flowers_
14.12.2023 23:56
Güne ynam ýokdur gyşda
Hakykat ýokdur her " myşda".
Ýuka ýürekli kişiler,
Kän aldanýar durmuşda.


Akjagül Allaberdiýewa.
39
107
flowers_
14.12.2023 16:24
Üç günä.


Dana kişi:
- Günäler üç sanydyr- diýipdir.
Onuň töweregindäki adamlaryň gowury ýatypdyr.
- Birinji günä- içigaralyk. Eger-de goňşyň sygry öläýse, bu şatlanmak üçin sebäp däldir. Men siz oňa nämedir bir zatda kömek etmeli diýjek bolamok-da, özgäniň hasratyna begenmeli däl diýjek bolýaryn. Siziň goňşyňyz hem adam. Oňa ýamanlyk islemeli däl.
Köpçülik bu sözleri makullama bilen kabul etdi. Dana kişi olaryň gowry ýatýança garaşdy, soňra sözüne dowam etdi:
- Ikinji günä sussypeslikdir. Eger seniň ýekeje sygryň bolup, ol hem garry we keselli, süýdi az berýän bolsa-da ruhdan düşmeli däl. Ýaşaýyşdan lezzet almaly, şatlanmaly. Hawa, seniň malyň keselli, ýöne ol sygyr. Emma käbirlerinde şolam ýok ahyr.
Märeke ýene makullama bilen seslendi. Dana adam şowhun ýatýança garaşdy. Şonda ol biriniň:
- Eger men sussypeslik etmän, özümde sygrym bolup, beýleki birinde ol ýok bolsa, kimdir biriniň menden pes ýaşaýandygyna begenýän bolsam, diýmek, bu eýýäm içigaralyk bolýar ahyryn- diýýän sözlerini eşitdi.
Märeke ýene dymdy. Öňki aýdanlary barada oýlanan dana öz sözlerini şeýle jemledi:
- Üçünji günä- bu iňňirjeňlik.

~~~~~~~~~~~~~~~

Iki zat.

Gadymy müsürliler jennediň gapysynyň iki zat hakynda soralýandygyna ynanypdyrlar.

- Sen ýaşan ömrüňde şatlyk tapdyňmy?

- Seniň ýaşan ömrüň özgelere şatlyk getirdimi?


Mahym Amanmyradowa.
35
58
flowers_
13.12.2023 21:07
Erih Mariýa Remarkyň aforizimleri.


Geçmişiňde söýen adamyňdan başga hiç kim seniň üçin beýle derejede ýat bolup bilmez.

Bir adam beýleki adama yssy mähirden başga näme berip biler?! Asyl-ha, mundan uly näme bolup biler?!

Sen esasy hiç kimi ýakynyňa goýberme.

Ýakynyňa goýberseň, saklamak islärsiň. A hiç zady saklap bolýan däldir.

Söýgi düşündirşi halamaýar. Oňa edilen amal gerek.

Bagt hakynda bäş minutdan artyk gürläp bolmaýar. Munda öz bagtlydygyňdan başga aýdara zat ýok. Betbagtlyk hakynda bolsa adam ençeme gijeler gürrüň edip bilýärler.

Ýalňyzlyk hiç kimi söýmeseň ýeňil.

Men: "Entek hiç zat ýitirilenok" diýip gaýtaladym. Ynsany diňe ol ýogalandan soňra ýitirip bolýandyr.

Ähli kişiler birmeňzeş diýip çaklamak ýalňyşdyr.

Ökünmek- dünýäde iň ýaramaz närse. Hiç zady yzyna dolap bolmaýar. Hiç zady düzedip bolmaýar. Ýogsam biziň ählimiz päkize ynsanlar bolardyk.

Ötünji hemişe günäkär soramaýar. Ötünji gatnaşygyň gymmatyna düşünýän soraýar.


Toplan: G. Atdaýewa.
43
251
flowers_
13.12.2023 08:55
Hormatly öý eýeleri!


Bizi halamaýandygyňyzy bilýäris. Eger bizi çyndan hem öýüňizde islemeýän bolsaňyz, haýyş edýäris, BIZI ÖLDÜRMÄŇ!

Men hyýaryň gabygyny ýigrenýärin. Çykýan ýerimi yzarlap hyýaryň gabygyny goýsaňyz, men siziň meni islemeýändigiňize düşünerin we öýleriňize girmerin. Hek, iň bolmanda ýönekeý okuw tagtasy üçin ulanylýan hek bilen ýoly çyzsaňyz, men ol çyzykdan hiç haçan geçmerin. Eger-de limony owunjak dograp, girýän ýerlerimize goýsaňyz, biz düşüneris we girmeris. Mundan başga-da, eger sizi birahat etmeýän bolsa, penjiräniň gyralaryna sarymsak çalyp bilersiňiz. Biz sarymsagyň ysyny alan ýerimizede girmeýäris.

Ýöne, haýyş edýäris, çaga pudrasyny sepmäň. OL BIZI ÖLDÜRÝÄR, pudra biziň dem alyş ýollarymyzy ýapýar.

