flowers_
08.06.2024 21:37



GÖZELLIK

Şeýle tämiz güller bitýär ýazyna,
Şerap içen ýaly göçýär-de kelläñ.
Özüñem añşyrman, çöküp dyzyña
Ysgaýañ ýolmaga milt edip bilmän.

Şeýle bir gyzlar bar, misli bir hyýal,
Baglara seýl eder şuglasyn saçyp,
Olara kilçerip lak atmag-a däl,
Hatda galarsyñ sen agzyñy açyp.

Şeýle bir goşgy bar, şeýle bir goşgy,
Okabam bilmersiñ labzyny ýoýup.
Oña öýkünmeg-ä beýlede dursun,
Ýazmañam goýarsyñ meñki däl diýip...

Eger ýürek diýlen bar bolsa sende
Gözellik özüne maýyl edýändir.
Gözellik däl, özün gorap bilmese,
Ýoýup bolýan bolsa gözellik däldir!

Nobatguly REJEBOW.
34
144
flowers_
9 Iýun 2024
@milaya_mm, seredýan gözler gözel 💜
flowers_
9 Iýun 2024
@enes_🧿, ýatmaly õza😁
flowers_
8 Iýun 2024
@ideallider, kebeleklerimi uçurdym))
ideallider
8 Iýun 2024
Surat gymmyldaýa😌
flowers_
8 Iýun 2024
@okyyjy, 🤗
okyyjy
8 Iýun 2024
Bizede Hudaý ýetirsin "Ýoýup bolmaýan gözellik"
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.