dream_
dream_
15.12.2022 12:41
Adamyñ iñ gowy dosty ejesidir. Ol hiç wagt görüplik etmez, erbet zady dilemez. Onuñ gözlerinde mydama çagasyna bolan söýgi we ynam bardyr.
dream_
dream_
14.12.2022 18:30
Kä bir adamy ýakyndan tanasañ gowy, Kä birsini uzakdan tanasañ gowy, Kä birini hiç tanamadygyñ gowy...
dream_
13.12.2022 19:34
• Samyrlar uka gidende el tutuşyp ýatýan ýeke-täk haýwandyrlar.

• Gaýgysyz Atabaýew. Ol Türkmenistany ilkinji bolup pasport bilen üpjün eden adam, hem-de ol Daşoguz we Lebap welaýatynyñ kartasyny çyzan adam.

• Günden ýere gelýän şöhle, Dünýäni 27 ýyllyk energiýa bilen üpjün edýär.

• Öýlere nomer goýmak ilkinji Londonda 18-nji asyrda oýlanyp tapyldy. Oña çenli bolsa öý, öýüñ eýesiniñ ady bilen atlandyrylan.

• Mirket- bu haýwanyñ boýy 24-30 sm bolup, olar 12-14 ýyl ýaşaýarlar. Olaryñ täsin tarapynyñ biri, olar öz söýýän kişisini başga biri bilen görse gynanjyndan ölýärler.

• Bu surat Russiýadaky bir ruhy keselhana. Ol ulanyşdan galan emma şonda-da onuñ 8-nji gatynda ep-esli wagtdan bäri çyra ýanyp durýar.

