Saňa jaň edesim gelýär,
Soramak üçin halyňy.
Saňa jaň edesim gelýär,
Küýsän mahalym düýnümi.
Saňa jaň edesim gelýär,
Men ykbaldan şundan başga,
Hantama däl uly zada,
Ýöne göwün, göwün bolýa,
Eýgerenok däbe, kada.
Hyýalym ýok ullakan bir,
Kaýyl bolan-bolmadyga,
Munda sataşmaklyk üçin
Sebäp känä ölmedige...
Ýöne bu-da ýol soňunda,
Gowuşmaga umyt däldir,
Geçip barýan bu günleriň,
Eçilenni seniň bilen
Paýlaşyp gülesim geldi,
Ýüregiňde häzirem men,
Barmykam, bilesim geldi.
Gözüňe siňen ýaş bolup,
Ýaňagyňa siňesim geldi.
Hem içimde näme baryn,
Diňe seň bilýäniň üçin,
Saňa jaň edesim geldi.
Ogulnur ATAÝEWA