesim ne-de aglasym, ne ýaşasym ne-de ölesim, ne gidesim ne-de galasym, ne ýöräsim ne-de durasym gelýär. Edil isleglermi, ýaşaýş durşymy kadalaşdyrýan beýnim sogrulan ýaly.

Bilýäňmi özüň?!
Gitseň, asman reňkin döker, dag çöker,
Umman çöker, galar hoňkaryp hana,
Çöller çöker, güller çöker dyzyna,
Gözýaş çöker ýüregime, eý janym!

Gitmesene umytlarym ukladyp,
Saňa çaksyz ynanypdyr ýüregim…
(L.P)

Sen gitdiñ - Pariždaky eýfel ýaly gözel duýgularym Hirosimanyñ partladylşy ýaly ýykan ýumran boldy. Haýsydyr goşgudaky "Seniñ beren bet bagtlygyñy, Çalyşman özgäñ bagtyna" diýlişi ýaly seniñ beren ezýetiñem eziz meniñ üçin. Gije asmanda aýa seredip görsem aýam sensiz gamgyn ýaly. Günlerem sowap barýar bu ýyl gyş ir geler diýýäler. Ýok bu sowuga pasyllaryñ ýa tebigatyñ dahly ýok. Aýralygymyz antarktida-da gopan buz dagy ýaly sowatdy güneşli zemini.

Saña duşup gaş kakdymmy başga men,
Senden özgä bakan bolsam käşkä men,
Indi adyñ ýazyp bilmen goşga men,
Özgäñ namysy diýp ýatlaýan seni.
(H.M)

Sen gitdiñ - Megerem Şamyrat Orazow "Aýralyk" aýdymyny aýtmagyna-da biziñ ykbalymyz sebäp bolan ýaly. Seniñ bilen nähili bagtlydym men. Gündizler medenýetli paýhas bilen gürleşsek gijelerne başartmazdy duýgular. Mende öñem söýgi we aýralyklar bolanyny bilýäñ. Olaryñ yzasy entägem bitenokdy indi senem gidip barýañ kalbymda bir oýuk bolup. Gündizlerne ýeñ bermeýän gaýgylam gijelerne hanjar sokýar kalbyma. Haýsydyr goşguda, haýsydyr aýdymda ykballarmyza meñzeş ýerleri bolsa sen düşýärsiñ ýadyma. Damagym dolýar aglap bilemok. Ykballarmyz aýry eken ezizim. Men ýomut ogly sen bolsa teke gyzy atlarmyz agzalmady bir ýerde. Her näme bolsada beren söýgüñe, duýglarña we bagtyña minnetdar senden. Hiçkim meni seniñ ýaly söýmändi indem söýülmerin häzirki ýaly. Hoş gal meni mendende artygyrak söýen dilber. Bagtly bol ýörän ýoluñ bagtdan püre-pür bolsun. Nesibeli oglanyñ meniñ berip bilaýjek bagtymdanan iki esse bagtly etjegine ynanýan. Meni hem oýlap ýörme kalbyñ töründe süýji bir ýatlama bolsam bolýa göwün işiginde hoş gal ýürekdeşim, bagtly bol ýüregimdeş...

Dan atdy...
Bu dan onkilerden seyle uytgesik.
Meni senden,seni menden ayyrdy,
Her gunki bagt bn uran yuregim
Bu gun meni ahli zatdan doyurdy.
(Mahym)

MROKAS

33
262
garlawac
28.09.2023 16:51

"Men Sizi söýenim üçin günäkär däl" diýip ýazypsyňyz soňky hatlaryňyzyň birinde! Emma meniň söýenim üçin welin Siz günäkärsiňiz, Ezizim! Gam-gussa batanym, jebir çekenim üçin million mertebe ýazyklysyňyz! Dertsiz başymy derde goýduňyz, söýmegi öwretdiňiz-de, eýmenç gussa bilen meni jezalandyrdyňyz! Sizi bagyşlap bilmen. Gözlerimden akan her damja ýaşym üçin o dünýede jogap bermeli bolaýsaňyz, meni çagyryň, ýetip gelerin! Emma birenkä aýaklaryňyza özümi oklaýsam welin, saklajak bolmaň, meni öz derdim bilen goýuň, utanmaň! Çünki gözlerimde henizem dökülmedik ýaşlar bar! Şindi hak eýesine gowuşmadyk muhabbet bar!


Indi ömürboýy...


