enes_∞
03.10.2024 12:46
😂 😂 😂
Gülki — ýaşaýşyň nury
Ýüzi gülüp duran, hoş sözli adam sözleşen adamlaryna hem ýakymly täsirini ýetirýär, onuň bilen gülşesiň, degşesiň gelýär. Az salymlyk bolsa-da, agyry-ynjyny, öýke-kinäni ýatdan çykarýarsyň, ýüküň ýeňlän ýaly bolýar. Ylym şähdaçyk, ýürekden gülýän adamlaryň durmuşda gabat gelýän köp kynçylyklary ýeňillik bilen çözýändigini belleýär. Onuň tersine gahar-gazap, gaýgy-gam ýokarda aýdanlarymyza garşylykly täsir edýär.
«Gülki terapiýasy» diýip atlandyrylan sagaldyş usulyny alymlar geçen asyrda, ýagny 1960-njy ýyllarda öwrenip başladylar. Şol wagt adatdan daşary bir wakanyň bolmagy alymlara özleriniň pikirleriniň, ugurlarynyň dogrudygyny tassyklamaga mümkinçilik berdi. Ýaş amerikaly lukman Normani Kazins ölüm bilen ýaşaýşyň serhedinde durdy, ýagny bejerip bolmaýan, ölüm howply kollagenoz keseliniň pidasy bolmalydy. Ol garaşylmadyk ýerden özüne berilýän lukmançylyk kömeginden ýüz dönderdi we özi hiç bir hereket edip bilmese hem, öýüne eltilmegini, ýatjak otagynda ulaldylan şekilleri görkezýän abzal goýulmagyny garyndaşlaryndan haýyş etdi. Ol gije-gündiz diýmän, diňe gülküli kinolary görmäge we uly möçberde C witaminini kabul etmäge başlady. Birdenem görlüp-eşidilmedik täsin waka boldy: Normani sagalmaga başlady. Bir aýdan ol barmaklaryny gymyldatdy, ýene bir ýyldan bolsa aýak üstüne galdy.
Peydaly maslahatlar
Rejepguly MAŞADOW,
Balkanabat şäheri, lukman-trawmatolog.
11
57
enes_∞
02.10.2024 18:26
![]()
Ýatmazdan ozal kitap okamak üçin 5 sebäp
1. Döredijilikli pikirlenmegiň ösmegi
Nil Geýmanyň «Kitap eliňizdäki düýşdür» diýen sözlerini ýatlaň. Onsoň hem ylmy açyşlara düýşleriň sebäp bolup bilýändigini taryh telim ýola subut etdi. Şeýlelikde, düýşleriň beýnimiziň çuňluklarynda ýatan ylham gorumyzy köredip bilýändigine ynanyň.
Başarjaň we döredijilikli pikirlenmegi başarýan adamlar hemişe diýen ýaly şol bir zadyň pikirinde gezýändir öýdýärsiňizmi? Ýok, beýle däl. Garaşylmadyk täsin pikir käte başga bir ugurlar bilen baglanyşykly pikirlerden hem döräp biler.
Onsoň hem döredijilikli pikirlenmegi başarmagyň ilkinji şerti dünýä we bolup geçýän zatlara tapawutly garamagy öwrenmekdedir. Ýatmazdan öň okalan kitap bu babatda size ýardamçy bolup biler.
2. Ünsüň güýçlenmegi
Tehnologiýalar döwründe haýsy hem bolsa bir zatda ünsüňi jemlemek aňsat däl. Muňa telewizor, internet, sosial torlar, daş-töweregimizdäkileriň täsirleri zyýan ýetirip biler.
Eger ýatmazdan ozal 15 — 20 minut çemesi kitap okasaňyz, bu ünsüňizi bir ýere, ýagny kitaba jemlemäge ýardam eder. Okamak üçin düşünmek we ünsi jemlemek zerur. Diýmek, kitap biziň üçin ünsi jemlemek bilen bagly maşkyň serişdesine öwrülip biler.
3. Maglumat gorunyň baýlaşmagy
Zehinine hormat goýan adamlarymyzdan ilkinji soraýan zatlarymyzyň biri haýsy kitaplary okandygy. Eger şeýle bolsa, zehinli we giň dünýägaraýyşly bolmaga barýan ýol kitap okamagyň üstünden geçýär diýip bileris. Kitap — öwrenmegiň, uky bolsa öwrenmek amalyny durmuşa geçirmegiň serişdesi.
