dream_
06.12.2022 23:24
Kämil ynsan gözel sözleýän däl, sözleýän sözlerini amal edip biljek ýa-da edip biljek amalyny sözleýändir.

Konfusiý
39
55
dream_
05.12.2022 13:17
Ketekde gysylşyp otyr towuklar.
Gyş gelenini duýdurýar bu sowuklar.

Dañ säherler gök meýdanlar buglandy,
Baglaryñ, otlaryñ ýüzi çyglandy.

Bir eýýäm ýitirim boldy arylar,
Indi gagyldaşyp garga görüner.

Tizlendi öñküden günleñ geçişi,
Gyş görmedik çaga eder "açyşy"

Üç aýlap görünmez gury köçeler,
"Ýyly geýniñ" diýip tabşyr ejeler.

Bahym garlar ýagar her kim topular,
Pejiñ golayyndan howur tapylar.

Ululara lezzeti artar çaýyñ,
Garly gün dar bolar çagaña jaýyñ.

Görüner gülgüne ýañakly gyzlar,
Bir-birege söýegem eder buzlar!

Dowam etýän çagy gyşyñ günleri,
Ýyly söz ýylatsyn goý göwünleri.

Şanazar Hydyrow
41
82
dream_
04.12.2022 10:51
Häzirki wagtda planetamyzyň 70% -i suw bilen örtülendir.  Şol bir wagtyň özünde bu suwuň diňe 1% -ini içip bilersiňiz.  Her ýyl suw çeşmelerine elýeterlilik meselesi has ýitileşýär.  Soňky 50 ýylda dünýäde suwa elýeterlilik bilen baglanyşykly 507 töweregi konflikt ýüze çykdy.  21 jedel duşmançylyga sebäp boldy.
Suw dünýädäki iň ýönekeý we iň ýaýran madda.  Ýöne şolm bir wagtyň özünde suw köp syrlardan doludyr.  Alymlar henizem suw hakda has gyzykly maglumatlary tapyp, gözleg işlerini dowam etdirýärler.

Birinji hakykat: In arassa suw Finlandiýadadyr
YUNESKO-nyň habaryna görä iň arassa suw Finlýandiýadadyr.  Süýji tebigy suwy öwrenmäge jemi 122 ýurt gatnaşdy.  Şol bir wagtyň özünde, dünýäde 1 milliard adam howpsuz suwdan asla elýeterli däl.

Ikinji hakykat: Gyzgyn suw has çalt buza owrülýär.

 Haýsy suw has çalt buzlyga öwrülýär: yssy ýa-da sowuk?   Gowy pikirlenýän bolsaň, elbetde sowuk.  Galyberse-de, yssy ilki sowamaly, soň bolsa doňmaly, ýöne sowuk sowatmagyň zerurlygy ýok.  Şeýle-de bolsa, synaglar buzuň has çalt öwrülýän gyzgyn suwdygyny görkezýär.

 Gyzgyn suw näme üçin sowuk suwdan has çalt doňýar diýen soraga takyk jogap henizem ýok.  Sowuklamagyň, bugarmagyň, buzuň emele gelmeginiň, konweksiýanyň ýa-da suwuklandyrylan gazlaryň gyzgyn we sowuk suwa täsiriniň tapawudy sebäpli bolup biler.

Rahat Myradow

45
170
dream_
03.12.2022 15:45
Hemmekişi rahatlyk berer. Käsi gelen wagty, käbiri bolsa giden wagty.

Elif Şafak

****

—Saña aýtjak syrym örän ýönekeý "Ýürek bilen duýanyñy gözüñ bilen görmersiñ".

"Kiçijek Şazada"

40
54
dream_
02.12.2022 09:51
Eger ýumurtgany daşardan uly güýç bilen ursañ ýaşaýyş tamamlanar, eger-de içerden bir güýç bilen ursañ ýaşaýyş başlanar. Uly özgerişler hemişe içerki dünýämizden başlanýar. Bagtyýar durmuşda ýaşamak isleýän bolsak, ilki bilen öz-özümizi özgertmekden başlamalydyrys.


