flowers_
12.02.2024 19:21

ÝALŇYZLYKDA,

ÝOKLUGYŇDA,

ÝOLUŇDA.



Gaýgy-gamdan ýüki ýetdi günleriň

Ýalňyzlykda,

Ýoklugyňda,

Ýoluňda.

Solup gitdi saňa netlän güllerim

Ýalňyzlykda,

Ýoklugyňda,

Ýoluňda.


Indi ýazlar bark uranok öňki deý,

Dünýä dymdy, dünýä diňe seňki deý,

Agdy gitdi durmuşymyň eňki-leý

Ýalňyzlykda,

Ýoklugyňda,

Ýoluňda.


Asman ýaly arassadyň, sadadyň,

Durmuşymyň güneşidiň — odudyň,

Men çalajan umytlardan ýadadym

Ýalňyzlykda,

Ýoklugyňda,

Ýoluňda.


Gursagymda agyry bar, agy bar,

Setirlermiň nalasy bar, ahy bar,

Şo-ol garaşyp ýörşüm saňa ahy-zar

Ýalňyzlykda,

Ýoklugyňda,

Ýoluňda…



Sapa HOMMADOW.

31
117
flowers_
12.02.2024 18:03
Sokratyň üç elegi (tymsal)



Bir gün bir adam Sokratyň ýanyna gelip: «Pylany barada näme eşidenimi aýdaýynmy?» diýipdir. Sokrat oňa: «Biraz tagapyl et» diýip, sözüniň üstüni ýetiripdir: «Maňa kimdir biri barada aýtmakçy bolýan zatlaryň üç elekden geçip bilermikä? Barlap görelimi?»

Ýaňky adam bilesigelijilik bilen: «Üç elek diýýän zadyň näme bolýar?» diýip sorapdyr. Şunlukda Sokrat «sorag sorap, soragyň jogabyny soranyň özüne aýtdyrma» tilsimini ulanmaga başlapdyr:

– Hawa. Kimdir biri barada aýtmakçy bolýan zadyň eger üç elekden geçip biljek bolsa, maňa aýdyber, ýogsa aýtma. «Üç elek» diýýänimiň birinjisi «Hakykat» elegi. Maňa häzir aýtmakçy bolýaň zadyň hakykatdan hem bolan zatmy?

– Onçasyny bilemok, men ýöne eşidenimi aýdaýjakdym.

– Hä, düşnükli, diýmek sen şony anyk bileňok-da. Gel onda, aýtmakçy bolýan zadyň ikinji elekden geçip-geçmejegini barlap göreli. Ikinji elek «Ýagşylyk» elegi. Pylany barada maňa aýtmakçy bolýan zatlaryň gowy zatlarmy?

– Ýok, gowy däl, gaýtam, erbet zatlar.

– Hä, düşnükli, diýmek sen maňa ol barada erbet zatlar aýtmakçy ekeniň-dä. Üstesine, şol erbet zatlaryň çyndygynam, däldiginem bileňok. Ýeri bolýa-da, seniň aýtmakçy bolýan zatlaryň soňky elekden bir geçermikä? Şonam bir barlap göreli! Üçünji elek «Peýdalylyk» elegi. Pylany barada aýtjak zatlaryň maňa peýdasy barmy?

– Peýdasy ýok.

– Hä, düşnükli. Eger maňa aýtakçy bolýan zadyň çyndygyny ýa däldigini anyk bilmeýän bolsaň, üstesine-de, onuň maňa peýdasy degmejek bolsa, maňa aýdyp oturmagyň näme hajaty bar?
33
67
flowers_
12.02.2024 10:21
Edep-terbiýe hakynda nakyllar.



• Wagt her zady öwreder.

• Wagtda jylaw bolmaz.

• «Wah-wah» diýen tapylar, çörek beren tapylmaz.

• Ýagşa ýagşy diýseň, ýagşylygy artar,
Ýamana ýagşy diýseň, pälinden gaýdar.
• Ýagşy başyňa dost, ýaman - aşyňa.

