flowers_
10.12.2023 11:25
Alty Garlyýewiň ýanynda aktýorlaryň biri aýagynyň porsaýanlygyy aýdyp:
- Meniň muňa etmedik emim ýok Alty aga, hatda daşary ýurtlardan derman getirdibem çalýan- diýip zeýrenipdir.
Alty aga:
- Inim sen aýagyňy günde bir gezek ýuwubam bir gör- diýip maslahat beripdir.

☆☆☆

Kakajan Aşyrowyň ýanyna ýoldaşlarynyň biri baryp durmuşynyň agyrdygyndan, maňlaýynyň garalygyndan nalanypdyr. Birdenem eline gözi düşüp:
- Be elim nirden gara bolduka? Men gara zadam-a ellämok- diýipdir. Kakajan ýylgyryp, ýoldaşynyň soragyna görä sorag beripdir:
- Maňlaýyňy ellän-ä dälsiň?

☆☆☆

Kemine teatyrnyň bellia aktýory Alty Kulyýewiň bir aktrisa bilen sözleri azaşypdyr. Aktrisa Alty Kulyýewe:
- Alty aga, it ýaly üýrüp, durmasana- diýipdir.
Aradan birki hepde geçensoň, ýaňky aktrisa :
- Alty aga agşam haýsy oýun boljak?- diýip sorapdyr.
Üýrme diýilmesine gaty gören Alty aga it bolup çyňsapdyr-da gaýdyberipdir.


Çeşme: " Artistleriň degişmeleri", 1992ý.
42
212
angelface
10 Dekabr 2023
@genich, hello🙋
angelface
10 Dekabr 2023
@Karaleva_, salam
nabat_
10 Dekabr 2023
Wayy jana owadanjaa bolpdra progyñ içi❤☺🤗🥰😇😀
lavinya_
10 Dekabr 2023
@flowers_, Nesip bolsa agşam öýe baraýyn menem bezejegä:)
lavinya_
10 Dekabr 2023
@flowers_, oooo hawa programma bet bolupdyra
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.