Ibn Rüşd
43
95
dream_
01.12.2022 12:43
Has gowy iýmitlenýän eneleriñ süýdi düzümi we ýokumy taýdan has ýokary hilli bolaýjak ýaly. Emma dünýäniñ dürli ýerlerinde geçirilen barlaglar munuñ beýle däldigini görkezýär. Ýagny, baý bol ýa-da garyp bol, tapawudy ýok, ene süýdi hemmeler üçin deñdir.

ylymly.com
37
46
dream_
30.11.2022 09:42
Uruş Weteran döwründe köp adamlar ýaralanyp ejir çekipdirler. Sanjymlar dermanlar ýaralanan esgerlere ýetenok ekeni. We günlerde bir gün hem şeýle ýagdaý gaýtalanypdyr, bir esger ýaralanýar we palatka äkidýärler. Ol erbet ýaralanandygy sebäbi agyrysyna çydamaýar, şepagat uýasynyň hem edere sanjymy bolmaýar , diňeje esger oglanyn ýarasyny sarap goýýar. Ol ýaňky oglan şepagat uýasyna özüne sanjym(ukol) etmegi haýyş edýär, ýöne ol sesin çykarman durýar, ýaňky esger özüne sanjym etmegi üçin şepagat uýasyna ýalbarmana başlaýar. Ondan näme-de bolsa bir zat bermegini ýa-da bir zat etmegini isleýär. Şepagat uýasy ýaňky esgeriñ bolşyna gynanp näme etjegin bilmän şiprisi suwdan doldyrp, esgeriň eline sanjym edýär. Ol esger begenip şypagat uýasyna alkyş okap uklap galýar.

      Eger-de adam birzada ýürekden ynansa hökman şol zat bolýar, bul adamyñ nähili derejede ynanşyna, isleýşine bagly.
39
154
dream_
29.11.2022 10:19
Internet - aragatnaşyga we maglumata elýeterliligi üpjün edýän we durmuşymyzy aňsatlaşdyrýan ajaýyp guraldyr. Sosial ulgamlar aragatnaşyk üçin ajaýyp giňişlige öwrüldi, hem-de adamlara pikirlerini erkin beýan etmäge we beýlekiler bilen paýlaşmaga mümkinçilik berdi.

Ýöne käwagt internetde dürli kynçylyklar ýüze çykyp bilýär: sosial ulgamlarda ýazan, çap eden ýa-da repost eden hemme zatlaryňyz başgalara görünýär. Olaryň negatiw reaksiýasy durmuşyňyza, karýeraňyza we geljek üçin planlaryňyza oňaýsyz täsir ýetirip biler. Şonuň üçin emosiýaňyzyň täsiri bilen post döretmezden ýa-da kimdir biriniň ýazgysyny paýlaşmazdan ozal 10 gezek pikirlenmeli.

Netiketiň sosial ulgamlaryň ulanyjylaryny goramaga nähili kömek edýändigini bilelikde öwreneliň. Giň sanawa başlalyň:

 

"Netiket" näme?

Sosial mediýa edebi ýa-da internet etikasy (Iňl. InterNET + ETiquette = NETiquette) – gün-günden kämilleşýän, onlaýn hereketleri kadalaşdyrýan düzgünler toplumy. Oflaynda edepli boluşymyz ýaly, netiket mertebä, hormata we şahsy durmuşyň eldegirmesizligine gönükdirlen.

 

“Netikety” nädip durmuşa geçirmeli?

Twitter ulanyjysy netiketiň esasy düzgünini şeýle düşündirdi: "Internetde Dweýn"Skala"Jonsonyň ýüzüne aýdyp bilmejek zadyňyzy ýazmaň."

