ezizowa
21.08.2023 07:41
Men indi sen hakda ýazmaryn hiç zat

Peýdasyz-a ýazsamam müň setirlik

Duýgularymy oýnap ýalanlar içre

Ýalňyzlygy dözeniňem ýaterlik


Men indi sen hakda ýazmaryn hiç zat

Öňki ýazanlarymam otlajak tapsam

Asla senli pikir oýumda bolmaz

Goý ajal nogtasy gopaýsa gopsyn


Men indi sen hakda ýazmaryn hiç zat

Elimi kessinler,dilimi çüýläp

Bagryma basmaryn seniň suratyň

Saňa bar umydym dagrady çüýräp


Depelediň bile eden arzuwlam

Aglasaňda göz ýaşlaryňy syzmaryn

Arkaýyn bol ynanmagy taşladym

Men indi sen hakda ýazmaryn


Baýram Bejidow
21
120
BaýramBejidow
21 Awgust 2023
@ezizowa, zyýany ýok bilmeýän bolsañyz☺️
ezizowa
21 Awgust 2023
@smart_girl, salam sps
Miss_Minnosh❤️
21 Awgust 2023
@ezizowa, salam yokardaky 3 nokada basyp duzedip bolya
Miss_Minnosh❤️
21 Awgust 2023
👍
ezizowa
21 Awgust 2023
@BaýramBejidow, salam gosgynyn awtorynyn sizdigini indi owrendim bolmasa paylasardym
BaýramBejidow
21 Awgust 2023
©Baýram BEJIDOW
BaýramBejidow
21 Awgust 2023
Salam goşgyny paýlaşanyñyza minnetdar emma, awtorynam paýlaşsañyz has begenerdim
2580
21 Awgust 2023
👏👏👏👍👍👍
ezizowa
21 Awgust 2023
@roseee, saol😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.