flowers_
10.02.2024 13:40

PALÇY GELINE.




Palçy gelin, gözleriňde jady bar,
Belki, gözleň bu dünýäni jadylar.
“Güller solmaz”—diýip ynandyr meni,
“Dostlaň ölmez”—diýip, ynandyr meni.
Gün howluksa: “Howlukma!”—diý, ynandyr.
“Görjegiňiz gowluk bor”—diý, ynandyr.
Çyna sygynyb-a tapmadym bagt
Belki, seniň nesýäň bolsun-da nagt.
Ýalan sözleseňem, garap ýüzüme,
Müňkür bolmaýyn seň gara gözüňe.
Diý, keýgim: “Gudrat bar, jady bar palda”
Hudaý-ha aldatmaz, meni bir alda.
Ömrüň pelsepesi bolsa-da belli,
Palçy gelin, ber kalbyma teselli.
Sözle, keýgim, gury gepde eçil sen,
Kerler eşdip, körleň gözi açylsyn.
Ýetimleň enesi gelsin, ynandyr,
Umytsyz hassalar galsyn, ynandyr.
“Güller solmaz!”— diýip, ynandyr meni,
“Dostlaň ölmez!”— diýip, ynandyr meni.


Atajan TAGAN.
38
70
medik_
10 Fewral 2024
Edil palcara ynanamok yone oz edyan arzuwlarymyn cyn. Bolmagyna ynanyan.sebabi Allah bolmajak zady arzuw etdirmez
flowers_
10 Fewral 2024
@Islam_Atayew, şo zatlaryñ çyn bolmagyny isleýän ýaly, ýöne hiç wagt bolmajak zat).
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.