ezizowa
12.01.2024 20:10
sizi döw bir ýerik alyp gidýär ol ýerde 2sany meňzeş gapylar bolýar ýöne gapylaryn tapawudy biri azatlyga alup gidýä beýlekisi dowzaha alyp gidýär gapylaryn ýanynda ekizler bolýar daşky görnüşinden ekizleri tapawutlandyryp bolanok ýöne biri ýalançy diňe ýalan gepleýär beýlekisi dogruçyl diňe dogry gepleýär ýöne siz haýsysy ýalançy ýa-da haýsysy dogruçyldygyny bileňizýok.indi size sorag siz ýekeje sorag berip azatlyga gitýän gapyny tapmaly şol bir soragy ekizlerin ikisine hem berse bolýa .govja pikirleniñ
14
252
ezizowa
23.08.2023 07:50

Internetde çykan maglumatlara görä erkekler günde 7müň söz,aýallar günde 21müň söz gürleýän eken.Ýagny 3esse köp!

Erkeklerden soranymda çyndanam dogrydygyny aýtdylar,işin geň tarapy aýallaram şol pikirde

"Näme üçin beýle düşünýärsiňiz "diýip soranymda jogaba çyndanam güldim."Çünki erkeklere bir gezek aýdanymda düşünmeýärler"diýdi."Şonuň üçin 3gezek gaýtalamagy mejbur edýär..."



Hakan Mengüç

27
85
ezizowa
22.08.2023 21:25

Gowy günler basym gelmeýän bolsa

Bagt saña başyn egmeýän bolsa

Ýazgydyña sabyr bilen seretgin

Alla bezeýändir egleýän bolsa

28
115
ezizowa
21.08.2023 07:41
Men indi sen hakda ýazmaryn hiç zat

Peýdasyz-a ýazsamam müň setirlik

Duýgularymy oýnap ýalanlar içre

Ýalňyzlygy dözeniňem ýaterlik


Men indi sen hakda ýazmaryn hiç zat

Öňki ýazanlarymam otlajak tapsam

Asla senli pikir oýumda bolmaz

Goý ajal nogtasy gopaýsa gopsyn


Men indi sen hakda ýazmaryn hiç zat

Elimi kessinler,dilimi çüýläp

Bagryma basmaryn seniň suratyň

Saňa bar umydym dagrady çüýräp


Depelediň bile eden arzuwlam

Aglasaňda göz ýaşlaryňy syzmaryn

Arkaýyn bol ynanmagy taşladym

Men indi sen hakda ýazmaryn


Baýram Bejidow
21
120