Men bu gün uzynly gün Sen barada oýlanmazlyk hakynda oýlandym. Ertir hem uzynly gün Sen barada oýlanmazlyk hakynda oýlanaryn! Indi men ömürboýy Sen barada oýlanmazlyk hakynda oýlansam gerek...


Hosiýat RUSTAMOWA.

Terjime: Orazmyrat MYRADOW.

37
198
garlawac
28.09.2023 08:55

Adamlaryň: ,,aşygydyryn" diýip gül baryny ýolup ýörüşleri uzak sähradaky täsin kebelejikli gürrüňi ýadyma düşürýär. ,,Şol sähradaky kebelejik gülden-güle gonup, gül yşgynda sersepil bolup ömrüni ötürýärmişin" diýýärler. Kebelejigin täsin ýeri hem ol aýajyklary çala tozan bolandyr öyse-de güle gonmaýarmyşyn. Aşyk kebelejik gülleriň meňzinde tegmil galaryndan gorkýarmyşyn ...


Täsinhä :) ?

32
152
garlawac
26.09.2023 16:27

 Saňa şo bir zady gaýtalar ýörerin,
Nädip bolar seniň göwnüňe ýarap -
pikrin etmerin.
Bilýäň-ä, onsuzam işim köp meniň,
Men kowýan guşlary günorta tarap.

Ýarygije oýanyp, tukat şäheriň
Gussasyny ölçeýärin sönmedik
çyralaryndan.
Gyşa aşyk guşlaň sowukdan gatan
jesedini ýygnaýaryn ýodalaň
gyralaryndan.

Säher ýollaň çyralarny söndürýän,
Oýarýan ukusyz awtobuslary
Hem çekip bulutlaň şekillerini,
Ýüp bilen berkidip, göge asmaly.

Soň,
şäheriň adamlary irende,
Ýetimleriň hüwdüsine hiňlenýän.
Gün doganda, duralgalaň birinde
Gelmezmik-ä diýip garaşyp görýän
kimdir birine...

...Her gün öz-özümden gaçyp ýörün men,
Seni gujaklamda aglasym gelýär.
Özümi ugradyp başga ýerlere,
Menin seniň bilen galasym gelýär.

© Begençgeldi ORAZOW

30
106
garlawac
25.09.2023 20:44

 Görmegeý zenanlara ýanýoldaşlaryna wepaly bolup päkize garramak, gör, nähili kyn! Başym gurban başaranlara!

Bäşim ÖDEK

42
507
garlawac
25.09.2023 19:50

 Men uçmak isledim,
Onda-da neneň?!
Arkamda asmany göterip mäkäm.
Bolmady...
(Bagyşlaň, hormatly mollum, Ikilikçiligme guşlar günäkär).

Onson, yerden ýyldyz çöpledim yördüm,
Oylamadym - gereksizmi, gerekli?
Kör teňňä geçmedi köne arzuwlar,
Soň, özüme täze asman döretdim.

Emma jinnek ýalam peýda görmedim,
Uzak gije entäp, ýaşlygym yrya.
(Şu asyrdan çöl tapmadyk mežnunlar
Serhoş bolup özün asfalta urýar).

Besdir indi, meni erkime goýuň!
Gürrüň bermäň - peýda näme, haýyr nä?
On baş ýyllap çörek üçin okadym,
Haýry nä?!
Durmuşda näme gerekli?
(Maňa lezzet berýän sary ýapraklar Köçe syryan daýzalara ezyetdi).

Kanunlara baş göterdim şeýdibem,
Halys bolup \"ýeriň dartyş güýjünden\".
Men uçmak isledim,
Tussagdym emma,
Ömürboyy atmosferaň içinde.

Begençgeldi ORAZOW.

34
93
garlawac
24.09.2023 12:02

SÖÝÝÄN

Söýgi - girişmi sen jelepçilige

Ýa-da basgançakmyň hudaýlaşmaga?..

Ne söýýän bar, dag basylyp diline,

Ne-de söýüp uçýan duşýar asmana

Söýýän - diýmek salam diýmekden rowaç.

Söýýän - parol haram işe meýillä.

Söýýän - owadan gyz desse saçlaryny

Bulaşdyrtmak üçin irmän daraýar.

Söýýän!

- adamsyndan alýar-da jogap,

Çykarynmak üçin

gelin geýinýär.

(Söýýän!

Duşaly öýlän!

Söýýän,

köýýän dilberim,

Baş bezeg-ä söýerin men azyndan!

Kasam edýär ýigit söýgiň adyndan)

- Ahaw, salam bermäniň-ä jähennem

Hiç bolmanda sora onuň adyny,

ýaşyny,

milletiň.


