flowers_
11.06.2024 23:59
Ýaşasym gelýär.
Şeýle bir kalbyma, heýjana salyp,
Şatlanyp umman deý joşasym gelýär,
Özümi şindizem oglanjyk saýyp,
Juwanlyk çagynda ýaşasym gelýär.
Bezzat çagalaryñ betligin görüp,
Gykuwlap sesimi goşasym gelýär.
Daş atyp, Goñşymyñ penjiresine,
Şarpygyndan dadyp, ýaşasym gelýär.
Deñimden geçende ýaş gelin gyzlar,
Bälçiräp lak atyp, geçesim gelýär.
Göwre garrasa-da, Göwün garramaz,
Ýigitlik çagynda ýaşasym gelýär.
Aýlanyp dur heññam, geçip dur wagt,
Wagty saklap, göwnüm açasym gelýär.
Elbetde, ýatlanmak ullakan bagt,
"Ebedi" ýüreklerde ýaşasym gelýär.
Remezan Mämetgurbanow
29
94
flowers_
10.06.2024 00:42
BIR DERDIM BAR IÇIM-IÇIME SYGMAN..
Bir derdim bar içim içime sygman,
Pälim, niýetim özara uruşýar,
Hemişe araçy bolan halatym,
Erbet pälim mydam hetdinden aşýar.
Ynha-da bu günem şol öñki söweş,
Ekizek bolsada palim niýetim,
Abylyñ Kabyly öldürşi ýaly,
Üstün çykypdy,
Erbet häsiýetim,
Elimde göterip, Ýagşy palimiñ
Jesedini elim bilen jaýladym,
Begençden dolduryp, içden gülkimi,
Mazar:nyñ başynda sessiz agladym.
Remezan MÄMMETGURBANOW.
29
52
flowers_
08.06.2024 21:37
![]()
GÖZELLIK
Şeýle tämiz güller bitýär ýazyna,
Şerap içen ýaly göçýär-de kelläñ.
Özüñem añşyrman, çöküp dyzyña
Ysgaýañ ýolmaga milt edip bilmän.
Şeýle bir gyzlar bar, misli bir hyýal,
Baglara seýl eder şuglasyn saçyp,
Olara kilçerip lak atmag-a däl,
Hatda galarsyñ sen agzyñy açyp.
Şeýle bir goşgy bar, şeýle bir goşgy,
Okabam bilmersiñ labzyny ýoýup.
Oña öýkünmeg-ä beýlede dursun,
Ýazmañam goýarsyñ meñki däl diýip...
Eger ýürek diýlen bar bolsa sende
Gözellik özüne maýyl edýändir.
Gözellik däl, özün gorap bilmese,
Ýoýup bolýan bolsa gözellik däldir!
Nobatguly REJEBOW.
34
144
flowers_
07.06.2024 09:25
Meniň aforizmlerim.
Käwagt iki kelleden bir kelläniň akylly bolýan wagty hem bolýar.
***
Hakykaty ýaýmankaň, sen hemme kişiniň dosty.
***
Ýalňyşanyňy akylyň beýnide ýerleşýänini elleriň kelläňi gysymlaňda ýadyňa düşýär.
***
Çykgynsyz ýagdaýa düşeňde kelläň ýeňsesini gaşamaly däl-de, eliňi maňlaýyňa diräp,oýlanmaly.
***
Hordan zor ýagşy, puçdan hiç ýagşy.
***
Sen bir gezek ölçeýänçäň, ýedi gesek kesip gitjekler bar.
***
Gonak gonakdan gonakbaýy gabanar.
***
Aýdyjy dana bolsun, sözleri many bolsun.
***
Hatamtaýlyk we baýlyk bir göwrede ýerleşenok.
***
Ynamly gürläñde, ynanarlar ýaly gürlemeli.
***
Bir adam hakynda hemmeleriñ aýdýan zatlary gabat gelýän bolsa, onda onuñ bolşy şonuñ ýaly bolmagy ähtimal. Eger gabat gelmeýan bolsa, onda onuñ gybatyny edýärler.
***
Adamy ýamanlanyñda özüñ üçin howply, taryplanyňda bolsa, öwülýän üçin howply.
***
Üç ýagdaýda: içgili wagtyñ, pulsuz wagtyñ we aýalyña ikilik edeniñde aýalyñ öñünde diliñ gysga bolýar. Şolar ýaly ýagdaýlarda aýalyña akyl öwretmek, men-menlik etmek hem aýalyñ göwnünine degmek ýerliksizdir.
***
Han ornuna beg geler, är ornuna ýeg geler.
***
Ylym öwrenip, aklyndan azaşan ýok diýselerem, töwekgelçilik etmekden daş durmaly.
***
Ajyň aňy bolmaýşy ýaly, dokuň gepinde-de many bolmaz.
©Kakajan Balkanow
31
62
flowers_
06.06.2024 10:08
Satyn alynan bir sagatlyk wagt.
