elya
10.11.2023 13:43
Men kän ýerde ýüregiňi duýaryn,
Men bar zatda düşünerin halyňa.
Ömrümi yşkyna girew goýanym,
Duýgularym alyp barar ýanyňa,
Sen hemişe gara meniň ýoluma!

Asman tüme dönse, ýyldyzlar öçüp,
Baglara gyş gonsa, guşlary uçup,
Ynan, geler diýip, bar zatdan geçip,
Şol ynamyň alyp barar ýanyňa,
Sen hemişe gara meniň ýoluma!

Kinniwanja şatlyk bolsam gussaňa,
Zemin göwnüm telwas eder Asmana,
Menziller kär etmez bagra basmaga,
Söýgim meni alyp barar ýanyňa,
Sen hemişe gara meniň ýoluma!

Bu bir durmuş, käte dünýäň daralsa,
Üşeseň, ýyljajyk mähre zar bolsaň,
Men ýeterin, şu jahanda bar bolsam,
Söýgim meni alyp barar ýanyňa,
Sen hemişe gara meniň ýoluma!

Gülşirin HANOWA.
53
47
elya
10.11.2023 00:16
Meni ýitirseň, gynanman,
Ýüregiňe diň sal, diňle.
Men nirde bolup bilerin?
Nire mensiz bolup bilmez?

Bilýäň, asmany söýýänmi,
Asmaňa bakarsyň hökman.
Ýöne men asmanda bolman,
Men ýeke uçmaga gorkýan.

Gyş bolsa gözleýän paslyň,
Gara seredersiň siňe.
Ýaz bolsa, güle bakarsyň.
Güýz ýele, tomusam Güne.
Soňra bolsa gözlemersiň...
Ýadarsyň,
ýa «Bar, gitsin!» bor.

Bir gün bolsa tokaýlykdan,
Bäs gelip bilmän keýpiňe,
Sen geçip gidersiň gülüp,
Hem aýdym aýdyp keýpine.

Bu gowy zat, başyň-a dik.
Hem agaçlar, hemem aýdym...

Emma birden, yza dönüp,
Bir zatlar gelip seriňe,
Gelermikäň ýel omuran
agajyň ýatan ýerine.

Aýryp şahaň ýapraklaryn,
Ellerňe tiken çümdürip,
Özüňde bar bolan ähli,
Üşük-yhlasyň siňdirip.

Duýarmykaň şol ýüregi,
Urup duran gowşajykdan...
Sorarmykaň meni maňa
Meňzäp duran towşanjykdan?!

© Aýgül GARAÝEWA
48
53
elya
09.11.2023 23:13
Bu gün süññüm ýeñil,
Asmanam dury,
Guşlaryñ owazy,
Öñkiden gowy.
Täsin saýraýar, örän üýtgeşik,
Adamlaryñ garaýyşam üýtgeşik.
Bu garaýyşlar geçdi bir wagt.
Ýadyma düşenok,
Ýöne bolupdy,
Bolanlygy hak.
Göwre kapasama howa dolupdy...

Gulagyma gelýär ýakymly hüwdi,
Men täzeden dogulaýdymmykam,
Başga-başga ýerdäki
Galaktikada...
Wah, öñki durmuşum gowudy,
Kemem bolsa gowudy...
Ýöne adamlaram, ýakynlam-tanyş.
Günem şol güneş,
Özem batyp barýar...
Ýöne???
Näme üçin gün gyzarman batdyka???

© REMEZAN MÄMETGURBANOW
47
40
elya
09.11.2023 19:53
Akja kagyzlardan çykaryp gahrym
Bilsedim, kalbymda goýmazdym ahmyr.
Ýazan her setirmiň maksady, wah, bir...
Diňe seni yrmakdygyn kim biler?

Göreçlemde ýürek görünmez äşgär,
Sebäp saňa söýgim hetdinden aşýar,
Dumanly dünýäme düşünseň, käşgä...
Goşgularmyň dymmakdygyn kim biler?

Men lowlap ýanýaryn, sebäp gülýärsiň,
Men gowlap ýazýaryn, sebäp gülýärsiň,
Ýagşydan-ýamandan seniň gülýäniň,
Meniň üçin gymmatdygyn kim biler?

Göwnümem sübsegär, meň saçym ýaly,
Hyzmata häzirem, sadyk jyn ýaly,
Şa gyzy halyma edil myn ýaly...
Meň ugruňda gyrnakdygym kim biler?

Yşga düşen jany, Janym, görk ezýär,
Görküňe bendi men, bendi her kes, ýar!
Mahabatlap, diňe seni görkezýän,
Ýunusdaky dyrnakdygym kim biler?

Men bilmeýen, üm bilmeýän sawçymyň?
Ýa ser bermän, per bermeýän awçymyň?
Goşgy ýazýan perin almak Laçynyň,
Ganatlaryn gyrmakdygyn kim bilýär.

© Laçyn PÜRJÄÝEWA
53
42
elya
09.11.2023 16:50

Gel ýaraşaly!

Inşalla!

Şu gün uzynly gün ýanyňda boljak,

Ähli işleriňi goýup, gel, senem.

Maňa ilki bilen, şo-ol öňkiň ýaly,

Günüň dogşy hakda gürrüň bersene.

Gürrüň ber baglaryň oýanşy hakda,

Hem oýarşy hakda ýazlaryň bizi.

Kä gürrüňler dagy sygmasyn akla,

Nämemiş, jadyly saçaga, hakyt,

Äkidýämişinler ýalbaryp bizi.

Gowy, hä,

Şol köne ýol bilen düýşleň gelişi.

Ýadyňa düşýärmi, öýkeläp gidip,

Soňam ýene öz-özümiň gelişim.