Sosial ulgamlarda aragatnaşygy nädip ýakymly, ygtybarly we peýdaly edip bolar:

• Başgalaryň hormatyny gazanmak üçin olara hormat goýmak möhümdir. Bu söhbetdeşlere we sizi yzarlaýanlara özlerini ähmiýetli duýmaga kömek edýär. Mysal üçin: “podpişşikler” däl-de, “gadyrly yzarlaýjylar”

• Sosial ulgamdaky adam bilen aragatnaşyk gaharly äheňe geçse, jogap bermäge howlukmaň. Dynç alyň, telefondan daşlaşyň, köşeşiň, soňundan ökünip biljek zadyňyzy aýtmazlyk üçin başga bir zada ünsüňizi sowuň.

• Esasanam diskussiýa mowzugy ýiti bolsa, hemmelere jogap bermek hökman däl. Pikirlerini dogry beýan edýän, ýöne başga bir pozisiýa eýeleýän birini saýlaň. Sizi gyzyklandyrýan meseläni onuň bilen (sypaýylyk bilen) ara alyp maslahatlaşyň. Beýleki ulanyjylar siziň gepleşikleriňizi görerler we özleri üçin peýdaly taparlar.

• Sosial mediany gahary bildirmek üçin ulanmaň. Iň bärkisi gaharly pursatda ulanmaň. Köşeşiň, pikiriňizi jemläň, ýazan pikiriňizde aýdyňlygyň we kemsidilmeleriň bardygyny-ýokdugyny barlaň (siz şol ulgamda banlanmagyňyz ahmal) we diňe şondan soň jogaby köpçülige post ediň.

• Spoýlerlerden daş duruň!

• Bir zat barada maglumat berýän bolsaňyz, çeşmesini görkeziň.

• Rugsadyňyz bolmasa, köpçülikleýin çärelerdäki adamlaryň suratlaryny paýlaşmaň. Rugsat soramak - bir minutdanam az wagt alýar: "*** ýerde bile düşen suratymyzy paýlaşmak mümkinmi?". Üstüňden arz şikaýat edilmezlik we halanan/baha berlen suratyň pozulmazlygy – iň gowy ýagdaý.

• Suratyňyza laýk basylanyna we başgalaryň paýlaşyp bermegine minnetdarlyk bildiriň.

• Teswir ýazanyňyzda gönümel boluň, mowzugy başga ýana çekmäň. Gürleşilýän temadan daşary gürleşilmeli mesele bar bolanlygynda – iň gowusy şahsy habarlaşylýan ýerden ýazyşyň. Belli bir postuň temasyny kommentariýalar bilen bulaşdyrmaň.

• Köpçülikleýin forumlarda we teswirlerde adamlar bilen ýazyşanyňyzda gyssagly netije çykarmaň. Onlaýn we oflaýn aragatnaşygyň arasynda tapawut bar.

• Internetde professional we şahsy durmuşyňyzyň arasynda araçäk saklaň. Iş profiliňizden, dükanyň ýa-da studiýanyň profilinden pişijeklere laýk (haladym/ýürek) goýup çykmaň. Başgaça, özüňize degişli bolan şahsy brendy onlaýnda kämilleşdirseňiz, onda islendik zada laýk (haladym/ýürek) goýup bilersiňiz, şeýle ýagdaýda iş profilyňyz şahsy durmuşyňyzyň bir bölegi bolup durýar.

• Durmuşda gabatlaşan ähli adamlaryňyzyň internetdäki profiline ýazylmak zerur däl. Onuň ýerine, size gyzykly bolan, habarlaşýan we aragatnaşyk saklamak isleýän adamlaryňyzy yzarlaň.

• Adamyň jynsynyň, gelip çykyşynyň, durmuş saýlawynyň we ş.m. esasynda tankytlamaň.

• Kimdir birini kemsitmek, oňa söwmek üçin anonim profil ulanmaň. Elmydama özüňiz bolup galyň, maska arkasynda gizlenmäň.

