enes_∞
28.09.2024 12:48

Çagaňyzda kitaba söýgi döretmegiň 8 usuly
Çagaňyza kitap okap bermek kitaba bolan söýgini ösdürmegiň iň täsirli usullaryndan biridir. Çagaňyza laýyk kitaplary saýlaň. Ertekileri ýa-da gyzykly başdan geçirmeleri saýlasaňyz, çagany özüne çekýändigine göz ýetirersiňiz. Her gün kitap okamak üçin wagt aýyryň. Bu siziň çagaňyzyň päsgelçiliksiz kitaby söýmegine ilkinji başlangyç bolar.

Goý, çaga öz okajak kitaplaryny özi saýlasyn! Çaganyň özüne kitaplary saýlamaga rugsat beriň. Bu çagada okamak söýgüsini ösdürmegiň ajaýyp ikinji usuly. Onuň birinji ädimi olary kitap dükanyna ýa-da kitaphana äkitmek we tekjelere göz aýlamak üçin wagt bermek. Şol wagtyň içinde çaga öz islegi boýunça kitaplary saýlasyn!
Başdan geçirmeleri okamak. Çaganyň hemişe okamaga bolan söýgini döretmek bilelikde kitap okaýan mahalyňyz, kitapda bolup geçýän wakalary hyýalynda janlandyrmak arkaly has ýeňil bolýar.
Okamak — maşgalanyň iň uly pişesi. Maşgalanyň her bir agzasynyň okamak üçin öz kitabynyň bolmagy we nahardan soň, ýatmazdan ozal kitaplaryny okamaklary we munuň üçin yzygiderli wagt aýyrmaklary çagada hem okamak söýgüsini ösdürýär we özüne degişli kitap almak höwesi döredýär.
Çaga okaýandygyňyzy görmäge rugsat beriň! Çagalar, köplenç, görýän hereketini gaýtalaýar. Çagaňyza kitap okamaga bolan söýgini döretmegiň iň oňat usullarynyň biri çagaňyzyň siziň kitap okaýanyňyzy görmegidir. Kitapdyr gazetleri her gün çagaňyzyň göz öňünde okamak üçin wagt sarp ediň. Bu okamagyň diňe bir siziň üçin lezzetli we zerurdygyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, sizi diňleýän çagaňyzda okamaga bolan höwesi artdyrar. Çagalar ene-atalarynyň yzygiderli kitapdan lezzet alýandyklaryny görenlerinde, özlerinde hem okamaga bolan gyzyklanma döredýär.
Kitap okamak üçin amatly ýer dörediň. Taýýarlan ýeriňiz çaga üçin örän täsirli bolmaly. Munuň üçin telewizor ýa-da beýleki ünsüni sowaýjak zatlardan uzakda bolmaly. Olaryň ýatylýan otagynyň bir burçy ýa-da bellenilen ýeri bolmaly. Taýýarlan ýeriňizde çagaňyz üçin gymmatly suratjyklar çekilen reňklije stoldyr otyrgyçlar goýmaly. Çagaňyzyň gözüne zyýan bermez ýaly ýagty tarapy saýlamaly. Hatda stolunyň üstünde çyrajyklary goýmak hem has peýdalydyr.
Gyzykly edip okamak. Bilelikde okaýan kitaplaryňyzdaky gahrymanlaryň her birine aýratyn ses effektini berip okamak, çagaňyzdaky gyzyklanmany ösdürýär.
Höweslendiriji boluň. Ata-eneler çaga dünýäsiniň iň ýakyn goldawçysydyr. Ýagny çaga size okan ertekisini ýa-da hekaýasyny gürrüň berýän mahaly höweslendiriji, hoşal bolujy öwgi sözleri aýdyp, gyzykly gürrüň berýändigini belläň. Bu usullar arkaly öz çagaňyzda kitaba bolan söýgüni döredip bilersiňiz.

Turkmengazet
Merdana RAHIMBAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýörüteleşdirilen 38-nji çagalar bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.
13
113
okyyjy
28 Sentýabr 2024
@ideallider, 🤦🤣
ideallider
28 Sentýabr 2024
@enes_∞, başgalaryň dilinde "Uruş" meň dilimde hapa-paýyşly sögüşmek bolýar.😁
ideallider
28 Sentýabr 2024
@Guller___, ýo realno gyzdyr öýütdimhooo. Içimden Gaşyna degmedik gyz köpdürleweli, beýle bagt bilen ýazşmak hem hoşamaý. Gel bir zat ýazaýynla" diýip pikirlendim. Asyl oglan bolany üçin gaşyna degmändirä🤷‍♂️🤦‍♂️
enes_∞
28 Sentýabr 2024
Näme bolya barde
ideallider
28 Sentýabr 2024
@yekejelai, Salam.
ideallider
28 Sentýabr 2024
@yekejelai, gyzyňky ýaly nikli oglan🙂👍
matsuriken
28 Sentýabr 2024
@ideallider, ýokla how nämäň gahary?
ideallider
28 Sentýabr 2024
@matsuriken, habarlaş imoda seni tapmadym
ideallider
28 Sentýabr 2024
@matsuriken, diýmek sen hakykatdan hem gaharda. Ýogsa meň degişmäme adaty wagtyňýaly düşünerdiň. Köşeşhany!
matsuriken
28 Sentýabr 2024
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.