Uklan wagtymyz günüň dowamynda öwrenen maglumatlarymyz beýnimizde ýerleşýär. Onda has peýdaly maglumatlaryň orun tutmagyny haýsy birimiz islemeris?! Maglumatlary bolsa okamak bilen baýlaşdyryp bolýar.
4. Dartgynlylygyň aýrylmagy
Bir gyzykly eseri bir sagatlap okamak beýniňdäki islendik dartgynly ýagdaýy aýryp, iň bolmanda, ep-esli ýeňledip bilýär. Nerw dartgynlylygynyň ynsan saglygyna edýän ýaramaz täsiri barada, belki, size lukmanlar gürrüň berendir. Şonuň üçin hem maksadymyz şol täsirler baradaky gürrüňi ýene bir gezek gaýtalamak däl. Ýöne Angliýanyň uniwersitetleriniň birinde geçirilen barlaglar ýatmazdan ozal kitap okamagyň dartgynlylygy 68 göterime çenli azaldyp bilýändigini görkezdi. Galanyny özüňiz pikir ediň!
5. Çalt uklamak
Günüň dowamynda islesek-islemesek beýnimiz dürli täsirlenmeler bilen ýadaýar. Ýadawlykdan soňra dynç almak üçin ýerimize geçip, uzak wagtlap uklap bilmän ýa gije ukymyzyň bozulyp, birki sagatlap çirim etmän oturýan wagtlarymyz bolýar. Şol wagt ýakynyňyzda bolsa kitap okap görüň…
Turkmengazet
13
210
enes_∞
28.09.2024 12:48
![]()
Çagaňyzda kitaba söýgi döretmegiň 8 usuly
Çagaňyza kitap okap bermek kitaba bolan söýgini ösdürmegiň iň täsirli usullaryndan biridir. Çagaňyza laýyk kitaplary saýlaň. Ertekileri ýa-da gyzykly başdan geçirmeleri saýlasaňyz, çagany özüne çekýändigine göz ýetirersiňiz. Her gün kitap okamak üçin wagt aýyryň. Bu siziň çagaňyzyň päsgelçiliksiz kitaby söýmegine ilkinji başlangyç bolar.
Goý, çaga öz okajak kitaplaryny özi saýlasyn! Çaganyň özüne kitaplary saýlamaga rugsat beriň. Bu çagada okamak söýgüsini ösdürmegiň ajaýyp ikinji usuly. Onuň birinji ädimi olary kitap dükanyna ýa-da kitaphana äkitmek we tekjelere göz aýlamak üçin wagt bermek. Şol wagtyň içinde çaga öz islegi boýunça kitaplary saýlasyn!
Başdan geçirmeleri okamak. Çaganyň hemişe okamaga bolan söýgini döretmek bilelikde kitap okaýan mahalyňyz, kitapda bolup geçýän wakalary hyýalynda janlandyrmak arkaly has ýeňil bolýar.
Okamak — maşgalanyň iň uly pişesi. Maşgalanyň her bir agzasynyň okamak üçin öz kitabynyň bolmagy we nahardan soň, ýatmazdan ozal kitaplaryny okamaklary we munuň üçin yzygiderli wagt aýyrmaklary çagada hem okamak söýgüsini ösdürýär we özüne degişli kitap almak höwesi döredýär.
Çaga okaýandygyňyzy görmäge rugsat beriň! Çagalar, köplenç, görýän hereketini gaýtalaýar. Çagaňyza kitap okamaga bolan söýgini döretmegiň iň oňat usullarynyň biri çagaňyzyň siziň kitap okaýanyňyzy görmegidir. Kitapdyr gazetleri her gün çagaňyzyň göz öňünde okamak üçin wagt sarp ediň. Bu okamagyň diňe bir siziň üçin lezzetli we zerurdygyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, sizi diňleýän çagaňyzda okamaga bolan höwesi artdyrar. Çagalar ene-atalarynyň yzygiderli kitapdan lezzet alýandyklaryny görenlerinde, özlerinde hem okamaga bolan gyzyklanma döredýär.