 

Gaharlandyryjy gylyk-häsiýet

Sosial ulgamlarda bloklanmazlygyňyz üçin şulary etmeli däl:

• Gereksiz postlarda, konkurslarda, ýaryşlarda ähli gabat gelen adamlary bellemäň.

• Günde 3 postdan köp we ýüzlerçe gysga storisleri paýlaşmaň. Kontentyň sanyna däl-de, hiline üns beriň. Şahsy gürrüňleri diňe şahsy habarlaşmada saklaň.

• Sosial media – pikirleriňi paýlaşyp bolýan ajaýyp ýer, emma durmuşyňyzyň her bir minudy barada ol ýerde gürrüň bermek gerek däl.

• Postlara has köp üns çekmek maksady bilen aşa köp heşteg ulanmak gerekli däl. 10-a çenli ýeterli.

• Kimdir birini kemsidiji postyň ýa-da suratyň aşagynda bir adamy bellik etmek – göwne degiji hereket.

• Öz-özüňi repost edip, gaýtalap durmak.

• Kimdir birini birugsat köpçülik çatyna ýa-da gruppasyna goşmak.

• Kimdir birini saňa podpiska bolmagy üçin yzarlamak, soňam ol adamdan otpiska bolmak.

• Awtoryny görkezmezden onuň awtor ýazgylaryny ogurlamak.

• ÝAZGYNY ULY HARPLAR bilen ýazmak, şeýle harplar kimdir birine gygyrýan ýaly duýguny berýär.

• Ýazgy post edilenden soň onuň tekstini üýtgedip, ilki başdaky manysyndan doly aýyrmak.

 

Gender duýgurlyk

Internetdäki gender rollary – wawwaly tema. Şu temada bir zady post etmezden, ýa-da başga biriniň postuny paýlaşmazdan ozal bu babatdaky öz pozisiýaňy kesgitlemek. Ýerliksiz belliklerden/özüňi alyp baryşdan we şol esasdaky ýakymsyz netijelerden gaça durmak üçin gender duýgurlygy zerur. Göniläp aýtsak, kabul ederli hereketleriň araçägini duýmak we bilmek zerur.

• Bir jedeliň jynsy esasdaky kemsidilmelerine getirmäge ýol bermäň.

• Gender belliklerine/stereotiplerine ýol bermäň.

• Eger zenana onlaýn giňişliginde erkegiň bolmagy oňaýsyz bolsa (ýa-da tersine), ony gününe goýuň.

• Sosial ulgamlarda aýalparaz/erkekparaz postlary öňe sürmäň, paýlaşmaň.

• Jemgyýetçilik ýa-da hususy bir çärä gatnaşýan bolsaňyz, paýlaşmaga rugsadyňyz bolmazdan adamlaryň suratlaryny sosial mediýada paýlaşmaň - bu şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi.

• Eger siz biriniň sahypasyna ýazylmaga rugsat soran bolsaňyz, garşydaky adam siziň haýyşyňyzy ret eden bolsa – gaýtadan ýazylmagy haýyş etmäň. Beýle hereket şol adamy yzarlajak bolýan ýaly duýgy döredýär.

 

Howpsyzlyk/Gizlinlik

Adamlar beýleki adamlar bilen habarlaşyp, dürli oýunlary oýnap, profillerine üýtgeşmeleri girizip we ş.m. bilen sosial mediýada köp wagt sarp edýärler. Şeýle-de bolsa, bu işiň erbet tarapy bar: howpsuzlyga üns bermezlik.

Howpsyzlyk we gizlinlik baradaky soraglar sosial ulgamlaryň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Hiç bir sosial ulgam ondaky bolup biljek meselelerden goralan däl. Yzarlanyş, şahsy maglumatlaryň ogurlanmagy, ýasama/galp suratlaryň ýaýradylmagy we sosial ulgamlar arkaly gorkuzmak/haýbat atmak ýaly dürli ýagdaýlar häli şindi bolup dur. Ýaşyna we jynsyna garamazdan her bir adam pidasy bolup bilýär.