@funfacts
28
291
dream_
dream_
12.12.2022 20:50
Durmuşyñda näme bolsa bolsun, pozup täzeden başlap bilersiñ.
dream_
dream_
12.12.2022 10:13
Bitaraplyk binasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýädigärlikdir. Bitarap Türkmenistan şaýolunyň gutarýan ýerinde, daş-töweregini ýaşyl ýaýlalar gurşap alan giň giden meýdanda gurlan, alyslardan lowurdan
dream_
11.12.2022 10:34
Islän kişiniñ düýşüne girmek barada näme pikir etýäñiz ? Belki siziñ gowy görýäniñiz bolup biler ýada tersleşen tanyşyñ bolup biler ýagny islän kişiniñ düýşüne girer ýaly ýerine ýetirmeli düzgünler bar. Bu düzgün sut edilendir ençeme adam şu ýol bilen islän kişisiniñ düýşüne girmäni başarypdyr we garşydaşyna soranda olam gördügini aýdandyr. Munuñ bir gowy tarapy isleýän adamyña isleýşiñ ýaly görnüp ýada islän zadyñy diýip bolýar. Nädipmi ? Geliñ onda etmeli zatlary bileliñ. Bu düzgünde diñe duýmany başarsyñyz boldy. Ünsli okañ.
Eger düýşüne girjegiñiz adam bilen ýakyn bolsañyz we oñ bilen gowy gürleşýän bolsañyz düýşüne girmek has añsat düşer. Ondada ruhdan düşmäñ bu işi gowy ýerine ýetirseñiz boldy.
Ilki bilen düýşüne girmek isleýän adamyñ ýatýan wagtyny biliñ. Ýagny agşam 2 de 3 de ýatandyr. Soñ bedeniñizi rahatladyñ we rahat bir ýere ýatyñ. Esasy ýadow däl gaýgysyz aladasyz bolsañyz gowy bolar. Rahat boluñ gaty rahat bolmalydyr bu iñ gerekli zatdyr rahat boluñ we hemme gaýgylaryñyzy hemme aladalaryñyzy kelläñizden çykaryñ hiç zat ýok ýaly boluñ diñe hemme pikiriñizi hemme güýjüñizi etýän işiñize beriñ. Rahat bolmasañ kelläñde aladañ bar bolsa ýada başga zatlar pikir etýän bolsañ bu hijem başa barmaz. Esasy zat rahat gaýgysyz bolmak. Ýatañyzda aýagñyz eliñiz gaty rahat dursun. Daş töweregiñde ünsüñi bozjak zat bolmasyn ýagny ýanyñda bir adam ýada sesli bir zat bolmasyn. Sessiz ýerde ediñ sähel ses bolsa bary ünsüñiz gider. Şo sebäpli köp adam bu düzgüni agşam hiç kim ýokka etýär. Düýşüne girjek adamyñyzy saýlañ.
Bedeniñizi polny gowşadyñ ýagny bedeniñizi duýmaýan ýaly gaty gowşadyñ aýagyñyzy eliñizi düýbünde gowşatmalysyñyz bedeniñizi rahat goýberiñ hemme myşsalaryñyzy goýberiñ endamyñyzy hiç duýmaýan ýaly gowşatmagyñyz gerek. Rahat bolduñyz aladyñyz ýok bedeniñizem polny gowşadan bolsañyz 20 gezek rahat we asuda dem alyñ. Ýagny 20 gezek dem alyp goýberiñ.
Ýene bir zat eger özüñe ynamyñ bolmasa edeniñ peýdasy ýokdyr özüñüze gaty ynamyñyz bolsun özüñüzi etýän zadyñyza ynandyrmagyñyz gerek. Şonuñ düýşüne girjegiñe ynanyp et.
Eger has duýguly adam bolsañyz gaty gowy bolar sebäbi iñ gerek bolan zat duýup bilmek duýgularyñ birem ynamyñ bilen başarýañ sen şo zady. Iñ esasy gerek bolan zat şudyr duýup bilmek.
Indi has berjaý etmeli ýere gelýäs. Hemme zada taýyn bolsañyz 20 gezek dem alan bolsañyz düýşüne girmek isleýän adamyñyzyñ 3 nji gözi diýip atlandyrylýan ( Mañlaýyñ sähel ýokarsynda 2 barmak bolup biler ) ýerden adamyñ içine girjek boluñ. 3 nji gözünden gireniñi pikir et duýmany başar sen şo adamyñ 3 nji gözünden girdiñ we şony gowy duýmany pikir etmäni başaryñ 3 nji gözünden girýäniñizi pikir ediñ we muña ynanmagyñyz gerek. Boldy şu ýerini geçseñ galan ýeri añsat. Soñ sen şo adamyñ düýşünde ýaly pikir et 3 nji gözden gireniñden soñ sen şo adamyñ düýşündemişiñ ýaly gowy duý pikir et we özüni ynandyr. Sen şo adamyñ düýşündedigiñe ynanmaly. Galan zady öz islegiñe bagly soñ sen nähili geýinseñ näme diýjek bolsañ şony duýmany başarsañ boldy ony öz kelläñizde edersiñiz diýjek zatlaryñyzy 3 nji gözden gireniñden soñ diýiberiñ ýagny diýýän ýaly pikir ediñ. Etýän zadyña ynanmagyñ gerek. Bolmaz diýseñ bolmaýar. Geýimiñi saçyñy oñ eşigni daş töwregiñizi öz kelläñizde pikir ediñ we duýuñ. Diýjek zatlaryñyzy arkaýyn diýiberiñ. Ýöne hemme ünsüñizi şoña beriñ.
Eger başa barmasa we özüñüze ynanmadyk bolsañyz ruhdan düşmäñ we 1 2 gezek ýene ediñ ýagny bir gezekde goýmañ ýene 1 2 gezek synanyşyñ. Eger ynansañyz hökman bolar. Ýöne başda düýşüne girjek adamyñ "Señ şu gün düýşüñe girjek" diýmäñ beýtseñiz agşam şo diyen zadyñyz ýadyñyza düşer we bimaza eder.
48
198
dream_
10.12.2022 11:10
Stress – bu diňe bir basyş ýa-da oňaýsyzlyk duýgusy däl. Ol biziň beýnimiz tarapyndan başladylýan, biziň aňymyzdan aýlanyp geçýän, bedendäki reaksiýanyň çylşyrymly zynjyrydyr.