Kitap okamak üçin amatly ýer dörediň. Taýýarlan ýeriňiz çaga üçin örän täsirli bolmaly. Munuň üçin telewizor ýa-da beýleki ünsüni sowaýjak zatlardan uzakda bolmaly. Olaryň ýatylýan otagynyň bir burçy ýa-da bellenilen ýeri bolmaly. Taýýarlan ýeriňizde çagaňyz üçin gymmatly suratjyklar çekilen reňklije stoldyr otyrgyçlar goýmaly. Çagaňyzyň gözüne zyýan bermez ýaly ýagty tarapy saýlamaly. Hatda stolunyň üstünde çyrajyklary goýmak hem has peýdalydyr.
Gyzykly edip okamak. Bilelikde okaýan kitaplaryňyzdaky gahrymanlaryň her birine aýratyn ses effektini berip okamak, çagaňyzdaky gyzyklanmany ösdürýär.
Höweslendiriji boluň. Ata-eneler çaga dünýäsiniň iň ýakyn goldawçysydyr. Ýagny çaga size okan ertekisini ýa-da hekaýasyny gürrüň berýän mahaly höweslendiriji, hoşal bolujy öwgi sözleri aýdyp, gyzykly gürrüň berýändigini belläň. Bu usullar arkaly öz çagaňyzda kitaba bolan söýgüni döredip bilersiňiz.
Turkmengazet
Merdana RAHIMBAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýörüteleşdirilen 38-nji çagalar bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.
13
132
enes_∞
27.09.2024 22:33
![]()
Güýz gelse saralýar ýaprak…
Altyn güýz tebigatyň öwrülişiginde öz gezegini alyp, altyn günleri bilen höküm sürýär. Güýz pasly özüniň owadanlygy bilen birnäçe syrlary hem özünde jemleýär. Ol barada bilmek bolsa, edil güýz paslynyň dowam edýän günlerinde has-da ýakymly bolýar.
Gadymy Rimde bir ýyl 10 aýa bölünipdir we şol döwürde oktýabr sekizinji aý bolupdyr. Soňlugy bilen ýanwar hem fewral aýlarynyň goşulmagy bilen 12 aý emele gelen-de bolsa, onuň ozalky ady saklanyp galypdyr.
Güýzde Günüň şöhlesiniň peselýändigi sebäpli, ýapraklara gerekli ýagtylyk ýetmeýär. Ýapraklarda bolsa karotinoidler höküm sürüp başlaýar. Ol ýapraklarda gyzyl, sary, mämişi tegmilleri emele getirýär. Şeýlelik-de ýapraklar güýz paslyny özleriniň täsin reňkleri bilen bezeýärler.
Gyş paslynda ýyly ýerlere göç edýän guşlar güýzde ýola düşýärler. Ondan öň uzak ara uçýan guşlar Demirgazyk sumruglar bolup, olar 17 müň 700 kilometrlik ýoly geçýärler.
Güýzde ýapraklaryň saralyp tänmegi, ýagşyň köp ýagmagy ýaly tebigy üýtgeşmeler adamlaryň ruhy dünýäsine hem oňaýly täsir edýär. Bu döwürde döredijilik bilen meşgullanýan adamlara has-da ylham baýlaşýar.
Alymlaryň geçiren barlaglaryna görä, güýz paslynda adamlaryň ýürek kesellerine duçar bolmak howpy ep-esli azalýar. Ýer şarynda ekwatoryň töwereginde hiç-haçan güýz pasly bolmaýar.
Täze Zelandiýa we Awstraliýada güýz resmi taýdan 1-nji martda başlanyp, 31-nji maýda tamamlanýar.
Enejan ŞÖWKEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby
9
63
enes_∞
27.09.2024 16:52
![]()
«Näme diýsemkäm?!» -
«Jan» diýsem, janam amanat,
Men saňa näme diýsemkäm?!
Telek zat diýmek – gabahat,
Men saňa näme diýsemkäm?!
«Dag» diýsem, her şäherde ýok,
«Gar» diýsem – baharda ýok,
...Seniň ýaly jahanda ýok,
Men saňa näme diýsemkäm?!
Mätäç dälsiň ahyr öwgä?!
Goýma meni beýle görgä,
- diýsem, gaýta, gaty görýäň,
Men saňa näme diýsemkäm?!
Elenenok aň elegim,
(Wah birje söz bar geregim...)
Eý, iki dünýä deregim,
Men saňa näme diýsemkäm?!
Gowusy, hiç zat diýmäýin,
Gideýin, soňam gelmäýin.
Gitme, bir zat diý diýýärmiň?!
Men saňa näme diýsemkäm?!
Aýgül BAÝADOWA
11
89