 
Sosial mediada jenaýatçylykly hereketler

Adamyň sosial mediada jenaýatçydygyny ýa-da berlen sosial roluna kän bir gabat gelmeýändigini nädip tapawutlandyrmaly?

Jenaýatçylykly hereket - beýleki adamlara fiziki, psihologiki, maddy ýa-da sosial taýdan zyýan berip biljek hereketlerdir. Şeýle hereket diňe bir başgalara hakyky zyýan ýetirmek bilen çäklenmän, jenaýatçynyň jenaýat jogapkärçiligine çekilmegine hem sebäp bolup biler. Hatda kanuny bilmezlik hem jenaýata çekilmezlik üçin bahana däldir. Şonuň üçin, banlanmazlyk we (has erbedi) haýsydyr bir kanuny bozmazlyk üçin sosial mediany işjeň ulanmaga başlamazdan ozal onuň düzgünlerini öwrenmeli.

Töhmet atmak, şahsyýetiňi galp ýa-da başga biri edip görkezmek, paýyş sözleri ulanmak, zorluga öjükdirmek, azar bermek we şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi çynlakaý zyýan ýetirip biljek hereketler üçin jenaýat jogapkärçiligine çekilip bilner.

 

NETIJE

Sosial media biziň hakyky durmuşymyzyň dowamydyr. Şonuň üçin wirtual dünýäde hem gönüden-göni, dogry, sypaýy we oňyn gatnaşykda bolan adamlarymyz bilen gündelik durmuşdaky ýaly hereket etmegimiz gerek.
47
221
dream_
28.11.2022 11:32
• Soňky 60 ýylyň içinde sanjymlaryň netijesinde mama keseli düýbünden ýitirim boldy we poliomelit keseli bolsa ýitirim bolmaga ýakyn geldi.

• Sanjymlar her ýylda 2,5 milliondan gowrak ölümiň öňüni alýar.

• Täze we heniz ýeterlik ulanylmaýan sanjymlar halas edilen adamlaryň sanyny her ýylda 4 milliona çenli ýetirip biler.

• Käbir ene-atalaryň ynanýandygyna garamazdan, ylmy barlaglar heniz hem sanjymlar bilen autizmiň arasynda hiç hili baglanyşygy ýüze çykarmady.

• Sanjymlar «toparlaýyn immunitet» döredýär. Bu diýildigi, 90%-i sanjymlanan jemgyýetiň içinde ýaşaýan beýleki sanjym almadyk adamlaryň (allergiýaly, neslegeçiji kesellei we ş.m.) kesellemek howpy pesdir. Sebäbi töweregindäki sanjym alan adamlar kesellere garşy goragly bolýar.

• Sanjymlar 2000-nji ýyldan 2008-nji ýyl aralygynda dünýä boýunça gyzamykdan aradan çykmagyň derejesini 78% peseltmäge kömek etdi.

• Rotawirus we pnewmoniýa kesellerinden gorap bilýän sanjymlar bar. Bu iki keselden her ýylda bäş ýaşa çenli çagalaryň 3 milliondan gowragy aradan çykýar.

• CDC-niň habar berşi ýaly, 1988-nji ýylda gemofil taýajygy — Haemophilus influenza keseline garşy sanjymyň girizileninden bäri, bu kesel zerarly ýüze çykýan bakterial meningit bilen kesellemegiň derejesi 99% aşaklady. Bu bakteria köp sanly çaga ýokanç kesellerini, şol sanda meningit, bakteriemiýa, septiki artrit, pnewmoniýa, traheobronhit, orta otit, konýunktiwit, sinusit we ýiti apiglottit döredýär. Bu ýokançlar endokardit we peşew ýollarynyň ýokanjy ýaly uly adamlarda hem ýüze çykyp bilýär.