Käbir stressli ýagdaýlarda biz doňup galýarys we gymyldap bilmeýäris. Käbir ýagdaýlarda bolsa biziň içimiz energiýadan we gahardan doly bolýar.

Näme üçin beýle bolýar we muny üýtgedip bolýarmy?

 

“Ur ýa-da gaç” reaksiýa

Stresse garşy iki görnüşli reaksiýany belleýärler: giperkinetik we gipokinetik.

Giperkinetik reaksiýa – hut “ur ýa-da gaç” reaksiýasy. Howply ýagdaýa garşy siziň bedeniňiz energiýadan “ýarylýar”.

“Ur ýa-da gaç” reaksiýasy howply, ýagny gaçmaly ýa-da howp bilen göreşmeli görünen ýagdaýa beýnimiziň berýän reaksiýasy.

Beýni şeýle halatda biziň islegimize laýyk hereket etmän bilýär. Sekundyň bir böleginde müňlerçe faktorlary: gurşaýan töwerek, siziň fiziki ýagdaýyňyzy, daş keşbiňizi we “duşmanyň” mümkinçiliklerini seljerýär.

Ýöne beýle reaksiýanyň düýbi bir: HEREKET ET. Gymylda ýa-da sen ölersiň.

Şol sekundyň içinde siziň bedeniňizde aşakdakylar bolup geçýär:

• Beýni bedene adrenalin we kortizol bölüp çykarýar, bu ýagdaý siziň bedeniňiziň maksimum işlemegine getirýär

• Adrenalin siziň myşsaňyzy goşmaça gan bilen doldurýar

• Ol ganyň ählisini bedende aýlamak üçin siziň ýüregiňiz çalt işläp başlaýar, siziň ýürek uruşyňyz tizleşýär

• Ýürek uruşyň tizleşmegi netijesinde damarlardaky basyş ýokarlanýar

• Bu prosesi bütinleýin kislorod bilen üpjün etmek üçin siz ýygy-ýygydan dem almaly hem bolýaňyz

“Ur ýa-da gaç” döwründe hatda göreç hem üýtgeýär –ol tunel şekilli bolýar. Bu diýmek siz diňe howply obýektde ünsüňizi jemleýärsiňiz, töwerekdäki hiç bir zada üns bermeýärsiňiz. Ol pursatda şol sekuntda siziň ömrüňizi halas etmek prosesinde rol oýnamaýan bedenäki ähli organlaryň işi togtaýar: iýmit siňdiriş we reproduktiw ulgamlaryň, immun ulgamyň, boýuňyzyň ösmegi we kletkalaryň gaýtadan dikeldilmek prosesleri. Bedeniň şol pursatdaky esasy maksady diri galmak.

Mundan başga-da, howp ömrüňize ýa-da abadançylygyňyza göniden-göni şu pursatda howp salýan bolup biler – köçede size garşy göni gelýän awtomobil, ýoldaky agressiw mähelle ýa-da gaharly mugallym; ýa-da biziň howp hökmünde kabul etmeýän zadymyz – ekzamen, söýgi duşuşygy ýa-da biriniň jaň etmegi.

Ýogsa-da, gykylyk we göz ýaşlar – “ur ýa-da gaç” reaksiýanyň bir görnüşi.

“Doň” reaksiýasy

Gipokinetiki reaksiýa – “doň, özüňi jeset ýaly görün” reaksiýasy. Bu reaksiýa beýniňiziň siziň hereket edip bilmejekdigiňize karar berende döreýär: howp juda ýakyn, siz fiziki ol howpy ýeňmäne başarmajagyňyzda we müňlerçe şuňa meňzeş sebäplerde. Siz bu ýagdaýda karar bermek işine hiç hili täsir edip bilmersiňiz, bu siziň aňyňyzdan daş bolýar. Siz diňe netijelerini duýup bilersiňiz.