Bir adam işden ýadap öýüne gelende, bäş ýaşlyja oglunyň gapynyň agzynda özüne garaşyp duranyny gördi. Çaga kakasyndan her sagatda näçeräk gazanýandygyny sorady. Kakasy argyn göwresini diwana goýberdi-de:
– Şol zatlar seniň işiň däl-ä, oglum – diýip jogap berdi. Emma çagajyk ýeň bermän:
– Kaka jan, bilesim gelýär-dä – diýdi.
– Beýle bilesiň gelýän bolsa aýdaýyn: her sagatda ýigrimi dollar gazanýan.
Oglanjyk biraz oýurganyp durandan soň:
– Kaka jan. Onda maňa on dollar karz beräý-dä – diýip, ýadaw kakasyndan pul sorady.
Muňa kakasynyň hasam gahary gelip:
– Bolar-bolgusyz oýunlaryňa berer ýaly, mende üýşüp ýatan pul ýok! Hany derrew otagyňa git, gapynam ýap! — diýdi.
Ogly sesini çykarman otagyna gidip gapysyny ýapandan soňam kakasynyň hüňňürdisi ýatmady:
– Şu zamanaň çagalaryna düşüner ýaly däl. Çaga nädip onça puly soramaga het edip bilýärkä?!
Bir sagat töweregi wagt geçenden soň kakasy az-kem köşeşipdi. Puluň näme üçin gerekdiginem soramandygy hakda oýlandy. Oglunyň otagyna baryp, krowatynda uzanyp ýatan oglundan uklap-uklamandygyny sorady. Ogly:
– Uklamadym – diýdi. Kakasy oglundan ötünç sorady:
– Saňa gatyrak käýäýdim öýdýän oglum. Meni bagyşla! Bu gün biraz agyrrak işledim, ýadapdyryn – diýip, elindäki puly uzatdy. – Al oglum, on dollaryňy!
Muny eşiden oglanjyk tarsa ýerinden turdy-da, kakasyna sagbolsun aýtdy:
– Sag bol, kaka jan!
Şondan soň ol ýassygynyň astyndan eplem-eplem ownuk pullaryny çykardy. Elindäkisini hem üstüne goşup, pullaryny sanamaga durdy. Oglunyň bu hereketini gören kakasy ýene-de gaharlanjak boldy:
– Puluň barka, näme üçin ýene pul soraýaň?! Seniň biderek oýunlaryňa berere pulum ýok diýip ýaňy aýtdym-a saňa!
Çaga kakasynyň käýemesine üns bermedi. Ol:
– Ýöne meniň pulum ýeterlik däldi-dä! Indi jemläp bildim – diýdi-de, elindäki pullaryny kakasyna uzatdy:
– Kaka, ine saňa ýigrimi dollar! Indi meniň bilen oýnamaga bir sagadyňy aýryp bilýäňmi?
Terjime eden: Merýem ANNAGELDIÝEWA
26
94
flowers_
05.06.2024 20:59
Meniň aforizmlerim.
Güýjüň barka gerdeniňde dag göter, kuwwatyň kemelende daýanmaga söýget bor.
***
Asly dar göwün ýyrtylar welin, ýöne giňemez.
***
Atyny ýeke çapýan eýesiniň bu bolşundan bedewiň özi uýalarmyş.
***
Şol bir ýalňyşlygyň ilkinjisine säwlik diýýärler, ikinjisine bolsa—akmaklyk.
***
Diňleýjiň gulagyna däl, gursagyna guýjak bolmaly.
***
Ýokaryk dyrmaşaňda, ýykylaýaňda-da maýyp-müjürip bolmaz ýaly çakyňy biläýjek gatyňa çykmaly.
***
Dargursaga—gursakça, göwnaçyga—jüpbe ýaraşar.
***
Baýyr—bir wagtlar howalanyp duran daglaryň biri; düzlük—bu bolsa tekizlenen baýyrlyk. Magtymguly: "Belent daglar belentligňe buýsanma!".
***
Ýüz kalbyň aýnasy bolýan bolsa, onda garanam-agam ýaşyryp boljak däl ekeni.
***
Gep bilen çişirilen adam ýa ýarylar, ýa-da pyssarar.
***
Aslyň kütek bolsa, zol-zol igelerini sürter ýörerler.
***
Keçe gürrüň—aça gürrüň, köçe gürrüň—gaça gürrüň.
***
Nebis atyny çapmak üçin jylaw bilen gamçyň zerurlygy ýok, eýeriňden ýykylman otursaň bolýar.
***
Allatagalany inkär etmezlik, Ony ykrar etmeklik bilen deň düşünje däldir we päkýüreklilik bolsa päk imanlylyk däldir.
***
Ätläp bolmaýan bolsa, sümülip geç.
***
Eger sen eşek bolsaň, doňuz bir bolmajak bol.
***
Päkýürekli adamyň kalbynyň nury ýaman niýetli adamyň kalbyny ýagtylandyranda, onuň gara ýüregi has hem garalýarmyşyn.
Kakajan Balkanow.
26
37