• Şampun soñky 125 ýylyñ içinde ýaýbañlaşdy. Öñler şampuny 6 hepdede 1 gezek ulanypdyrlar.
• 1800-nji ýyllaryñ ahyrlarynda şampuny tuwaletleri, aşhana esbaplaryny hat-da dişleri ýuwmak üçin hem ulanypdyrlar. 1882-nji ýyldaky bir şampun markasynyñ şygary( slogan) "Her hili tämizlik üçin sabyn" bolupdyr.
• Hazirki şampunlardan tapawutlylykda, saçlary ýag görkezýän şampunlar bardy.
• 1908-nji ýylda New York-yñ belli gazetleriniñ birinde 6 hepdede 1 gezek dälde, 2 hepdede 1 gezek yuwunmagyñ gerekdigini we şol aralyk amatly ýygylykdygy belläp geçdiler.
• Ýuwunmagyñ meşhur bolmadyk döwürlerinde, şa aýaly Elizabeth I zerur bolmasa aýda 1 gezek ýuwunýandygyny buýsanç bilen aýdypdyr.
• Hünärmenleriñ aýdyşlaryna görä, iñ amatlysy hepdede 1 ýa-da 2 gezek şampunlanmak.
• Kosmonawtlar kosmosda yuwunmak üçin suw gerek bolmadyk ýörite şampunlary ulanýarlar.
• Ýaponýada şepagat uýalarynyñ we ýarawsyz adamlara seretýänleriñ işlerini añsatlaşdyrmak üçin saç şampunlaýan ýörite robot ýadadylar.
• Şol bir markadaky şampunlaryñ täsiri ýurtdan ýurda üýtgap biler, çünki her ýurtda suwuñ hili dürlüdir.
• Şampunlar ýag tegmillerini aýyrmak üçin has amatlydyr.