- Ýaş bolýarsyň päheý sen,

Söýgiň ady,

söýgiň aňy

Söýgiň ýaşy bolmaýar.

hem bolmaýar milleti.

Söýýän diýýär gaýtarma

Söýýän diýýär nowjuwan

Söýýän diýýär super gyz,

Söýýän diýýär intergyz.

Aýrylyşan jenan çekýär bedeninden.

minneti.

- Gel, ýaýdanma, ýaýdanma.

Haýaýapragy ýüzlük

gel, tändir sen, Don-Žuan

Söýýän!

Çatyp ýetişmeýär ZAG-slar.

Soň ýollaýar uzaýar ýurduň süýdüne

Söýýän - aýan igrekler, iksler.

Dünýä meňzäp barýar beňňiň düýşüne

Söýýän -

ynha ant içýän sakgalymyň aýyndan.

Söýýän -

ojal ýumrulýar beýik söýgiň adyndan -

Söýýän -

gelin ümleýär, uz ýaşynyp ýaşamagyn.

Söýýän -

Ýigit gülleýär:

- Şudur dünýäň manysy.

Olar işin bitirýär penjegini ýazynyp,

Aşagynda penjegiň ölýär türkmen

namysy

Aýal çepe gatnaýar

Är ýüregi çatlaýar

Hezil edýär azgynlar.

Hut söýginiň adyndan

Söýýän - hyryn-dykyn çagalar öýi.

Söýýän - ýetişmeýär lukmanlar aýryp,

Söýýän - çöpdüýbiler,

köldüýbiler,

bagdüýbiler

dagdüýbiler.


Örňäp gelýärler

Ösňäp gelýärler.

Dünýä gark bolup barýar ýetimleriň

ýaşyndan

Jenaýatyň gylla ýary

diňe söýgiň adyndan!

Söýýän - ýürek ýarylýar!

Söýýän - namysa garşy

Söýýänleriň elhenç urşy tutaşýar.

Söýýän dünýä çat açýar!

Hüjüm edýär ynsan dörän ýerine.

Ýekeje är ömründe syndy türkmen ahlagy

Syndy namysy ary.

Syndy gadymy ýoly.

SÖÝÝÄN

ýykylyp barýan deýýus dünýäň paroly!


Nobatguly REJEPOW

25
138
garlawac
23.09.2023 10:46

   Gideýinmi, döneýin?
Bar bolsa ýer, seň dünýäňde galaýyn?! 



Men gitmäge mynasypmy,
Dälmi ýa?
Jogaplarym seň gözleňde galdy ýar.
Bu aşygyň kowulmaly däldi ýar,
pikirlen, çöz,
Gideýinmi, döneýin?
Bar bolsa ýer,
seň dünýäňde galaýyn?!

Oýun bilen, boýun etdik söýgini,
Şoňa görä saldy başa gaýgyny,
Ýürek indi başgasyny söýdi:rmi?
Gitmek aňsat,
Emma durmuş däl oýun,
Ejaza ber,
seň dünýäňde galaýyn?!

Gitjek welin,
Ýaşap bilmen ýüreksiz,
Sende galdy...
Ýitdi menden dereksiz,
Belki oňa menden, sen has gereksiň,
ýüregmi ber, boş gursagmy dolaýyn,
Etme kemter,
seň dünýäňde galaýyn?!

Gözelligňi gabanşyp dur joralaň,
Saňa baksam, abanşyp dur joralaň.
Döremänkä seň daşyňda gozgalaň,
Göripleri töwerekden ýonaýyn,
Duşman ýeňler,
Seň dünýäñde galaýyn?!

Soraglarmy örüp barýaň petdeläp,
Jogaplarňa garaşaryn hepdeläp,
Men ýadadym jady,
"Syrtlan çöp" diläp...
Razylyk ber ertekiden dynaýyn,
Hyýally ser...
Seň dünýäñde galaýyn?!

Umyt berýäň,
Nä sebäpden,
söýmeseň?
Ýollar ýapyk "Hawa" ýa "ýok" diýmeseň.
Razy bolsaň taýýar, toýuň öýmesem,
Hat-da töri garaşybam dur öýüň,
Gel dünýä gur,
Men dünýäňde galaýyn?!

28
112
garlawac
22.09.2023 19:19

 61) Ol gyz meni şeýle bir söýdi welin, maňa garşy uruş yglan etdi. Bilýäňizmi näme üçin?! Maňa ýesir düşmek üçin!


Şekspir

32
148