• Ýagşy aýal işli bolar, ýaman aýal - dişli.

• Ýagşy ogul il abraýy, ýagşy gyz - öý.

• Ussanyň öýi oňmaz.

• Şägirt halypadan ozdurmasa, hünär ýiter.

• Sözüň gaýtjak ýerinden özüň gaýt.

• Aç başym - dynç gulagym.

• Adamy iş garratmaz, gaýgy-alada garradar.


####

Men durmuşda iki zatdan çykyp bilemok:

1) öýdäkiñ sözünden.

2)bergilerimden.

~~~~

Men durmuşda iki zatdan gorkýan:

1)öýdäkiniň gaharyndan.

2)bergidarlarymyň öýe gelip gapy kakyşyndan.
#
@imissyou.
32
51
flowers_
11.02.2024 22:06

Edep-terbiýe hakynda nakyllar.




• Adam alasy içinde, haýwan alasy daşynda.

• Derýanyň ýolsuzyndan gork, ýigidiň - arsyzyndan.

• Adamyň hormaty özüne bagly.

• Il agzyny ýygyp bolmaz, çelek agzyny - bogup.

• Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn.

• Dostdan sözüň gizleme.

• Adam bardyr, adamynyň nagşydyr,
Adam bardyr , haýwan ondan ýagşydyr.

• Duşmanyň güldügi - syryňy bildigi.

• Geňeşsiz iş, lezzetsiz – aş.

• Her kim öz ýurdunda handyr-soltandyr.

• Myhman geler işikden, rysky geler deşikden.

• Myhmanyň itine-de «Tur!» diýme.

• Namardyň ýalagyny ýalandan, merdiň işigini syr.

• Özüňde bolmadyk, älemde ýok.

• Agam bir hatyn aldy, dawany satyn aldy

• Garga gagyldap gaz bolmaz, kempir bezenip - gyz.

• Uruş sowlansoň, batyr köpeler.

• Uýatsyz gyz ýaman, gylyksyz - ogul.



###


Men durmuşda iki zada ynynamok:
1)Indi işjek däl diýen serhoşa(alkaşa).
2)"Men seni söýýän " diýen söze.

Men durmuşda iki zady halaýan:
1)Pul sowmany.
2)Rahat ukyny.

Men durmuşda iki zady halamok:
1)Gysgançlary.
2)Ýalançylary.

Men hiç haçan gyzmadym baýlyga,
Dükana baryp ýazdyrýaryn aýlyga.



@imissyou.
24
46
flowers_
11.02.2024 19:28

Bir salym söýgi hakynda oýlanalyň.





Söýmek, söýýän adamyň durmuşyny ýaşamakdyr.
#Lew Nikolaýewiç Tolstoý


Ýokary ahlak gymmatlyklaryny söýýän adam, bütin ömrüne wepaly bolup galýar, sebäbi hemişelik bir zada bagly bolýar.
#Platon


Dünýäde söýgüden has güýçli güýç ýok.
#Aleksandr Smitt


Bir bakyş söýgini öldürip biler, bir bakyş ony janlandyryp biler.
#William Şekspir


Söýmek diýmek, özüňe gowy hasaplaýan zadyňy başga birine arzuw etmek, seniň üçin däl-de, söýýän adamyň hatyrasyna arzuw etmek we mümkin boldugyça bu ýagşylygy oňa gowşurmak üçin synanyşmak diýmekdir.
#Aristotel


Adamlara bolan söýgi, adamyň hemme zatdan ýokary çykýan ganatlarydyr.
#Maksim Gorki


Duşmany söýmek, onuň erbet höweslerine garşy göreşmek, ýamanlyk bilen tutulan adam üçin söweşmek diýmekdir.
#Mihail Mihailowiç Prişwin


Hakyky söýgi bagtsyzlykdan gelýär. Ýagtylyk ýaly, gijeki garaňkylygy has-da ýagtylandyrýar.
#Leonardo da Winçi