• 30 ýyl iş alnyp barlanyndan soňra, 2019-njy ýylyň aprelinde Afrikada ilkinji gezek gyzzyrma garşy sanjym peýdalanyldy. Kliniki synaglaryň dowamynda ýüze çykarylyşy ýaly, bu sanjym gyzzyrma keseliniň 10 ýagdaýdan 4-siniň, şol sanda jan üçin howply bolan gyzzyrmanyň agyr ýagdaýynyň 10-syndan 3-siniň öňüni alyp bilýär. Bäş ýaşa çenli çagalarda gyzzyrmanyň howpy has ýokarydyr. Tutuş dünýä boýunça gyzzyrma keselinden her ýylda 435 müň adam aradan çykýar, olaryň aglabasy çagalardyr.

• Sanjymlaryň ählisi şpris arkaly inýeksiýa edilip girizilmeýär. Käbir sanjymlar peroral ýagdaýda girizilýär — dermanyň birnäçe damjasy agza damdyrylýar; intranazal (ýa-da aerozol) — sanjymyň birnäçesi damjasy burna damdyrylýar ýa-da howa sepip ysgadylýar; deri içi we derasty ýagdaýda girizilýär. 

• Sanjymlar arkaly öňi alynýan keselleriň aglabasy ösen döwletlerde indi ýaýramaýar. Muňa garamazdan, eger-de sanjym alynmasy bes edilse, kesellänleriň sany tiz wagtda onlarça ýa-da ýüz müňlerçe görkezijä ýetip biler. 
38
53
dream_
27.11.2022 13:00
• Adamlar alty duýgynyň kömegi bilen töwerekdäki giňişlik hakda maglumat alýarlar. Olar: gulak, göz, deri, dil, burun we westibulýar apparat.

• Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragynyň görüş organlary bilen baglanyşykly keselleri bar.

• Artykmaç iýmitlenmek eşidişe ýaramaz täsir edýär.

• Adamlar gaty iýmitiň tagamyny diňe tüýkülik bilen täsir eden soň duýýarlar.

• Dünýä ilatynyň 2% iniň ys alyş synasy ösmedik.

• Adam bir zady eşitmek islese sag gulagyny sesiň çeşmesine geçirýär, hatda iki gulagy deň eşidýänem bolsa.

• Ys almak duýgusyny ýitiren adamlar jynsy isleglerini hem ýitirýärler.

• Mawy gözli adamlaryň hemmesi, takmynan, 6000 ýyl ozal bedeninde üýtgän gen dörän şol bir ata-babadan gelip çykypdyr.

• Adamyň gözi 10 million ýyla çenli reňk saýgaryp bilýär.

• Adam beýnisiniň maglumatlary gaýtadan işlemek ukuby örän ýokarydyr. Şonuň üçin adamlaryň belli bir pursatda duýýan zatlarynyň hemmesi, aslynda, durmuşynyň öňki pursatyna degişlidir.

• Adamyň gözüniň retinasy dünýäni tersine görýär, soňra beýni ony tersine öwrüp şekillendirýär.

• Düşünjeli ýaşda görejini ýitiren adamlar ukusynda dünýäni görmegi dowam etdirýärler. Doglan wagtyndan kör bolan adamlar umuman düýş görmeýärler.

• Täze doglan bäbekler, takmynan, 40 sm aralykdaky zatlary tapawutlandyrýarlar.

• Gara gözli adamlaryň köpüsi Türkiýe we Portugaliýada ýaşaýarlar.

• Statistiki hasaplamalara görä, ortaça aýallar bir ýylda 50 gezek, erkek adamlar bolsa 7 gezek aglaýarlar.

• Pagta çigidiniň nädogry peýdalanylmagy sebäpli her ýylda 300 müňden gowrak adam eşdişini ýitirýär.

• Gök gözli adamlar goňur gözli adamlara seredende, garaňkyda gowy görýärler.

• Tagam bilmek ukuby çagada dogulmazdan öň emele gelip başlaýar.

• Adamyň dili 5000 tagamy duýup bilýär.

Toplan Amangül SEÝITMUHAMMEDOWA
38
164