“Doň” reaksiýasynyň netijeleri bolsa aşakdakylar bolup biler:

• Howp siziň daşyňyzdan aýlanyp geçer umydy bilen, ölendigiňizi karar berip,  beýniňiz ähli ulgamlary öçürýär (hatda size howp salýan şeýle bir ýyrtyjy däl hem bolsa)

• Ýürek uruş ýygylygy peselýär

• Aýaklardan we ellerden gan yzyna gaýtýar

• Ähli ulgamlar doňýar

• Beýni bedeni we aňy bolup biljek şikeslere taýýarlaýar

• Gana ýörite serişdeler bölünip çykýar – opioidler (täsiri bilen käbir narkotiki serişdelerine meňzeş), olar rahatlandyryjy bolup, agyryny aýyryp, ýagdaýdan daş ýaly duýmaga ýardam berýär. Bolup geçýän wakalar siziň bilen bolup geçmeýän ýaly duýgy döreýär.

Beýni howpy özbaşdak ýeňip bilmejekdigine karar bereninde bedeni “doňdurýar”.  Gorky, agyry we/ýa-da duýgular bizi bütinleý gurşap alanda we çydap bolmajak ýagdaýa geleninde hut şu ýagdaýy başdan geçirýäris.

Biz bu reaksiýa täsir edip bilersmi?

Ýok. Biz bu reaksiýanyň başlangyjyny gözegçilik edip bilmeýäris. Biziň beýnimiz millionlarça faktorlary seljerip, bölünen sekuntda karar berýär. Bu aslynda erbet däl, sebäbi beýnimiziň esasy maksady – biziň ömrümizi islendik ýol bilen halas etmek.

 

A biz näme edip bileris?

Aň-düşünjämizi gysga wagtyň içinde işletmek. Bu rasional pikirlenmäni we howpdan halas bolmagyň tiz ýollary gözlemegi diňe bir aňyň özüne goýman, türgenleşdirip bolýandygyny aňladýar.

Mysal üçin, synaglarda ýa-da çylşyrymly barlag işlerde adamlar gaçmak ýa-da göreşmek ýaly isleglerden özlerini saklap, doňup oturmaly däldigini özlerine ýatladýarlar.

Ýöne bu diýmek erk bilen stress reaksiýasyny bes etdirmek mümkindigini aňlatmaýar. Reaksiýa bes etmeýär. Ol siziň bedeniňizde tamamlanýança dowam edýär.

 

Stress-reaksiýany näme üçin tamamlamaly?

Sebäbi bedeniňiz adrenalinden we kortizoldan ýa-da opioidlerden doly. Olar öz gezeginde bedene ýük berýär we beden ulgamynda bozulmalara getirip bilýär. Olary hökmany ýagdaýda bedenden çykarmaly.

 

Stress reaksiýany nädip tamamlamaly?

Iki reaksiýa görnüşi hem gymyldy-hereket bilen tamamlap bolýar. Sport, tans, gezelenç, sallançakda uçmak, skeýtde aýlanmak, ýokardan aşak typmak, ylgamak, saz bilen sazlaşykly bökmek...islendik hereket hem kömek edip bilýär.

Sebäbi siziň ganyňyzdaky himiki birleşmeler “talaba görä ulanylýar” we “ýanýar”. Siz beýniňiziň diýenini diňledigiňiz bolýar – siz özüňizi halas etdiňiz. Size howp abananok. Indi “doňup” galmaga ýa-da “daş ýerlere gaçmaga” sebäp ýok.

Köpler bu ýagdaýy “dutaryň tary üzülen ýaly”, “boşluk”, “ýeňillik gelen ýaly” diýip suratlandyrýarlar.