Durmuşy söýüň, durmuş hem sizi söýer. Adamlary söýüň, adamlar size söýgi bilen jogap bererler.
#Anton Grigoriýewiç Rubinşteýn


Söýgi bagtyň hazynasydyr: näçe köp berse, şonça-da köp alýar.
#Müller Wilhelm


40
124
flowers_
10.02.2024 19:20
Giç ýagşy ählijäňize!

300-nji postumyñ şanyna sizden kiçiräjik haýyştym: halaýan aýdymyñýzdan, goşgyñyzdan ýa bolmasa kitapdan ýatda galan setirleriñizem bolsa, ýa halaýan bir jümläñiz bolsada, ýa-da durmuşyñyzdan, okuwñyzda, işiñizde, ýa Öwrenmli programmada ýatda galan pursadyñyzy, islendik temadan, teswir galdyrmañyzy islesem:)


Maňa bir kän zat gerek däl,
Söz bilen göwnüm awlasaň.
Mähre zarlykdan kereplän,
Kalbymyň halyn aňlasaň.

Maňa bir kän zat gerek däl,
Ynam berseň, ynandyrsaň.
Özge hiç zada seretmän,
Bu gudraty ynandyr sen!

Maňa bir kän zat gerek däl,
Söýgi sözleň tirip bilsem.
Diňe hakykat gereklän
Ýüregime girip bilseň.

Gülşirin Hanowa.

Žanna Kalmanyň belleýşi ýaly: «Hemişe ýylgyryň. Meniň uzak ýaşamagymyň syry hut ýylgyrýanlygymdadyr». Ýylgyryň! Owadan boluň! Ýylgyryşlaryňyz ömrüňizi gözelleşdirsin! Wiý, ýogsa-da bu gün ýylgyrdyňyzmy?!"

45
521
flowers_
10.02.2024 13:40

PALÇY GELINE.




Palçy gelin, gözleriňde jady bar,
Belki, gözleň bu dünýäni jadylar.
“Güller solmaz”—diýip ynandyr meni,
“Dostlaň ölmez”—diýip, ynandyr meni.
Gün howluksa: “Howlukma!”—diý, ynandyr.
“Görjegiňiz gowluk bor”—diý, ynandyr.
Çyna sygynyb-a tapmadym bagt
Belki, seniň nesýäň bolsun-da nagt.
Ýalan sözleseňem, garap ýüzüme,
Müňkür bolmaýyn seň gara gözüňe.
Diý, keýgim: “Gudrat bar, jady bar palda”
Hudaý-ha aldatmaz, meni bir alda.
Ömrüň pelsepesi bolsa-da belli,
Palçy gelin, ber kalbyma teselli.
Sözle, keýgim, gury gepde eçil sen,
Kerler eşdip, körleň gözi açylsyn.
Ýetimleň enesi gelsin, ynandyr,
Umytsyz hassalar galsyn, ynandyr.
“Güller solmaz!”— diýip, ynandyr meni,
“Dostlaň ölmez!”— diýip, ynandyr meni.


Atajan TAGAN.
38
70
flowers_
10.02.2024 09:01
Rumydan 13 hikmet.


1. Akyllydan gelen jepa nadandan gelen wepadan ýagşydyr.

2. Günüň şöhlesi zibile düşse hem zaýalanmaýar, çünki ol nurdur.

3. Sabyr—ynsany maksadyna iň tiz alyp barýan ýol görkezijidir.

4. Şahmatda pyýada ýola çykyp, soňunda  wezir  bolýar.

5. Ýagşy dosty baryň aýna mätäçligi ýokdur.

6. Her dil-köňüliň perdesidir. Perde hereketlendimi, syrlar açylar.

7. Aýyň gijä sabyr etmegi, ony ýagtylandyrýar.

8. Gülüň tikene sabyr etmegi, güle ýakymly ys berýär.

9. Dil gazanyň gapagyna meňzeýär. Gymyldap ysy ýaýradymy içinde näme bişýänini hem bilersiň.

10. Umyt—howpsyz ýoluň başlangyjydyr.

11. Ynsanlardaky gözellik —ýüzdür, ýüzdäki gözellik bolsa—gözdür.