Aýtsana, bilýäň-ä, garlawaçlaryň

Çagalarna aýdýan ertekisini.

Gürlesene, dymma, göresim gelýär,

Men düýnki, şu günki, erteki Seni!

58
133
elya
08.11.2023 22:13
O DIÝÝÄNIŇ SATYLYP ÝÖR..

Käte bukýan didelermi,
Gör nämeler edilip ýör,
Atyz ýaly boş añlara,
Pak däneler sepilip ýör.

Kalp ilteşse göz bilen,
Ýara em etmäñ köz bilen,
Asly ýalan, hoş söz bilen,
Ençe dyzlar epilip ýör.

Gün dogar, aýlanar heññam,
Ölüm, herne deñlik hemmä,
,,Ynanmaly" diýýäs, emma,
Ynam top deý depilip ýör.

Makiýajy çalyp tene,
,,Haý" diýenok gyza ene,
Bu gün señki, ertir ýene,
Başga birin tapynyp ýör.

Günäni iltäp egnine,
Hile öwrüldi endige,
Käbirleri men-menligin,
Doga edip dakynyp ýör.

Ynsap, galatly ýollarda,
Päklik daraldy jalbarda,
Bilmen ynsan ne hallarda,
Haýsy ugra akylyp ýör?.

Çüýläp içde müñ hiläni,
Gördüm ,,dost" sözi diýýäni,
Dostluk mukaddes diýýäñmi?!,
O diýýäniñ satylyp ýör...

©Baýram BEJIDOW
59
64
elya
08.11.2023 20:00
Ýyllary suw deýin äkitdi günler,
Geçen möwsümleri ýaşadym tenha.
Unudyp bilmeýän duýgulam bilen
Men geldim, ynha!

Seni her küýsämde dörän goşgulam
Depe bolup ýatyr beýlämde, hanha.
Gönüläp gözlerňe garamak üçin
Men geldim, ynha!

Saňa barýan ýol tapmadym elenip,
Hezil etdi şor täleýim bulanyp,
Şu ýaşymda ilki söýgä sygynyp,
Men geldim, ynha!

Sudur bolup geçmişime siňipsiň,
Aýralygy ne tär bilen ýeňipsiň,
Diýme maňa: «Wah, näm üçin gelipsiň»,
Men geldim, ynha!

Ogulnur ATAÝEWA.
53
61
elya
08.11.2023 16:38
Saňa jaň edesim gelýär,
Soramak üçin halyňy.
Saňa jaň edesim gelýär,
Küýsän mahalym düýnümi.

Saňa jaň edesim gelýär,
Men ykbaldan şundan başga,
Hantama däl uly zada,
Ýöne göwün, göwün bolýa,
Eýgerenok däbe, kada.

Hyýalym ýok ullakan bir,
Kaýyl bolan-bolmadyga,
Munda sataşmaklyk üçin
Sebäp känä ölmedige...

Ýöne bu-da ýol soňunda,
Gowuşmaga umyt däldir,
Geçip barýan bu günleriň,
Eçilenni seniň bilen
Paýlaşyp gülesim geldi,
Ýüregiňde häzirem men,
Barmykam, bilesim geldi.
Gözüňe siňen ýaş bolup,
Ýaňagyňa siňesim geldi.
Hem içimde näme baryn,
Diňe seň bilýäniň üçin,
Saňa jaň edesim geldi.

Ogulnur ATAÝEWA
55
118
elya
07.11.2023 16:43
ÄHTIMAL

Wulkan ýaly ýanyp duran hesermiñ,
Wulkan ýaly öçmegi-de ähtimal,
Pesdir öýtme, söýgim üçin peselsem,
Ykbalymyñ maña eden ähti bar.

Bilýäñ ahyr, duýgylamda meslek ýok,
Arzuwlarma umyt bilen çyrmaşdym,
Başarsañ-a ynamymy berçinläp,
Heşdek ýaly dogumymy ornaşdyr.

Bu güneşiñ ýaşmagyna garaşma,
Garaşma sen çogly günüñ dogarna,
Ykbal, täleý, ýazgyt bile birigip,
Iñ soñunda alyp gider owarra.

A soñra-da ne men, ne-de sen meni,
Tapyşmarys,
Idemersiñ, idemen,
Seniñ üçin tüme dönen dünýäni,
Görmezligi arzuw eder dideleñ.

Öwrenşeris, ,,Ýazgyt" diýip oñarys,
Başyñ alyp durmazmyşyn ähli zat,
Bu güneşiñ ýaşmagyna garaşma,
Wulkan ýaly öçmegi-de ähtimal...

© Baýram Bejidow
45
50
elya
07.11.2023 12:05
“Bagt näme?” diýýäňmi?!
Men-dä şol!
Seret gözüme!
Şu çaka çen aňmadyňmy?!
Gije-gündiz salgy:m tapman,
Kalbyň dara bagladyňmy?
Gyw, dur, duraweri!
Onçakly uzagam-a däl,
Ses ýetimlik golaýyňda.
“Duýdurmadyň” diýýäňmi?!
Men Bagt ahyryn!
Biraz syrly bolaýyn-da!

Indi duýduň.
Gaçmagymam ahmal
Badyhowa ýeller bilen.
Ýet-dä hany, ýetebilseň,
Geçebilseň özgelerden!
“Garaş!” diýme, men has gedem
Seniň üçin özgererden.

Durnuksyzlyk — ýigrenýänim.
Ýa ýalan bol, ýa tutuş çyn.
Ýene durup oýlanýarsyň
Hem diýýärsiň: “Sen kim?”
Men şu çaka çen ýetdirmedik,
Enteklerem ýetdirmejek
Symrug guşuň,
Arzuw guşuň,
Bagt guşuň
Laçyn-da men!

© Laçyn BAZAROWA
50
36