Şeýle bolanyndan soň käbirler aglaýar, käbirleri gülýär, käbirleri bolsa asudalyk bilen töweregine seredýär. Beýni bedendäki gana endorfin goşýar. Siz halas bolduňyz!

NETIJE

Üns beriň! Bedene berilýän yzygiderli fiziki agramyň bedeni berkidýänliginden tapawutlylykda, psihika yzygiderli agram bermek ony berkitmeýär. Stressy ýeňip geçmek üçin psihikanyň resursy (çeşmesi) bolmaly. Çeşmäniň gözbaşy bolsa asudalyk we ynam.

Stress – biziň durmuşymyzyň hemişelik bölegi. Ony jemlemek bolsa – ýok. Şonuň üçin stress reaksiýany jemlemegi öwreniň, şeýlelikde siz sagdyn bolarsyňyz.
38
60
dream_
09.12.2022 13:07
• Şampun soñky 125 ýylyñ içinde ýaýbañlaşdy. Öñler şampuny 6 hepdede 1 gezek ulanypdyrlar.

• 1800-nji ýyllaryñ ahyrlarynda şampuny tuwaletleri, aşhana esbaplaryny hat-da dişleri ýuwmak üçin hem ulanypdyrlar. 1882-nji ýyldaky bir şampun markasynyñ şygary( slogan) "Her hili tämizlik üçin sabyn" bolupdyr.

• Hazirki şampunlardan tapawutlylykda, saçlary ýag görkezýän şampunlar bardy.

• 1908-nji ýylda New York-yñ belli gazetleriniñ birinde 6 hepdede 1 gezek dälde, 2 hepdede 1 gezek yuwunmagyñ gerekdigini we şol aralyk amatly ýygylykdygy belläp geçdiler.

• Ýuwunmagyñ meşhur bolmadyk döwürlerinde, şa aýaly Elizabeth I zerur bolmasa aýda 1 gezek ýuwunýandygyny buýsanç bilen aýdypdyr.

• Hünärmenleriñ aýdyşlaryna görä, iñ amatlysy hepdede 1 ýa-da 2 gezek şampunlanmak.

• Kosmonawtlar kosmosda yuwunmak üçin suw gerek bolmadyk ýörite şampunlary ulanýarlar.

• Ýaponýada şepagat uýalarynyñ we ýarawsyz adamlara seretýänleriñ işlerini añsatlaşdyrmak üçin saç şampunlaýan ýörite robot ýadadylar.

• Şol bir markadaky şampunlaryñ täsiri ýurtdan ýurda üýtgap biler, çünki her ýurtda suwuñ hili dürlüdir.

• Şampunlar ýag tegmillerini aýyrmak üçin has amatlydyr.
45
241
dream_
08.12.2022 12:38
Iki sany ýagşy gylykly adam duşuşanda özleri duýmasalar-da, olaryñ arasynda dostluk peýda bolar.
***
Käbir adamlar ýalñyşlary bilen ýüzleşseler, käbirleri ýalñyşlary bilen ýüzsüzleşer...
***
Arzuwlary bolanlar däl, arzuwlary ölenler ýatyp bilmez.
***
Käbiriniñ kellesi bar beýnisi ýok, beýnisi bar pikiri ýok, pikiri bar, manysy ýok...
***
Iñ arassa we şadýyan gözler çagañkydyr. Ol gözlerde gahar-gazap, gussa ýok.
43
94
dream_
07.12.2022 18:58
• Düşünjeleriñ sözleýişiñe, sözleýişiñ hereketleriñe, hereketleriñ geljegiñe ýañzar. Gözel pikirlen, gözel ýaşa! (JELALDDIN RUMY)

• Özgelere höküm edip bilýän kişi güýçli, özüne höküm edip bilýän kişi bolsa mertdir. (LAO TZY)

• Sözüñ ähmiýeti sözleýäniñ dogry usul bilen sözlemegine we diñleýäniñ hem bu sözden peýdalanyp bilşine baglydyr. (ARISTOTEL)
43
77