Emma, ynsany ynsan edýän —onuň dilinden çykýan sözdür.

12. Hakyky dostlar gol bilen göz ýalydyrlar. Gol agyrsa, göz aglaýar, göz aglanda, gol ony süpürýär.

13. Durmuşda üstünlik gazanmak üçin üç zat gerek: üns, düzgün-tertip we hereket.Yşyk saçmagyň üçin öňürti ýanmagyň gerek.


Taýýarlan: Muhammetmurat NARMEDOW,
39
86
flowers_
09.02.2024 23:46
Söyäydimmikäm...



Diýdiň :”Senli ýola gitjek”
Nähak “Ýok” diýäýdimmikäm.
Ýürek buzuňy eretjek,
Mährimi aýaýdymmykam?


Şonda-da ýollaryňa garap,
Ezildi ýüregim eräp.
Gedemlikden halym harap.
Ýüreg ňi gyýaýdymmykam.


Söýgi derdiň agyrdygny,
Hem hupbatly ýagyrdygyny.
Oň lezzetli howurdygyny,
Öňünden duýaýdymmykam.


Gussalarym bolýar weýran,
Seniň bilen etsem seýran.
Bu bagta özümem haýran.
Söýgüňe uýaýdymmykam.


Gözüm açsam sen bolduň-la,
Ýatsam düýşüme geldiň-le.
Halys aklymy aldyň-la,
Yşk donun geýäýdimmikäm.



Didäm dideleriňe gurban,
Mährem sesiň jana derman.
Oňup bilemok-la görmän,
Ýa, seni söýäýdimmikäm...


Nartäç Ýusupdurdyýewa.
37
42
flowers_
09.02.2024 09:13

Ömrüm hakda oýlanyp…




Kalendarda gün kän, emma belli seneler sanaýmalyja, durmuşda gapy köp, emma başa iş düşende kakjagym sanaýmalyja, dünýäde millionlarça gyz bar, emma söýýän gyzym sanaýmalyja däl, ol ýekeje.

***

Gapyny gulplap gaýdýan. Ýöräp ugranymdan soň, köplenç yzyma gaýdyp onuň gulplanandygyny täzeden barlaýan. Göwnüme käbir unutmak isleýän zatlarym hem gulplanandygyna şübhelenýän gapym ýaly. Her sapar unutmaga başlanymdan soň yza dolanyp, onuň ýoklugyna ýene has anyk göz ýetirjek bolýan. Şeýdibem ýene ýatlaýan.

***

Geljegini oňat gurmaga wagty bolmady. Çünki bolanja wagtyny geçenleri ahmyr etmäge bagyşlady.

***

Şeýle bir gidip barýardy, başarsa garda galan aýak yzlaryny-da özi bilen alyp gitjekdi.

***

Ýitireniňden soň gadyryny bilmegiň berýän yzasy, gadyryny bilýän zadyňy ýitireniňde döreýän dertden has ýeňildir.

***

Erteki diýen söz ertirki diýen söze meňzeşdigine garamazdan hemişe düýnki wakany gürrüň edýär. Durmuşda-da şeýle, meselem: çagalyk.

***

Gije garalmasa ýyldyzlar, gündiz agarmasa gül ýüzler, görünmezdi. Hemme zat ýerinde ýagşy.

***

Öňler oňa jaň edemde diňe belgim ýazylýardy. Köp wagt geçdi. Indi name üçin jaň edýändigim hem ýazylýan ýaly.

***

Şeýle bir harasat turdy weli Ýer öz sapagyndan tänjek göründi.

***

Aýdylmaly hoş sözleri soňa goýmalyň. Gar diňe galan işe ýaganok.

***

“Eger geçmişimi redaktirläp bolýan bolsady, onda redaktirlenmedik sanaýmalyja sahypa galardy” diýdi. (Ol sanaýmalyja sahypa bolsa düýbünden aýryp, täzeden ýazylmaly sahypalardy)





Seýran SEÝITMÄMMEDOW.
29
62