Eger siz diýenlerimizi etseňiz, biz sizi hiç haçan birahat etmeris.

Ýöne unutmaň, öýüňize salmasaňyz hem, gapyňyzyň öňünde bir gap suw goýsaňyz, kiçijik dostlarymyň adyndan size minnetdar bolardym...

"GARYNJA" 🐜
43
142
flowers_
12.12.2023 15:10
Çagaňy özüň üçin söý, ymmat üçin ýetişdir.
#Ebu Hanife

Mekirlik akyllylyk däldir.
#Eurupidies

Köp gülmäň, çünki köp gülmek kalby öldürýär.
#HZ. MUHAMMED S.A.W

Bütin haýyrlaryň açary pespällik, bütin şerleriň açary hem ulumsylykdyr.
#Ýusuf b. Hüseýin

Çaganyň haýyrsyzy bolmaz, Allah haýyrly ene-ata bersin.
#Hekimogly Ismaýyl

Esasy zat öz-özüňi aldamaň.
#Dostaýewskiý

Taryh bir aýlanyp duran çarhypelek mysaly. Onuň tigiri halklaryň ykballaryna nuram ýagdyrypdy, garam. Müňýyllyklar dünýädäki iň gadymy halklaryň biri bolan türkmenlere beýik şöhrat-şany, eştetli ýaşaýşy, bagtyýarlygy-sowulmaz nury bagyş etdi.
#Gurbanguly Berdimahamedow.
"Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi " kitapdan.
39
274
flowers_
12.12.2023 00:49
Günbe-günden ýeňişlere ýar bolup,
Garaşsyz, Bitarap Watan gülleýär.
Müşk ysyny saçýan bir gülzar bolup,
Garaşsyz, Bitarap Watan gülleýär.


Arkadag Serdarly Watan ýaşlary,
Golda gujur, kalbynda buýsançlary.
Goý, hemişe belent bolsun başlary,
Garaşsyz, Bitarap Watan gülleýär.


Binalar gurulýar, gurulýar şäher,
Bilbiller oýanýar her gün ir säher.
Görýäs her bir ýüzde ýylgyryş, mähir,
Garaşsyz, Bitarap Watan gülleýär.


Owazy beýgelip gyjak-dutaryň,
Mukamlary aýlanyp ýör Ýer şaryn.
Paýhasyndan Arkadagly Sedaryň
Garaşsyz, Bitarap Watan gülleýär.


Esen Çaryýew.
Halaç etrabyndaky 18 nji mekdebiň mugallyma.


#Bitaraplyk baýramyňyz bilen gutlaýan! 🇹🇲
35
86
flowers_
11.12.2023 19:26
Asman ýaly agrasdyň sen,
Çeşme ýaly arassadyň,
Mukaddesdiň, beýikdiň sen,
Çaga ýaly neressediň.
Kanun ýaly möhümdiň sen,
Suw, howa deý gereklidiň.


Halallyga ýolduň baky,
Bagt, nygmatly tarapyňdy.
Ýeke sözlük, wepalylyk,
Üzülmejek tanapyňdy.


Bu gün bolsa ownadyň sen,
Üzüldümi tanaplaryň?
Agyr düşüp ugradyla,
Adamzada talaplaryň...


Ynha indi bakylyk däl,
Bezeg bolduň toý gününe.
Ondan soňra mähriň undup,
Goýberýänler köp gümüňe.


Öň ýekediň, ömürlikdiň,
Bu gün arzanlady nyrhyň.
Hat-da käbir ýaş-juwana,
Duýulanok, bar, ýok parhyň.


Ejizleme türkmen üçin,
Möhümleriň, möhümisiň!
Bagta gadam basanlaryň,
Bakylygy möhürisiň!


Şan-şöhratyň gaýdyp alyp,
Ojaklara ber mährini.
Ynsanlaryň ýadyna sal,
Hudaýa beren ähdini.


Keri. Hallyýew.
41
146
flowers_
11.12.2023 10:25
Bir kişi parasatly gojanyň ýanyna gelip:
- Nädip dana adam bolup bilerkäm?- diýip sorapdyr.
- Gapydan çyk-da, daşynda dur!
Bu teklip ony geň galdyrypdyr, ýöne diýleni bilen bolupdyr. Şol wagt daşarda ýagyş ýagýardy. Bedreläp guýulýan ýaly ýagýan ýagşyň astynda duran ýaňky kişi süllümbaý ezilipdir. Şeýle halda ýarym sagat durandan soňra ol çydaman içeri giripdir.
- Men daşarda durdum. Şeýdenim bilen bir zat üýtgedimi?- diýip, ol dana goja sowal beripdir.
- Çagbanyň astynda duran wagtyň nämedir bir zada akyl ýetirdiňmi?- diýip, goja onuň özüne sowal bilen ýüzlenipdir.
