garlawac
28.09.2023 16:51

"Men Sizi söýenim üçin günäkär däl" diýip ýazypsyňyz soňky hatlaryňyzyň birinde! Emma meniň söýenim üçin welin Siz günäkärsiňiz, Ezizim! Gam-gussa batanym, jebir çekenim üçin million mertebe ýazyklysyňyz! Dertsiz başymy derde goýduňyz, söýmegi öwretdiňiz-de, eýmenç gussa bilen meni jezalandyrdyňyz! Sizi bagyşlap bilmen. Gözlerimden akan her damja ýaşym üçin o dünýede jogap bermeli bolaýsaňyz, meni çagyryň, ýetip gelerin! Emma birenkä aýaklaryňyza özümi oklaýsam welin, saklajak bolmaň, meni öz derdim bilen goýuň, utanmaň! Çünki gözlerimde henizem dökülmedik ýaşlar bar! Şindi hak eýesine gowuşmadyk muhabbet bar!


Indi ömürboýy...


Men bu gün uzynly gün Sen barada oýlanmazlyk hakynda oýlandym. Ertir hem uzynly gün Sen barada oýlanmazlyk hakynda oýlanaryn! Indi men ömürboýy Sen barada oýlanmazlyk hakynda oýlansam gerek...


Hosiýat RUSTAMOWA.

Terjime: Orazmyrat MYRADOW.

37
198
gulalek_poetess
30 Sentýabr 2023
@garlawac_, ☺️👍
gulalek_poetess
30 Sentýabr 2023
@garlawac_, bolýa☺️ tapsam ýazarn
gulalek_poetess
30 Sentýabr 2023
Yazdym su wagt goreyin diydiler☺️@garlawac_,
gulalek_poetess
30 Sentýabr 2023
@garlawac_, bilmedim mende tanyşlamda pdf gornuşi bolmaly linkdan maña agza bolup yazyñ ugradaryn tapsam.☺️ @gulalek_poetess
gulalek_poetess
30 Sentýabr 2023
Orazmyrat Myradow Turkmenistan gazetiniñ baş redaktory we çykaran gyzykly kitaplaram bar. Arasynda meniñ kalbymda ornuny edinen kitaplarynyñ biräm "öçürilen sözlemiñ sudury". Maslahat berýän okap görüñ. Mañada halypa bilen söhbetdeşlik geçirmek miýesser etdi☺️
shemshat
29 Sentýabr 2023
😔😔👍👍👍💔
ahgg
28 Sentýabr 2023
Ýaman görmäň meñ şahsy pikirm Hyyaly oylanma bolsada iç ýakgynç hakyky bolan waka bolsada Akyl taýdan bejerga mätäç ynsanlar sebabi ilki bn ynsan ýaradany söýmeli ýaradana gulluk etmeli ondan soñ ene ata dogan garyndaş bar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.