educated
12.06.2023 10:01

1.Şu tomzagyñ türkmençe ady näme - 🐞🐞

2.Iñ köp döwlet bilen araçäkleşýän ýurt haýsy?

3.Haýsy jandarlar 3 ýürekli?

4.Pallamaýan haýwan haýsy?

5.Terjime edilende ady kümüş diýmekligi añlatýan döwlet haýsy?

6.Tomusda günüñ dik depede wagty iki jaýyñ aralygy nähili ölçenilýär?

7.Haýsy agaç güllemeýär, miwe bermeýär?

8.Öýkenini daşyna çykaryp bilýän ýeke-täk guş haýsy?

9.Anore de Balzak Eýfel diñini ýigrenipdir, ýöne her gün şonuñ içinde oturypdyr. Näme üçin beýle etýär?

10. Kompos nirede oýlanyp tapylypdyr?

21
520
educated
08.06.2023 15:42
Bir adam 900 müň dollara jaýyny satmaklyk üçin internede goýýar emma hiç bir alyjy jaýy soramaýar Soñra jaýy lotareýa goýup haýsy biletden jaýyñ suraty çyksa jaý şonuñky diýip bilet bahasyny 2 dollardan goýýar we 2 milliard dollar gazanýar.
Meşhur Tesla kompaniýasy awtomobillerini Amerikada ýasalan ýazgy bilen dälde Ýerde adamlar tarapyndan ýasalan ýazgy bilen öndürýär.
Dünýäniň iň beýik dagy Eweresta 6 gezek çykmany başaran Gerard Omel öýünde köýen lampany çalyşýarka basgançakdan ýykylyp aradan çykýar.
Googleda 241543903 ýazyp gözletseñiz siz sowadyja kellesini salyp duran adamlary görersiñiz
16
231
educated
07.06.2023 14:00
"Dostuň öz diline sakmy ýa sak däl?"
Dostuň öz diline sakmy ýa sak däl? –
Bu sowal üstünde oýlanma uzak.

Illeriň syryny saňa aýdýarmy –
Sak däl,
Aýdanokmy –
Sak.
           **********
Dostlaryň dawasy
– Adam dünýä iki gezek gelenok.
Ýene bir iç! Bu boluşyň bolanok.

– Juda dogry aýdýaň: iki gezek däl.
Şoň üçinem şundan artyk gerek däl.
           **********
Idegsiz mazaryň başujunda gojanyň aýdany
Ulusyny sylamak kiçiniň däbi, köşek.
Ölüsini sylamak – diriniň däbi, köşek.
Ölüsini hormatlap bilmeýän dirileriň
Ölendenem has ozal
Öldügi dälmi, köşek?

Kerim Gurbannepesow.
8
106
educated
06.06.2023 21:54
Beýik akyllar pikirleri ara alyp ortaça akyllar wakalary ara alyp kiçi akyllar adamlary ara alyp maslahatlaşýarlar
Kalbyñy aýnadan etseñ döwen köp bolýa demirden etseñ poslap galýa.Deñizden et giren ýitsin ýüzmäni bilýän halas bolsun bilmeýän gark bolsun
Akylly aýal çäklenenlerini zehinli aýal çäklenmediklerini biler
Ýalñyz başyña bagtsyz bolmak biri bile bagtsyz bolmakdan gowydyr
Maña ýalan sözländigiñe gaharlanamok Indi saña ynanyp bilmeýändigime gynanýan
Mesele bir pikirde bolup düşünişmek däl.Mesele tapawutly pikirlerde bolup bir-birine hormat goýup bilmekde Ine şuny başarana Ynsan diýilýä
14
116
educated
03.06.2023 23:18

Kim çözüp biljek

bir awtobusda 7 kişi bar

her bir kişide 7 sumka

her sumkada 7 pişik we her bir pişigiñ 7 çagasy bar. Sowal awtobusda näçe aýak bar?

Anyk jogabyny bilemok. Özüm hasapladym.

Ýöne gaýta-gaýta çözüp şol bir jogaby çykardym.

Men çykaran sanymy soñ aýdaryn sizde näçe çykarka?

11
348
educated
31.05.2023 10:55

1845ý Periskop tehnologiýasyny Sara Meter atly zenan oýlap tapdy. Periskop ýerasty gämilerde bolup öñde uly göwrümli bir zat bar bolsa gämi bilen şonuñ aralygyny kesgitleýär.Etli konserwa 1873ý rus zenany Nadežda Kožina tarapyndan oýlanylyp tapyldy. Wezipesi ýönekeýje kätip bolan zenan 1892ý ilkinji bolup gar arassalaýjy maşyny ýygnamagy başardy.Gap ýuwujy maşyn ilkinji gezek 1886ý Jozefa Kokreýn tarapyndan,awtomobilleriň gluşiteli 1917ý Dolores Jons, maşynyň öñki aýnasyndaky gar-ýagyşy süpüriji hem 1903ýMeri Anderson tarapyndan elbetde çaga arlygy hem Mariana Donowan tarapyndan hödürlenildi.

11
205
educated
30.05.2023 11:36
Bir Iñlis Uniwersitediniñ gözelg işlernie gröä szöleriñ hraplraynyñ hýasy tretipde ýzalynadygy mhöüm däl eken.
Mhöüm bloan zat briinji we iñ sñoky hrapyň ýrenide blomaygdyr. Ardaaky hraplrayñ treitbi graşyyk bloas-da oakp bloaýr eekn. Sbeäbi szöreli hrap-hrap däl, btünileýin oakýan eeknik.
18
199