- Men nämä akyl ýetireýin?! Ýagşyň astynda ezilmek ezildim. Şonda özümi baryp, ýatan akmak saýdym- diýip, ýaňky kişi nägilelik bilen jogap beripdir.
Şonda dana goja oňa şeýle diýipdir:
- Sen möhüm açyş edipsiň. Eger adam özüni akamak saýýan bolsa, bu danalygyň başlangyjydyr.


E. Batyrowa.
41
84
flowers_
10.12.2023 11:25
Alty Garlyýewiň ýanynda aktýorlaryň biri aýagynyň porsaýanlygyy aýdyp:
- Meniň muňa etmedik emim ýok Alty aga, hatda daşary ýurtlardan derman getirdibem çalýan- diýip zeýrenipdir.
Alty aga:
- Inim sen aýagyňy günde bir gezek ýuwubam bir gör- diýip maslahat beripdir.

☆☆☆

Kakajan Aşyrowyň ýanyna ýoldaşlarynyň biri baryp durmuşynyň agyrdygyndan, maňlaýynyň garalygyndan nalanypdyr. Birdenem eline gözi düşüp:
- Be elim nirden gara bolduka? Men gara zadam-a ellämok- diýipdir. Kakajan ýylgyryp, ýoldaşynyň soragyna görä sorag beripdir:
- Maňlaýyňy ellän-ä dälsiň?

☆☆☆

Kemine teatyrnyň bellia aktýory Alty Kulyýewiň bir aktrisa bilen sözleri azaşypdyr. Aktrisa Alty Kulyýewe:
- Alty aga, it ýaly üýrüp, durmasana- diýipdir.
Aradan birki hepde geçensoň, ýaňky aktrisa :
- Alty aga agşam haýsy oýun boljak?- diýip sorapdyr.
Üýrme diýilmesine gaty gören Alty aga it bolup çyňsapdyr-da gaýdyberipdir.


Çeşme: " Artistleriň degişmeleri", 1992ý.
42
212
flowers_
10.12.2023 05:41
Saglyk üçin:

▪︎ Köp suw içiň.
▪︎ Patyşa ýaly ertirlik, şazada ýaly günortanlyk we dilegçi ýaly agşamlyk ediniň.
▪︎ Ösümlik esasly iýmitleri köp we zawodlarda öndürilýän azyklary az iýiň.
▪︎ Has köp oýun oýnaň.
▪︎ Geçen ýyl bilen deňeşdirlende has köp kitap okaň.
▪︎ Her gün azyndan 10 minutyň dymyň.
▪︎Uky-7 sagat.
▪︎ Günde 10-30 minut ýöremek pyýada. Pyýada ýöräp barýarkaňyz ýylgyryň.

Şahsyýet hakda:

▪︎ Durmuşyňyzy başgalaryň durmuşy bilen deňeşdirmäň. Olaryň başdan geçirenlerini we tutuş ömür ýoluny bilmeýärsiňiz.
▪︎ Ýaramaz pikirleri ýa-da dolandyryp bilmejek zadyňyzy saklmaň. Munuň ýerine güýjüňizi, oňyn zatlar üçin ulanyň.
▪︎ Diňe işlemekden başga zat etme.Çäkleriňizi biliň.
▪︎ Özüňize gaty berk baha bermäň.
▪︎ Gymmatly energiýaňyzy gybat üçin sarp etmäň.
▪︎ Oýananyňyzda has köp arzuw ediň.
▪︎ Gabanjaňlyk wagt ýitirmekdir. Size zerur zatlaň hemmesi eýýäm bar.
▪︎ Geçmişdäki problemmalary ýatdan çykaryň. Söýgüliňize öňki ýalňyşlyklaryny ýada salmaň. Bu siziň hakyky bagtyňyzy bozar.
▪︎ Ömrüňizde ýigrenmek üçin wagt gaty gysga. Başgalary ýigrenmäň.
▪︎ Bagtyňyz üçin sizden başga hiç kim jogapkär däldir.
▪︎ Durmuş synag düşüniň we muny geçmek üçin doguldyňyz. Meseleler käbir algebra synpy ýaly gelýän we gidýän okuw meýilnamasynyň diňe bir bölegi, ýöne öwrenen sapaklaryňyz ömürlik ýatda galar.
▪︎ Has köp ýylgyrş we gülki.
▪︎ Her argumentde ýeňiş gazanmak hökman däl.

Adamlar bilen:

▪︎ Maşgalaňyza ýygy-ýygydan jaň ediň.
▪︎ Her gün başgalar üçin gowy zat ediň.
▪︎ Hemme zat üçin meni hemmäňiz bagyşlaň.
▪︎ 70 ýaşdan uly we 6 ýaşdan kiçi adamlar bilen has köp wagt geçiriň.
▪︎ Günde azyndan üç nätanyş adama ýylgyryp görüň.
▪︎ Başga adamlaryň siz hakda pikiri edýän zady siziň işiňiz däl.
▪︎ Näsag bolanyňyzda işiňiz size ideg etmez. Dostlaryňyz bilen ýakyn aragatnaşykda boluň.
40
236